Islam_Atayew
02.06.2024 02:41
📌ONUŃ NÄME GÜNÄSI BARKA?

Bir parkyň direktory, Marko Dzordzi bir ýarym million jerime töleýär we türmä düşýär. Onuň näme günäsi barka? Marko Dzordziniň özüni ýuwaş ylalaşykly alyp barmagy netijesinde, şol parkyň ne gözel ýodasy maşynlaryň gatnaw ýoluna öwrülip
gidipdir. Günäkär hökmünde şäheriň häkimi suduň öňünde kellesini ýalaňaçlamaly edildi.


📌ALYŞ-ÇALYŞ SÖWDASY

Primorskiniň ýaşaýjysy Alena Frolowa özüniň bir aýlyk çagasyny jinsiden edilen ýuka hem-de kosmetiki zatlara çalyşdy. Ýöne ony munuň üçin sud edip bolmaz. Sebäbi Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat
kodeksinde şu ugurdan hiç hili madda ýok.

📌MILLIONER BOLMAK HEZIL-OW...

Günorta afrikaly millioner Ul Henning Aswihens atly adama äre çykmaga isleg bildiren gyzlaryň sany gysga wagtda otuz ikä ýetäýipdir. Angliýaly, günorta Afrikaly, täze Zelandiýaly, Saud Arabystanly gyzlaryň
Aswihensiň ýaşy bilen gyzyklanmazlygy birneme geň görerlikdir. Ol 88 ýaşynda.
Özüne ýurt eýesini dogrup berjek aýal bilen
nikalaşmak niýetiniň bardygy hakynda bildirişi ol dürli ýurtlaryň metbugatynda çap etdiripdi. Özüniň geljekki aýalyna ol gowy durmuşdan başga-da, boljak her bir çaga üçin baýrak berjekdigini habar berdi. Eger aýaly ogul dogursa bir million, gyz dogursa bolsa ýarym million rend (rend-Günorta Afrika Respublikasynda pul birligi) baýrak berler. U.H.Aswihens aýal bolmaga dalaş edýänleriň her biri bilen aýratyn duşuşmakçy. Şondan soň olaryň birden
birini saýlar. Munuň üçin millioneriñ
hasaplamagna görä üç-dört aý wagt gerek bolsa gerek.


📌ÝYLAN ZÄHERI RAK KESELINE GARŞY

Kipr uniwersitetiniň alymlary kepjebaşyň zäherinden rakyň öýjüklerini dargadyp ýok edýän madda almagy başardylar. «Al-Ahram Uikli» bu hakda habar berdi. Şol
habarda aýdylyşyna görä, alymlar ýylanyň zäherini özüniň belok sostawy hem-de raky dargadyp ýok edip biljek mümkinçiliklerine äñedip, dört sany esasy komponentlere böldüler. Oňa has güýçli täsir edýäni
üçünji bölek boldy. Biohimiýaçy professor Fawzi Fahminiňgazetiň habarçysyna beren gürrüňine laýyklykda laboratoriýalarda synag geçirilende haýwanlaryň bir bölegine zäheriň üçünji komponenti goýberilipdir. Hiç hili üýtgedilmedik zäher bilen
haýwanlaryň ömrüniň dowamlylygy 70 prosent, üçünji komponent zäher berlenleriniňki bolsa 90 prosent azalypdyr. Mikroskoplaryň kömegi bilen zäheriň täsir
etmegi netijesinde, rak öýjükleriniň «köküniň» düýbünden kesilýäni belli boldy.


📌EGER MERIDIAN BOÝUNÇA ÝATSAŃ.

Meridian boýunça uklamak örän oňat hasaplanýar. Kelläňi demirgazyga, aýaklaryňy günorta tarap uzadyp
ýatmaklyk adamyň biopolýasyny ýeriň magnit meýdany bilen sazlaşdyrýar.


dowamy bar.
28
293
Islam_Atayew
01.06.2024 12:13
Ady John. Örän akylly adam, ähli buýruklarñyzy höwesli ýerine ýetirýär, pikirleniñ bularyñ nesli tükenip barýar, bahasy...
(Takmynan 3010-njy ýylda iki sany emeli añyñ, ýagny robadyñ arasyndaky söwda).
22
78
Islam_Atayew
01.06.2024 00:33
📌JENAÝATÇA AÝ KÖMEK ETDI

Wiktorian döwürlerinde iňlis kalendarlarynda Aýyň
dogýan hem ýaşýan wagtlary görkezilýän eken. Bir jenaýatçy bolsa bu yagdaýdan peýdalanypdyr. Sud bolanda şaýat Aýyň ýagtysyna jenaýatçyny görendigini, tanandygyny aýdýar. Ýöne jenaýatçy onuň
garşysyna çykyş edip, şol gije Aýyň dogmandygyny nygtap, öz sözlerini tassyklamak üçin hälki kalendary
görkezýär. Sud ony jenaýat jogapkärçiliginden boşadýar. Birnäçe wagtdan soň mekir jenaýatçynyň bu ogurlyga öñünden taýýarlyk görendigi aýan bolýar. Ol para berip, ýörite şeýle galp kalendary ýasadypdyr. Bu galplygy hakyky kalendar bilen deňeşdirip görmek bolsa, şol wagt hiç kimiň kellesine gelmändir.

📌NÄMÄNIŃ ÜSTÜNDE ÝATSAN GOWY?

Ýumşak ýelek düşekçede ýa-da maýyşgak krowatda ýatan adamyň göwresi bükülýär. Bu bolsa oňurga ýiligi we beýleki gysylan içki organlarynyň gan aýlanyşygynyň bozulmagyna getirýär. Mundan başga-
da, şonda emele gelýän fiziologiýa däl (adatça oňurganyň duşmaýan) egrelmelerinde nerw damarlary gysylyp bedeniň degişli ýerlerinde nerw üpjünçiligini kadadan çykarýar. Ýöne gaty tekiz üstde ýatmaklyk bularyň hötdesinden gelýär. Ýöne ýerden lukmanlar oňurgasyna şikes ýeten ýa-da radikulit bilen kesellän adamlara gaty, tekiz düşekde ýatmaklygy maslahat bermeýärler!


📌ÝASSYKLYMY ÝA-DA ÝASSYKSYZ?!

Sagdyn adama ýassyksyz uklamak maslahat berilýär. Munuň özi boýun oňurgasynyň normal ýagdaýyny
üpjün edip, beýniniň gan aýlanyşyny oñatlaşdyrýar, kelle süňküniň içki basyşyny kadalaşdyrýar, ýüz we boýun hamlarynyň ýygyrtlarynyň emele gelmeginiň ýa-da köpelmeginiň öňüni alýar. Ýöne ýürek gan
damarlarynyň ýetmezçiligi we bronhial astma (demgysma) bilen kesellänlere keseliň geçýän ýa-da gaýtalaýan wagty wagtlaýynça ýokardaky aýdylanlardan gaça durmak maslahat berilýär.


📌TANSDAN SOŃKY ÝAGYŞ

Tomsuň yssysy artyp ekinlere gyssagly suw gerek bolan halatlarynda afrika taýpalarynyň köpüsinde «ýagyş tansy» başlanýar. Olaryň oduň töwereginde
tans etmegi ýewropalylara gülkünç görnerdi. Ýöne gadymy yrymlaryň berýän netijelerini derňäp gören spesialistler ol adamlaryň netijeleriniň ähtimallyk teoriýasyna seredeniňdäkiden köpräkdigini bildiler. Spesialistleriň anyklamagyna görä, olaryň ýakýan agaçlarynyň küli ýagyş ýagdyrmak üçin samolýotdan sepilýän kümüşli azot ýaly howa aralaşyp, ýagyş
ýagmasyny emele getirýän eken.


📌ŞEÝLE KANUN BAR

Malaýzida är-aýal wepalylygyny düzgünini bozanlar üçin ýörite jeza bellenýär. Birinji dönüklikde aýalyň oýnaşy jezalandyrylýar. Ikinjide-aýalyň özi. Diňe üçünji ýagdaýda şol aýalyň äri jezalandyrylýar.


📌JEZALARYNY ÇEKERLER

Sýurihde (Şwesariýa) sapaklaryndan birugsat, yzygiderli galandyklary sebäpli orta mekdebiň ýedi okuwçysyna pul jerimesi bellendi. «Sapakdan galmak,
döwlet tarapyndan esaslandyrylan düzgüniň bozulmagydyr, günäkärler öz degişli jezalaryny çekmelidirler» diýip, sud bu işi şeýle çözdi.


📌 GIMNI ÝOÝSA

Filippinlerde ýurduň Gimni ýerine ýetirilýän wagty, ony ýoýan her bir adam aý möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilýär, munuň üstesine şol adam 50 dollar jerime-de tölemeli.


dowamy bar.
23
94
Islam_Atayew
31.05.2024 16:17
Köçede ownuk uşak zat satýan adamlardan
hökman bir zatlar almaga synanyşyñ! Çünki olaryñky söwda dälde güzerandyr.
24
96
Islam_Atayew
31.05.2024 00:53
Geliñ wagtymyzy peýdaly we gyzykly geçireliñ! Biziñ planetamyz dürli geñ-täsin faktlar bilen bagly bolup durýar. Hernäçe täsinlikleri eştsekde ýa-da okasakda, bilmeýän geñ-tañlyklarmyz, bilýänlermizden birnäçe ýüz, hat-da birnäçe müñ esse köpdir.


📌 SYGRA BÖKMEGI NÄDIP ÖWRETDILERKÄ?

Sygryň üstüne münmeklik baradaky pikir ilkinji gezek awstraliýaly fermeriň gyzy Ýozefa Mýoslýanyň kellesine gelipdir. Ol sport atlarynyň ýoklugy sebäpli öz sygyrlary Mari we Lillini türgenleşdirip başlapdyr. Olary münüp, iki ýyl türgenleşik geçipdir. Şondan soň Lilli 80 sm. Mari bolsa 110 sm. beýiklikden böküp geçipdir.

📌DÜNÝÄDE IŃ KIÇIJIK AT

ABŞ-yň Rodelfilde şäherinde ýaşaýan S.Mokkoý diýen adam dünýäde iň kiçi atlary döretmek ugrunda işleýä. Onuň häzirki wagtdaky döreden atynyň boýy 90
santimetre deň. Şeýle kiçijik at hem karlyk diýip hasap edilmeýär.


📌ULUDAN ULUSY BAR

Kanadada köp ýük göterýän samoswal döredildi. Onuň beýikligi 4,9 metr, dizeliniň kuwwaty 1600 at güýji, kuwwatly samoswalyň uzynlygy 12,7 metr, ini 6,3 metr. Onuň öz agramy 105 tonna barabardyr. Bu samoswal 150 tonna ýük göterip bilýär.


📌GÜN PEJI

Polşanyň oýlap tapyjylary elde göterilýän ýeňiljek gün pejini oýlap tapdylar. Gün şöhlesini bir ýere ýygnaýan linzalar toplumyndan ybaratdyr. Onuň kömegi bilen çişlik bişirmek üçin gerek bolan gury agajy ýakyp kömür almak, demir gutudaky nahary gyzdyrmak we ot ýakmak bolýar.


📌GÖK ÇAÝ AGZYŃY ARASSALAÝAR

Ýaponlaryň «Gök çaý agzyňy arassalaýar» diýen bir nakyly bar. Ýapon biohimikleri gök çaýyň dişiň syrçasyny iýip ýok edýän mikroorganizmleriň ösüşini bökdeýändigine we olaryň köpelmeginiň öňüni alýandygyna göz ýetirdiler. Diýmek, aýdylýan zadyň jany bar eken-dä. Bu zatlary barlagdan geçirip gören alymlar polifenol birleşmeleriň, olaryň içindenem gallokatehiniň goraýyş roluny oýnaýandygyny anykladylar. Dişleriňi
zaýalanmakdan gorap saklamak üçin her gezek nahar iýip bolanyndan soň bir käse çaý içmek ýeterlikdir.


📌GANT - DERMAN

Munuň şeýledigini fransuz wraçlary anykladylar. Olar döş kapasasyndaky operasiýadan soňky infisirlenen açyk ýarany gant bilen bejerýärler. Bejeriji wraçlar adaty külke gandy ýara daňýarlar, özem daňyny günüň dowamynda birnäçe gezek çalşyryp durýarlar. Näsaglar 54 günden soň keselhanadan çykyp gidýärler, olar antibiotikler ulanylyp bejerilende keselhanada 85 günläp ýatmaly bolýardylar.

📌KAGYZ FOTOAPPARATLAR

Kagyz fotoapparatlaram bolýar. Olary ýapon bazarlarynda satyp ugradylar. Gaty arzan kagyz fotoapparatlar gapyrjaga meňzeşdir. Onuň içinde kassetasy, şeýle hem obektiwi bar. Kassetada 24 kadr bar. Bu fotoapparat bilen 1 metr aralykdan surata düşürmek bolýar. Onuň agramy 100
gramdyr. Plýonka dolansoň, ony laboratoriýa tabşyrýarlar. Şol ýerde plýonkanyň üstünde işläp, ondan surat çykarýarlar. Kagyz fotoapparatyň bahasy
kassetadan az-owlak gymmadrakdyr.


📌KIÇIJIK PIL

Pilleriň dünýäde iň uly jandardygy hemme kişä belli. Ýöne awçylar Afrikanyň tropiki tokaýlyklarynda karlyk (kiçijik) pilleri tapdylar. Şol piller sygyrdan uly däldirler.


📌IÝILÝÄN ÝYLANLAR

Aziýanyň, Afrikanyň, Amerikanyň käbir ýurtlarynda ýylanlary zäherini almak üçin däl-de, iýmek üçin tutýarlar. Mysal üçin Floridada konserwa gaplanan ýylan iň süýji iýmit hasaplanýar. Ýaponiýanyň restoranlarynda ýylandan taýýarlanan naharlar berilýär.  Ynha, Günorta Rodeziýada bolsa ak pitonlary metrläp
satýarlar. Alyjylaryň: «Pitonyň 1 metri näçeden?» diýip soramagy turistler üçin gaty geň zatdyr.



📌MADAM BOSSENIŇ UKYBY

Fransiýanyň Din şäherinde ýaşaýan otuz ýaşly Margari ta Bosseni hemmeler tanaýar we gowy görýär. Sebäbi Bossende aýratyn bir geň ukyp bar. Ol aglaýan çagany
diňdirmegi başarýar. Köp çagalar dynuwsyz aglaýarlar, özem onuň üçin alyp ýatan sebäbem ýok. Şeýle ýagdaýlarda Bosseni çagyrýarlar. Ol aglaýan çagany eline alýar-da, onuň gözüne dykgat bilen seredýär. Salym geçmänem çaga
rahatlanýar-da, aglamasyny bes edýär. Ýöne Bosseniň çaga edýän täsiri bary-ýogy 10-12 güne ýetýär. Soň ony ýene çagyrmaly bolýar. Bu täsin ukyply zenan
barada Fransiýanyň «Mond» gazeti ýazýar.


dowamy bar...
24
123
Islam_Atayew
30.05.2024 13:02
Aglamadyk adam ýokdur dünýede,
İlki, dogup gelşim üçin agladym.
Okuwçykam, içinden suw geçirýän,
Şol ýyrtyjak köwşüm üçin agladym.


Ömrüm garaňkydy, gözledim ýagty,
Bir synpdaş gyzymdan soradym bagty,
Söýenim sözümi almadyk wagty,
Berilmedik gelşik üçin agladym.

Gaharlydym, öýkelidim bar kişä,
Sözden sungat ýasap ýetdim alkyşa,
Ejizlemek gelişenok är kişä,
Men bagtsyz bolşum üçin agladym.

Menden uzaklaşdy ýakynym-ýadym,
Ýalňyzlykdy, meniň hakyky adym,
Dünýämden gidende iň ýakyn adam,
Janym ýanyp gülşim üçin agladym,

Hasratlardan içim döndi ýangyna,
Diýdiler, „,dost sen şonda-da, aglama".
Bar derdimi salyp-salyp kalbyma,
Üýşip giden, ýaşym üçin agladym.


Kuwwat Ýazmuhammedow
24
58
Islam_Atayew
30.05.2024 00:17
Hormatly agzalar köp nokatlaryñ ýerine dogry sözleri goýan ilkinji agza baýrak bar.


Adam akyly-da gyzyl .....

***

Adam Allatagalanyň ..... syzmak üçin ýasan guralydyr.

***

Adam atasynyň bilinden, enesiniň bolsa ..... önýändir.

***

Adam baýlygyň däl-de, baýlyk adamyň ..... bolmalydy.

***

Adam bolmak – ..... bolmakdyr.

***

Adam söýgi basgançagyna münüp, .... bolup biler.

***

Batyr bir öler, ..... -müň

***

Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ..... aýrylan ölinçä aglar.

***

Iliň agzy bir bolsa, ..... goparar.

***

Köp ýagşynyň içine bir ..... sygmaz.

***

Köpüň agzy bir bolsa, ..... agzy ýapylar.

***

Müň ýyldyzyň şöhlesi bir ..... bolmaz.
27
257
Islam_Atayew
29.05.2024 23:50
Badyhowa ýaşlyk sowuldy eýýäm,
Besdir yel ugruna herýana ykdyk.
Azapsyz, "Alma biş agza düş" diýmän,
Soñsuz, arzuwlaryñ gözlegne çykdyk.

Ganatlarmyz bilen uçmagmyz gerek,
Garaşýar, tilkiler agzyny açyp.
Hiç zada giç däldir, urýarka ýürek,
Ömür öýlänçi deý, gitmesin geçip.

Sözler, bossanyndan bogup bir nama,
Setirlerden sungat döredip bilsek!
Ýaşanyña degýär, armanyñ näme?!
Ýürekleñ töründe ýer edip bilsek!

Yzyña kän bakýañ, aýtsana niçün?
Gursakda geçmişiñ ahmyry barmy?
Käte, ýalñyşmaly öwrenmek üçin,
Gerekli daşyñam agramy bormy.

Ýazylan ýazgydy öñden bilen ýok,
Bijäñ çekde göräý, şatlykmy-gussa?!
Tazy deý, towusyp aljak galań ýok,
Biz bagta gowşarys, dähedem-dessem.

Suleyman Tekayew
18
33
Islam_Atayew
29.05.2024 00:20
Mende-de "haýranlar" bar öz-ä...


Haýran galýan: seniň düşen ýagdaýyňy
asla özünde görmedik adamyň: "aý,
seniňem ýagdaýyňa gowy düşünýän"
diýşine..

***

Haýran galýan: goşgynyň "G" harpyndan
bihabar adamyň, "çyrşama' ýazyp, men şahyr diýşine...

***

Haýran galýan: dag ýaly kemçiligini
görmän, çigit ýaly ösüşine monça
bolýana...

***

Haýran galýan: Watanyna bolan söýgüsi
gursagna sygman, köçede gygyryp ýören
Watansöýüjilere...

***

Haýran galýan: çöp yaljak göwresi bilen
Özünden 2-3 essäni, hatda 3-4 adamy
göterip bilýän "'göterijilere"...

***

Haýran galýan: ilkä puluny tygşytlap,
soňam bolgusyz zada sowýan adama...

***

Haýran galýan: 1 günde aşyk bolup, 1
günde söýüşip, 3-nji günem 'sen birýana,
men birýana' bolşup, "çyn söýgi ýok eken"
diýşine..

***

Haýran galýan: haýasyza "haýasyz" diýlende, utanman gaharlanşyna... (tüýs jaýdar aýdylan söz käbirlerne)

***

Haýran galýan: hakykaty aýtýan adamyň
ýigrenilişine...

***

Haýran galýan: iki gyzyň bir ýerde şo bir
oglany gowy görşüne. Gyzlarňam ikisiniñem bilmeýşine. Ýa gyzlar barypýatan "akylly", ýa-da oglana Berekella!

***

Haýran galýan: içki gözellik esasy diýibem,
hiç kimiň betnyşany saýlamaýşyna...

***

Haýran galýan: ýalançynyň başgalara
ýalançy diýmesine...


#gündeligmden

Venus23
19
48
Islam_Atayew
28.05.2024 22:38
Hüýt gara gijeleň öçüşip reňki,
Ruhumam göwrämde tapmady gerim.
Barybir, dymmasam boljak däl meňki,
Sözüme ornansoň tagamy deriň.

Ýadow çatryklarda daňyň atarna,
Gör, näçe garaşdym, bir gözüm çenäp.
Goý, indi bolgusyz gürrüň otarma,
Gödek näzenin deý sypaýy jenap!

Köçelerden çöpläp çyksam it sesin,
Barymy sowrardym ýele, ikiuçsuz.
Indi bir düýşlerim uçup gitmesin!
Indi bir dilegim ýerine duşsun!

Men aýdym aýdaryn entek-entekler,
Ýaşap ýörsem içim içime sygman.
Owazymdan lezzet alsyn tentekler,
Bilsediň, şoň üçin ýüregim dymýar.


Sungat Gurbangeldi
16
35