Islam_Atayew
07.05.2024 23:27
Maksadyna ýeten tilki, armanly arlaýan
şiriň dişi agyrýandyr öýtdi.

***

Solan güle gonan bilbile garga-da ses goşar eken.

***

Yzçyny aldandyryn öýden tillki, awçynyň
üstünden bardy.

***

Awy oňan syçançy, bady gaýdan bürgüde
ýylgyran bolýar.

***

Bazardan gaýdyp öwrenen geçiniň eýesiniň
guşagyndaky gezligem gözüne ilmedi.

***

Ammarda ýaşaýan syçan gyşa azyk
ýygnasa geň görmäň.

***

Bilýäniň köpeldigiçe takadyň azalýar.

***

Arabaly awlanan towşanyň armanyna
ynanmasaň-da bolar.

***

Egri ösen agajy miwesinden tanap
bilýän bagbana, aperin.

***

Nyşana gelen bürgüt garganyň gagyldysyna
baş galdyrmadygyna puşman edibem ýetişmedi.

***

Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin
atylandyr öýtdi.

***

Eşege ýüklenip getirilen ýorunjany sygyra
döküp, eşege ýandak atýas.

***

Irkilen çopany hemmeden öň geçi
görermiş.

***

Akmagy tanamaýanyň özi akmakdyr
welin, tanabam gaçmaýana näme baha
berersiň?!


© Çary KULYÝEW,
34
73
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.