Islam_Atayew
01.06.2024 00:33
📌JENAÝATÇA AÝ KÖMEK ETDI

Wiktorian döwürlerinde iňlis kalendarlarynda Aýyň
dogýan hem ýaşýan wagtlary görkezilýän eken. Bir jenaýatçy bolsa bu yagdaýdan peýdalanypdyr. Sud bolanda şaýat Aýyň ýagtysyna jenaýatçyny görendigini, tanandygyny aýdýar. Ýöne jenaýatçy onuň
garşysyna çykyş edip, şol gije Aýyň dogmandygyny nygtap, öz sözlerini tassyklamak üçin hälki kalendary
görkezýär. Sud ony jenaýat jogapkärçiliginden boşadýar. Birnäçe wagtdan soň mekir jenaýatçynyň bu ogurlyga öñünden taýýarlyk görendigi aýan bolýar. Ol para berip, ýörite şeýle galp kalendary ýasadypdyr. Bu galplygy hakyky kalendar bilen deňeşdirip görmek bolsa, şol wagt hiç kimiň kellesine gelmändir.

📌NÄMÄNIŃ ÜSTÜNDE ÝATSAN GOWY?

Ýumşak ýelek düşekçede ýa-da maýyşgak krowatda ýatan adamyň göwresi bükülýär. Bu bolsa oňurga ýiligi we beýleki gysylan içki organlarynyň gan aýlanyşygynyň bozulmagyna getirýär. Mundan başga-
da, şonda emele gelýän fiziologiýa däl (adatça oňurganyň duşmaýan) egrelmelerinde nerw damarlary gysylyp bedeniň degişli ýerlerinde nerw üpjünçiligini kadadan çykarýar. Ýöne gaty tekiz üstde ýatmaklyk bularyň hötdesinden gelýär. Ýöne ýerden lukmanlar oňurgasyna şikes ýeten ýa-da radikulit bilen kesellän adamlara gaty, tekiz düşekde ýatmaklygy maslahat bermeýärler!


📌ÝASSYKLYMY ÝA-DA ÝASSYKSYZ?!

Sagdyn adama ýassyksyz uklamak maslahat berilýär. Munuň özi boýun oňurgasynyň normal ýagdaýyny
üpjün edip, beýniniň gan aýlanyşyny oñatlaşdyrýar, kelle süňküniň içki basyşyny kadalaşdyrýar, ýüz we boýun hamlarynyň ýygyrtlarynyň emele gelmeginiň ýa-da köpelmeginiň öňüni alýar. Ýöne ýürek gan
damarlarynyň ýetmezçiligi we bronhial astma (demgysma) bilen kesellänlere keseliň geçýän ýa-da gaýtalaýan wagty wagtlaýynça ýokardaky aýdylanlardan gaça durmak maslahat berilýär.


📌TANSDAN SOŃKY ÝAGYŞ

Tomsuň yssysy artyp ekinlere gyssagly suw gerek bolan halatlarynda afrika taýpalarynyň köpüsinde «ýagyş tansy» başlanýar. Olaryň oduň töwereginde
tans etmegi ýewropalylara gülkünç görnerdi. Ýöne gadymy yrymlaryň berýän netijelerini derňäp gören spesialistler ol adamlaryň netijeleriniň ähtimallyk teoriýasyna seredeniňdäkiden köpräkdigini bildiler. Spesialistleriň anyklamagyna görä, olaryň ýakýan agaçlarynyň küli ýagyş ýagdyrmak üçin samolýotdan sepilýän kümüşli azot ýaly howa aralaşyp, ýagyş
ýagmasyny emele getirýän eken.


📌ŞEÝLE KANUN BAR

Malaýzida är-aýal wepalylygyny düzgünini bozanlar üçin ýörite jeza bellenýär. Birinji dönüklikde aýalyň oýnaşy jezalandyrylýar. Ikinjide-aýalyň özi. Diňe üçünji ýagdaýda şol aýalyň äri jezalandyrylýar.


📌JEZALARYNY ÇEKERLER

Sýurihde (Şwesariýa) sapaklaryndan birugsat, yzygiderli galandyklary sebäpli orta mekdebiň ýedi okuwçysyna pul jerimesi bellendi. «Sapakdan galmak,
döwlet tarapyndan esaslandyrylan düzgüniň bozulmagydyr, günäkärler öz degişli jezalaryny çekmelidirler» diýip, sud bu işi şeýle çözdi.


📌 GIMNI ÝOÝSA

Filippinlerde ýurduň Gimni ýerine ýetirilýän wagty, ony ýoýan her bir adam aý möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilýär, munuň üstesine şol adam 50 dollar jerime-de tölemeli.


dowamy bar.
23
94
ideallider
2 Iýun 2024
@Imissyou, tm aýdymçylary hem başga aýdymlary ýoýýan ekendä😄👍
ideallider
2 Iýun 2024
Ýoýmak näme?👍
ayymsha
2 Iýun 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.