Islam_Atayew
31.05.2024 00:53
Geliñ wagtymyzy peýdaly we gyzykly geçireliñ! Biziñ planetamyz dürli geñ-täsin faktlar bilen bagly bolup durýar. Hernäçe täsinlikleri eştsekde ýa-da okasakda, bilmeýän geñ-tañlyklarmyz, bilýänlermizden birnäçe ýüz, hat-da birnäçe müñ esse köpdir.


📌 SYGRA BÖKMEGI NÄDIP ÖWRETDILERKÄ?

Sygryň üstüne münmeklik baradaky pikir ilkinji gezek awstraliýaly fermeriň gyzy Ýozefa Mýoslýanyň kellesine gelipdir. Ol sport atlarynyň ýoklugy sebäpli öz sygyrlary Mari we Lillini türgenleşdirip başlapdyr. Olary münüp, iki ýyl türgenleşik geçipdir. Şondan soň Lilli 80 sm. Mari bolsa 110 sm. beýiklikden böküp geçipdir.

📌DÜNÝÄDE IŃ KIÇIJIK AT

ABŞ-yň Rodelfilde şäherinde ýaşaýan S.Mokkoý diýen adam dünýäde iň kiçi atlary döretmek ugrunda işleýä. Onuň häzirki wagtdaky döreden atynyň boýy 90
santimetre deň. Şeýle kiçijik at hem karlyk diýip hasap edilmeýär.


📌ULUDAN ULUSY BAR

Kanadada köp ýük göterýän samoswal döredildi. Onuň beýikligi 4,9 metr, dizeliniň kuwwaty 1600 at güýji, kuwwatly samoswalyň uzynlygy 12,7 metr, ini 6,3 metr. Onuň öz agramy 105 tonna barabardyr. Bu samoswal 150 tonna ýük göterip bilýär.


📌GÜN PEJI

Polşanyň oýlap tapyjylary elde göterilýän ýeňiljek gün pejini oýlap tapdylar. Gün şöhlesini bir ýere ýygnaýan linzalar toplumyndan ybaratdyr. Onuň kömegi bilen çişlik bişirmek üçin gerek bolan gury agajy ýakyp kömür almak, demir gutudaky nahary gyzdyrmak we ot ýakmak bolýar.


📌GÖK ÇAÝ AGZYŃY ARASSALAÝAR

Ýaponlaryň «Gök çaý agzyňy arassalaýar» diýen bir nakyly bar. Ýapon biohimikleri gök çaýyň dişiň syrçasyny iýip ýok edýän mikroorganizmleriň ösüşini bökdeýändigine we olaryň köpelmeginiň öňüni alýandygyna göz ýetirdiler. Diýmek, aýdylýan zadyň jany bar eken-dä. Bu zatlary barlagdan geçirip gören alymlar polifenol birleşmeleriň, olaryň içindenem gallokatehiniň goraýyş roluny oýnaýandygyny anykladylar. Dişleriňi
zaýalanmakdan gorap saklamak üçin her gezek nahar iýip bolanyndan soň bir käse çaý içmek ýeterlikdir.


📌GANT - DERMAN

Munuň şeýledigini fransuz wraçlary anykladylar. Olar döş kapasasyndaky operasiýadan soňky infisirlenen açyk ýarany gant bilen bejerýärler. Bejeriji wraçlar adaty külke gandy ýara daňýarlar, özem daňyny günüň dowamynda birnäçe gezek çalşyryp durýarlar. Näsaglar 54 günden soň keselhanadan çykyp gidýärler, olar antibiotikler ulanylyp bejerilende keselhanada 85 günläp ýatmaly bolýardylar.

📌KAGYZ FOTOAPPARATLAR

Kagyz fotoapparatlaram bolýar. Olary ýapon bazarlarynda satyp ugradylar. Gaty arzan kagyz fotoapparatlar gapyrjaga meňzeşdir. Onuň içinde kassetasy, şeýle hem obektiwi bar. Kassetada 24 kadr bar. Bu fotoapparat bilen 1 metr aralykdan surata düşürmek bolýar. Onuň agramy 100
gramdyr. Plýonka dolansoň, ony laboratoriýa tabşyrýarlar. Şol ýerde plýonkanyň üstünde işläp, ondan surat çykarýarlar. Kagyz fotoapparatyň bahasy
kassetadan az-owlak gymmadrakdyr.


📌KIÇIJIK PIL

Pilleriň dünýäde iň uly jandardygy hemme kişä belli. Ýöne awçylar Afrikanyň tropiki tokaýlyklarynda karlyk (kiçijik) pilleri tapdylar. Şol piller sygyrdan uly däldirler.


📌IÝILÝÄN ÝYLANLAR

Aziýanyň, Afrikanyň, Amerikanyň käbir ýurtlarynda ýylanlary zäherini almak üçin däl-de, iýmek üçin tutýarlar. Mysal üçin Floridada konserwa gaplanan ýylan iň süýji iýmit hasaplanýar. Ýaponiýanyň restoranlarynda ýylandan taýýarlanan naharlar berilýär.  Ynha, Günorta Rodeziýada bolsa ak pitonlary metrläp
satýarlar. Alyjylaryň: «Pitonyň 1 metri näçeden?» diýip soramagy turistler üçin gaty geň zatdyr.



📌MADAM BOSSENIŇ UKYBY

Fransiýanyň Din şäherinde ýaşaýan otuz ýaşly Margari ta Bosseni hemmeler tanaýar we gowy görýär. Sebäbi Bossende aýratyn bir geň ukyp bar. Ol aglaýan çagany
diňdirmegi başarýar. Köp çagalar dynuwsyz aglaýarlar, özem onuň üçin alyp ýatan sebäbem ýok. Şeýle ýagdaýlarda Bosseni çagyrýarlar. Ol aglaýan çagany eline alýar-da, onuň gözüne dykgat bilen seredýär. Salym geçmänem çaga
rahatlanýar-da, aglamasyny bes edýär. Ýöne Bosseniň çaga edýän täsiri bary-ýogy 10-12 güne ýetýär. Soň ony ýene çagyrmaly bolýar. Bu täsin ukyply zenan
barada Fransiýanyň «Mond» gazeti ýazýar.


dowamy bar...
24
123
Islam_Atayew
31 May 2024
@flowers_, Ginnesiñ rekordlar kitaby 🗿
flowers_
31 May 2024
@Islam_Atayew, çeşmesi ýada alan saýtyñ ady?
flowers_
31 May 2024
@enes🧿, 😄
flowers_
31 May 2024
@Islam_Atayew, mümkin
Islam_Atayew
31 May 2024
@flowers_, glyukoza ganyñ duziminde bolya, yara gant yapanyñ bn gandaky glyukozany kanagatlandyryp bilmez, meñ pikirimce gant, suyjisi belli bir oyjiklerin bitiş prosesini çaltlandyryan bolmagy ahmal.
flowers_
31 May 2024
@Islam_Atayew, glýukozañ ýerina tutar, başga name tasiri barka🤔
Islam_Atayew
31 May 2024
@flowers_, dine belli bir oyjukleri bitirmek ün bolaymasa, hemme ýara yapylyan däldirle
flowers_
31 May 2024
Gant🤔, adamlar hemme zadyñ añsat tarapyny gözleýaraý(Bossen)😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.