Islam_Atayew
30.05.2024 13:02
Aglamadyk adam ýokdur dünýede,
İlki, dogup gelşim üçin agladym.
Okuwçykam, içinden suw geçirýän,
Şol ýyrtyjak köwşüm üçin agladym.


Ömrüm garaňkydy, gözledim ýagty,
Bir synpdaş gyzymdan soradym bagty,
Söýenim sözümi almadyk wagty,
Berilmedik gelşik üçin agladym.

Gaharlydym, öýkelidim bar kişä,
Sözden sungat ýasap ýetdim alkyşa,
Ejizlemek gelişenok är kişä,
Men bagtsyz bolşum üçin agladym.

Menden uzaklaşdy ýakynym-ýadym,
Ýalňyzlykdy, meniň hakyky adym,
Dünýämden gidende iň ýakyn adam,
Janym ýanyp gülşim üçin agladym,

Hasratlardan içim döndi ýangyna,
Diýdiler, „,dost sen şonda-da, aglama".
Bar derdimi salyp-salyp kalbyma,
Üýşip giden, ýaşym üçin agladym.


Kuwwat Ýazmuhammedow
24
58
alma___
30 May 2024
goşgy*
alma___
30 May 2024
Dùnýàden gidende iñ ýakyn adam😥 gowy gpşgy ekeni
zina
30 May 2024
Bet gosgy eken❤️
affchjt
30 May 2024
Men un duzulen yaly sagbolun
soyg
30 May 2024
Ine goşgy 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.