Islam_Atayew
04.05.2024 16:40
Işe gelenimde eýýäm sagat 08:39-dy. Sebäbi gijräk turdum. Onuňam sebäbi öňkülerden giç ýatdym. Oňa-da Çingiz Aýtmatow sebäp boldy. «Kassandranyň tagmasyny» okamagym onuň hem asyl sebäbi, gije 2-ä çenli eseriň deň ýaryna golaýyny okadym. Soñam oýanyp, uklap, mazaly ýatyp bilmedim. Her hili düýşler... Dünýäniň dürli künjegi... Eserler, kitaplar.
Gije 5-iň ýarynda daşary çykdym. Krowatyň üstünde oturyp, ýokaryňa seretseň, bag, onuňam aňyrsynda tok wyşkasy, onuň depesinde-de Aý görünýä. Ýyldyzlaram bar, elbetde. Ýörite yzyma girip, telefonymy alyp
çykdym-da, bu görnüşi surata düşürdim.
Täsin surat boldy. Gyş ukusyna giden
şahalar... Gyş diýip, şol pursad-a gyşam
däldi. Ýa dolan Aý ýylydýarmyka dünýäni?
Ýa meni ýatyrmadyk düýp sebäp dolan
Aýmyka?! Ýöne kitabam gowy eken. Dowamynyň nähili okaljagyny-ha bilemok. Düýn-ã okap oturan birnäçe kitabymyň ählisini bir gyra süýşürtdi. Kitap görnüşini tapyp, eliňe alyp okaýsaň ony. Häzir telefonymda okaýan. Bu gün maý bolsa, çynym bilen okasam, ony soňlaryn. Emma gyzykly kitap okaýarkaň onuň tiz soňlanaryny hem isläp baraňok. Dowam edip gidip otursa-da... Aý ýöne islendik zadyňam ahyry bar-da. Kitabyňam. Gijäniňem. Aýam ony gündizlige öwräýjek boldy öýdýän öten gije-hä.
...Gargalaryňam köpüsi daga gidip, yzyna
köwlenmedi öýdýän. Selçeňräk görünýärler şu günler-ä. Ýa hut uçup geçýän uçardan ýadyrgaýýarlarmyka?! Oňküler ýaly köpem-å uçanok olar. Düşürdim diýýän suratymda gury şahada bir garga-da oturan bolsa, gowy surat bolardy. Öňler ol gijelerine şol bagyň üstünde oturýardy. Soň-soňlar şol ýalñyz garga gürüm jürüm boldy. Ol barada öň ýazypdym. 200 ýaşasañam, ahyry bir gün «gürüm-jürüm» bolmaly-da. Baky gelen ýaly. gomalyp ýöreniňden peýda ýok. Bakydyryn öýdýänleriň hem aglabasy, megerem, ene garnyna düşeninden Kassandranyň tagmasy bolup duýlanlardyr. Soň olar dünýä özleriniňkidir öýdüp başlaýarlar. Baky gelendiklerine-de güp ynanýarlar.
Özleriniň ýalanlaryna imrinýärler. Soňam
bir gün şol garga ýaly, ýitirim bolýarlar.
Ýazan-döreden zatlary hem yzlary bilen
gaýyp bolýar. Ýazjagam bolsaň, hiç
bolmanda, bir adamy ukyny gyra süýşürip,
okamaga mejbur edip biljek, oýlandyrjak
zat ýazmaga çytraşmaly. Çyrşamalara
aldanmaly däl. Ýöne meniň özüm üçin edil şunuň ýaly çyrşamalar welin gerek. Bu meniň ertirki (irdenki) ruhy maşkym! Bu günki maşkyma dahylly bolanlygy üçin Kassandra tagmaly garga-da menden öýke etmez-dä hernä..


© Orazmyrat MYRADOW
34
105
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.