Islam_Atayew
04.05.2024 00:39
Ýandagyň güli, tikeni, kökem adam üçin
derman. Ýöne ol ekiniň içinde gögerse
adamlar ony köki-damary bilen aýyrmaga
howlugýarlar.

***


Süýji iýip dişini agyrdan kişiniň, ajy bilen
dişini bejerdişinde many köp.


***


Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň
agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini
unutdy.


***


Ner ýüküniň üstüne öz gaňñasynyň
atylanyny gören eşek: «Indi-hä,
maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran
bolupdyr.


***



Awuny şire aldyran böri açlykdan zeýrenmez.


***


Gül gurandan soň onuň baldagyndaky
tikenleri has berdaşly görünýär.


***


Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä
süýji berdiler.


***


Gamşa saz etdirip bilýän bagşa sungatyň
nämedigini düşündirjek bolmagyň geregi
barmyka?!


* * *


Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy
bolmaga çemeli.


***


Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy
durmuşyň iň gowy fîlosofiýasyny özünde
jemleýär.


***


Pişigiň doklugyny syçana ynandyryp
bolmaz.


***


Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş
daşymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup
otyr.


***

Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara
tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli,
garaljak bolup garalybam bilmändirdä»
diýip wyzzyldapdyr.


***


Şärikli şamlyk şagallaryň ogurlygynyň
üstüni açdy.


***


Aýy dostlugyna ynanan garynja bilen
piliň gaty bir tapawudam ýok ýaly.

***


Leýlisaç dik össe beýle owadan bolmasa-da bolmazdy.

***


Gaty peslän bürgüde garga-da haýbat atar
eken.


***


Eşege düýe ýüküni urup, «Hany, indem
bir eşekligiňi et-dä, göreli» diýip güldüler.


Çary Kulyýew.
22
57
hanakga
4 May 2024
👍
awgust
4 May 2024
👍
2106
4 May 2024
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.