Islam_Atayew
06.05.2024 23:02
Daş çyksam stolumy biri eýelär öýdüp, ol gabyz keselinden pahyr bolupdyr.

***

Onuň goşgusynyň ýekeje ýetmezi bardy, olam düşnükliligidi.

***

- Sakaldaş, näçe ýaşadyň?
«Ata, sen bir dymsana» diýlen ýaşa-ha ýetdim.

***

Ol iliň tersinedi, onuň sabyr käsesi dolanynda gaýtam oňa zat guýmalydy. Olam arakdy.

***

Öňki başlyga «zat okanok» diýip dil ýetirerdiler. Ol takal okaýardy ahyry.

***

Naharhanamyzyň müdiri bäş ýylda üç gezek maşynyny üýtgetdi. Emma menýu üýtgänok.

***

Aýakgap fabriginiň pes hilli önüm öndürmegi, aýakgap remonty ussahanasyna göçme gyzyl Baýdak getirdi.

***

Käbir adam holodilnik ýaly bir zat, erbet häsiýetini üýtgetmän saklap bilýär.

***

Onuň goýundan tapawudy possunynyň tüýli
tarapynyň içinneligindedi.

***

Olar diş-dyrnak bolşup, özlerine köşk ýaly ymarat gurundylar. (Adamsy diş tehnikdi, aýaly iliň dyrnagyny reňkleýärdi).

***

Ol ilden ýüz görmese-de, ýüz elli-hä görerdi.

***

Ol hemişe «Külüňi çykaryn!» diýip käýinerdi. Diýen sözüni gögertmek üçin bolsa, eli bedreli kül atardy.

***

«Eşek semrese eýesini deper». A eýesi semrese kimi deperkä?!

***

«Ajyň aňy bolmaz». Bolsa-da doýansoň üýtgär.

***

«Mesligi goýun götär, onda-da gara goýun». Gara goýnuňam fermada bakylýany.

***

Alym bolmak aňsat, ýuwmak kyn.

***

Ýeri sary öküz göterýän bolsa, ol Günüň daşyndan däl-de, sygyrlaryň daşyndan aýlanardy.

***

- Maşynyň gaz alşy neneň?
- Düz ýer bolsa keýig-ä alýar.

***

Ol naçalnigiň ody bilen girip, küli bilen çykjakdy. Emma naçalnigiň öýi bug bilen gyzýardy.

***

Radio oýlanyp tapylmadyk bolsa, käbir bagşysumagy diñe sesiniň ýetýän ýeri ýigrenerdi.

***

Ol garawulam bolsa ýokary wezipä ymtylýardy. Gije başlygyň kabinetinde uklardy.

***

Ol aýaly garradýan zat gündiz adamsynyň iňñirdisi, gijesine-de horruldysy.

***

- Aýalym meniň bilen aýrylyşmak üçin suda arza berdi.
- Sen razymyň?
- Wah, hawa-la, menem arza berdim.
Beýle aňsat ylalaşyp bilýän bolsañyz ýaşaşybermeli ekeniňiz-dä.

***

- Aýalyň bilen sögüşýäňmi?
- Geplemän oňup bolmaz ahyry.

***

Troleýbusa 4 köpük tölemejek bolup, ol kontýolýor geleninde, gyssanjyna 5 manadyny komposter etdi.

***

"Kalbymyň mawy ekranynda diňe sen görünýäň» (Diktoryň söýgülisine ýazan hatyndan).

***

- «Ondan gyşda gar alyp bolýarmy?» diýşip, maña töhmet atýarlar. Ýalan. Her ýyl gyş jaýymyň üçegindäki gary goňşularymyň howlusyna tarap süpürýän-ä.

***

Garrylygy boýun alýarmyň?
- Ýok, özi boýnuma münýär.



Toplan: Gurbangylyç HYDYROW.
29
272
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.