Islam_Atayew
02.06.2024 02:41
📌ONUŃ NÄME GÜNÄSI BARKA?

Bir parkyň direktory, Marko Dzordzi bir ýarym million jerime töleýär we türmä düşýär. Onuň näme günäsi barka? Marko Dzordziniň özüni ýuwaş ylalaşykly alyp barmagy netijesinde, şol parkyň ne gözel ýodasy maşynlaryň gatnaw ýoluna öwrülip
gidipdir. Günäkär hökmünde şäheriň häkimi suduň öňünde kellesini ýalaňaçlamaly edildi.


📌ALYŞ-ÇALYŞ SÖWDASY

Primorskiniň ýaşaýjysy Alena Frolowa özüniň bir aýlyk çagasyny jinsiden edilen ýuka hem-de kosmetiki zatlara çalyşdy. Ýöne ony munuň üçin sud edip bolmaz. Sebäbi Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat
kodeksinde şu ugurdan hiç hili madda ýok.

📌MILLIONER BOLMAK HEZIL-OW...

Günorta afrikaly millioner Ul Henning Aswihens atly adama äre çykmaga isleg bildiren gyzlaryň sany gysga wagtda otuz ikä ýetäýipdir. Angliýaly, günorta Afrikaly, täze Zelandiýaly, Saud Arabystanly gyzlaryň
Aswihensiň ýaşy bilen gyzyklanmazlygy birneme geň görerlikdir. Ol 88 ýaşynda.
Özüne ýurt eýesini dogrup berjek aýal bilen
nikalaşmak niýetiniň bardygy hakynda bildirişi ol dürli ýurtlaryň metbugatynda çap etdiripdi. Özüniň geljekki aýalyna ol gowy durmuşdan başga-da, boljak her bir çaga üçin baýrak berjekdigini habar berdi. Eger aýaly ogul dogursa bir million, gyz dogursa bolsa ýarym million rend (rend-Günorta Afrika Respublikasynda pul birligi) baýrak berler. U.H.Aswihens aýal bolmaga dalaş edýänleriň her biri bilen aýratyn duşuşmakçy. Şondan soň olaryň birden
birini saýlar. Munuň üçin millioneriñ
hasaplamagna görä üç-dört aý wagt gerek bolsa gerek.


📌ÝYLAN ZÄHERI RAK KESELINE GARŞY

Kipr uniwersitetiniň alymlary kepjebaşyň zäherinden rakyň öýjüklerini dargadyp ýok edýän madda almagy başardylar. «Al-Ahram Uikli» bu hakda habar berdi. Şol
habarda aýdylyşyna görä, alymlar ýylanyň zäherini özüniň belok sostawy hem-de raky dargadyp ýok edip biljek mümkinçiliklerine äñedip, dört sany esasy komponentlere böldüler. Oňa has güýçli täsir edýäni
üçünji bölek boldy. Biohimiýaçy professor Fawzi Fahminiňgazetiň habarçysyna beren gürrüňine laýyklykda laboratoriýalarda synag geçirilende haýwanlaryň bir bölegine zäheriň üçünji komponenti goýberilipdir. Hiç hili üýtgedilmedik zäher bilen
haýwanlaryň ömrüniň dowamlylygy 70 prosent, üçünji komponent zäher berlenleriniňki bolsa 90 prosent azalypdyr. Mikroskoplaryň kömegi bilen zäheriň täsir
etmegi netijesinde, rak öýjükleriniň «köküniň» düýbünden kesilýäni belli boldy.


📌EGER MERIDIAN BOÝUNÇA ÝATSAŃ.

Meridian boýunça uklamak örän oňat hasaplanýar. Kelläňi demirgazyga, aýaklaryňy günorta tarap uzadyp
ýatmaklyk adamyň biopolýasyny ýeriň magnit meýdany bilen sazlaşdyrýar.


dowamy bar.
28
293
gonk
2 Iýun 2024
👍
Islam_Atayew
2 Iýun 2024
@ideallider, bilmedim menä
ideallider
2 Iýun 2024
Iň soňkysy, merhum hem şeýle ýatyrylyp jaýlanylýardälmi?!👍
Islam_Atayew
2 Iýun 2024
@Akram_Beshimov, шоларын биридир бу йашулы
Akram_Beshimov
2 Iýun 2024
Bete bet diýmeli häzir kõp kişiñki 35den son galýa. 10 Milliondan biri 👍
zina
2 Iýun 2024
88 yasynda cagaly bolmak-ayyy yok
zina
2 Iýun 2024
@Islam_Atayew, 😁😆😆😆
Islam_Atayew
2 Iýun 2024
@Akram_Beshimov, imnuteti yokary bolmaly
Islam_Atayew
2 Iýun 2024
@zina, dine saclylara degislidir onna
Akram_Beshimov
2 Iýun 2024
60 ýaşdan soñ çagañ bolmadymy soñam bolmaz diýlen gepi ýalana çykarypdyr Aswihens baba
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.