Islam_Atayew
11.06.2024 06:54
Kiçijek jübi näme üçin gerek?

Köpiňiz jins jalbarlaryň sag tarapdaky jübüsinde goşmaça kiçijik jübini gören bolsaňyz gerek. Belki- de käbiriňizde kiçijik jübiniň näme üçin goýlandygy, oňa näme salyp boljakdygy barada pikirler ýa-da
soraglar hem dörändir. Eýsem, egin-eşik dizaýnyn-da irki ýyllarda orun alan kiçijik jübi näme üçin gerek? Geliň, jins jalbarlardaky kiçijik jübiniň näme üçin gerekdigini öwreneliň!

Jinsdäki kiçijik jübä käbir adam teňňe ýa-da ýeňil-räk zat salsa-da, bu jübiniň goýulmagynyň maksa- dy başgadyr. Irki döwürlerde adamlar dürli görnüşli sagatlary ulanypdyrlar. Hatda Ýewropada sagat götermek medeniýetiň, işewürligiň nyşany bolup, şol ýyllarda her bir erkek adamyň ýanynda ýüzi gapaklyja zynjyrly sagatlary bolupdyr. Goşar sagatlary oýlanyp tapylmazyndan öň ulanylan zynjyrly sagatlar jübüde göterilipdir. Uly jübüleriň tagaşyksyzdygy sebäpli zynjyrly sagatlar üçin kiçijik jübüler oýlanyp tapylýar. Egin-eşik dizaýnynyň taryhynda
kiçijik jübüler «sagat jübüleri» diýlip hem atlandyrylýar.

Häzirki wagtda hem jins jalbarlarda kiçijik jübüler goýulýar. Munuň sebäbi jinsleriň nusgawy dizaýnynyň üýtgedilmezligi bilen düşündirilýär. Käbir penjek-jalbarda hem «bäşinji jübi» diýlip atlandyrylýan kiçijik jübüler goýulýar.

Gysgaça taryhy Jins berk matadan tikilýän balak bolup, 1873-nji ýylda Jeýkob Deýwis we Lewi Strauss tarapyndan oýlanyp tapylýar. Şol ýyllar jins sözi jübüleri mis bi-
len berçinlenen «gök balak» diýmegi aňladypdyr. 1950-nji ýyllarda berk matadan tikilen gök balaklar, esasan hem, ýetginjekleriň arasynda meşhur egin-eşik nyşanyna öwrülýär. 1960-njy ýyllarda dürli ýaşdaky adamlaryň arasynda ýaýrap başlaýar. Häzirki wagtda her ýyl 10 milliard
töweregi jins jalbar öndürilýär.

Zaman.Turkmnistan
20
47
Islam_Atayew
11.06.2024 00:52
Ginnesiñ rekordlar kitabyndan parçalar(dowamy).

📌BARY-ÝOGY 50 SENT
Iň az gazançly ýazyjy bolsa Uilýam Gold
hasaplanylýar. 18 ýyllap işlän döwründe oňa bary- ýogy 50 sent möçberinde pul töläpdirler.

📌IŃ UZYN POEMA
Dünýäde iň uzyn poema hindileriň

📌IÑ GADYMY GIMN
Iň gadymy milli gimn ýaponlaryň setir bar. Bahreýniň gimninde hiç hili söz ýokdugyny belläp geçsek artykmaçlyk etmese gerek.

📌IŃ ULY KARTINA
Dünýäde iň uly kartina galereýasy Sankt-Peterburgyň Gyş köşgünde ýerleşýär. Onda 3000000-e golaý sungat we arheologik eserleri görkezilipdir.

📌904 ROMAN
Roman ýazmakda ýazyjylaryň arasynda Günorta afrikaly Katlin Lindseýden (Meri Folkner, 1903-1973) öňe geçen ýokdur. Onuň 904 romany alty lakam bilen
çap edilipdir.

📌IŃ TIZ IŞLEÝÄN
Erl Stenli Gardner (1889-1970ý) belli ýazyjylaryň arasynda iň tiz işleýäni hasaplanylýar. Ol bir günde 10 müň sözi diktowka edip, bir wagtyň özünde ýedi
romanyň üstünde işlemegi başarypdyr.

dowamy bar.
20
110
Islam_Atayew
10.06.2024 21:56
GINNESSIÑ REKORDLAR KITABYNDAN PARÇALAR (1992ý)

Ginnessiň rekordlar kitabynyň ilkinji sany 1955-nji ýylyň başynda Ginnesiň neşirýatynyň direktory Hýu Biweriň (1890-1967-nji ýyllar) inisiatiwasy bilen
çapdan çykarylýar. Okyjylara ýaýrandan soň, bu kitap olaryň iň bir gyzyklanyp okalýan kitabyna öwrülýär. Haýran galdyryjy maglumatlara gaýry döwletdäki
okyjylar hem biperwaý garap bilmeýär. Birnäçe neşirler ondan göçürip özlerinde çap edýärler. Bu kitap häzir dünýä dilleriniň otuz altysynda çap edilýär. Şolaryň hatarynda, rus dilinde-de okyjylara
ýetirildi. Her bir okyjy ýaşyna, kärine, bilimine seretmezden bu kitapdan özüni gyzyklandyryp biläýjek zady tapyp bilýär.
Bizem bu kitapdan birnäçe parçalary sİziň dykgatyňyza hödürlemegi makul bildik.

📌IŃ UZYN ADAM
Iň uzyn adam 1918-1940-njy ýyllarda ýaşap geçen amerikaly Robert Uodlou hasaplanylýar. Onuň boýunyň uzynlygy 272,034 santimetre, agramy 222,7 kilograma, geýýän aýakgabynyň uzynlygy 46,99 santimetre barabar bolupdyr.

📌IŃ AGYR ADAM
Iň agyr adam bolan Robert Erl Hýuz (1926-1958-nji ýyllar) IlIlinoýs ştatda dünýä inýä. Ol semrän wagtynda agramy 484,89 kilograma ýetipdir. Boýunyňuzynlygy 184 75 santimetr ekeni.

📌IŃ INÇE BILLI
Fransuz aktrisasy mademuazel Poler bilen iňlis Etel Grenderiň goýan rekordy hem ýakyn wagtlarda üýtgemese gerek. Olar billerine 33,02 santimetr uzynlygyndaky kemeri dakynypdyrlar.

📌HER SÖZE 15 DOLLAR
Zähmetine iň köp möçberde pul tölenilýän ýazyjy E.Hemingueý hasaplanylýar. «Sports Illýustreýted» žurnaly onuň öküzleriň söweşi baradaky makalasynyň her bir sözüne 15 dollar töläpdir.

dowamy bar.

kitapcy.ru
21
95
Islam_Atayew
10.06.2024 16:10
Bize bir zad-a ýetenok
Ýa-da artykmaçlyk edýär.
Misli Tetis, Aral deýin
Göwünlermiz çölleşip ýör.
Kimler üçin gökde Zemin,
Gyşlar munda gülleşip ýör.
Yşkyň dilin bilmez kalplar,
Lal deý sessiz gürleşip ýör.
Hatalar, günäler, aýyplar..
Bir ömürde ýerleşip ýör.
Gör!
Hoş söze gazylmasyn gör,
Tör taýyn bolsun ýürekde
onuň üçin.
Onda neçün,
Aýbyň ýa ýalňyşyň bolsa,
IIki iň ýakynyň açýar?
Geplerden ganat ýasanyp,
Ol seniň üstüňden uçýar.
Göwün göwne derman dälmi?!
Ýa ýigrenç çykalga-tärmi?!
Ýa-da beýdip ýörer ýaly
Ömür ýeke däl-de, känmi?!
Haýyş hem-de talap size,
Adam bolsaň, bergin jogap!
Galdymy göwünler sowap?!
(Meň indi aklym çatanok!)
Beýdip ýörmek özüň bilen
Mydam garpyşmaklyk öýdýän?1
Bize bir zad-a ýetenok
Ýa-da artykmaçlyk edýär.


Nury Sakçyýew
24
81
Islam_Atayew
10.06.2024 01:09
Torgaýlar baglarda, ses edip başlap
Gelinler başyndan öýmesin taşlap
Äri öýde ýatyr, heleýi işläp
Doganlar şu dälmi, Ahyrzamana.

Ýaşy ýetmedige, nika gyýdyryp
Toý tutarlar gyzyl kürte geýdirip
Ýeññe otyr ýüwürjisine söýdürip
Doganlar şu dälmi, Ahyrzamana.

Kada bolup barýar, oýnaşly bolmak
Oýnaşy ýoklaryñ üstünden gülmek
Pula durdy ölüñ mazaryn gazmak
Doganlar şu dälmi, Ahyrzamana.

Heleý üçin geçip, Ata-Eneden
Äri yzda barýar aýaly öñden
Adam ömri geçmez altmyş seneden
Doganlar şu dälmi, Ahyrzamana.

Ýeriñ ýüzün dürli, hassalyk basar
Halallyk azalyp haramlyk ösýär
Çary Mahmyt aýdar kim özün asýar
Doganlar şu dälmi Ahyrzamana.

Çary Mahmudow.
37
121
Islam_Atayew
09.06.2024 18:23
📌ÇAGA WAGŞYMY?
Nigeriýada birwagtlar ekiz çaga dogulsa bagtsyzlyk diýlip düşünilipdir. Ondan gutulmak üçin, jaýdan iýmiti, oduny, suwy çykarar ekenler. Ugandanyň käýerlerinde bu däp entegem saklanyp galypdyr. Olar ekiz bolan çagany betbagt saýyp, olardan
urşujylary taýýarlaýarlar. Amerikaly indeýler ekizlere hasam gazaply seredýärler. Eger olaryň biri gyz bolsa,
gyzy öldürýärler. Käwagtlar bolsa ekizler iki atadan bolan hasaplanyp, olary dünýä inderen ene biwepalykda aýyplanýar. Bu aýala hökman jeza bermeli diýen düşünje olaryň aňyna guýlupdyr. Emma kanopa taýpasynda bu däp ýok. Bu taýpanyň wekilleri ekiz çagalary beýleki çagalardan artyk göräýmeseler kem görenoklar.

📌 ADALAR SÜÝŞÝÄR
Ýuwaş okeandaky adalar, geologiki ölçegler boýunça, örän tizlik bilen Ýaponiýa tarap süýşýärler. Ýaponiýanyň poçta we telegraf ministrliginiň geçiren barlaglarynyň görkezişi ýaly diňe soňky bir ýylyň içinde Mikroneziýa adasy ýapon arhipelagyna 8
santimetr, Gawaý adalary bolsa 4 santimetr
ýakynlaşypdyr. Alymlar bu maglumatlary ýer şarynyň üst tarapynda ýerleşýän tektoniki plitalaryň hereket ediş teoriýasy tassyklaýar diýip hasaplaýarlar.

📌ÖZ ÖYÜŇI TAPÝARMYŇ?
Bu soragyň örän geň görünmegi hem mümkin. Ýöne panyda bolmaýan zat barmy diýsene! Hut şeýle zatlaryň bol ýanlygy sebäpli Norwegiýanyň Bergen şäheriniň häkimi täze bir karar kabul etdi. Ol kararda
aýdylyşy ýaly, täze gurlan raýonyň jaýlarynyň gapylarynda şol ýerde ýaşaýan öý eýeleriniň suratlary ýelmener.
Şeýle çäräniň görülmegi dörän ýagdaý bilen
baglanyşyklydyr. Kiçi ýaşly çagalaryň gezelençden ýa- da okuwdan gaýdyp gelenlerinde, ekiz taýy ýaly birmeňzeş jaýlaryň arasyndan öz öýlerini tapyp bilmän
azaşýan halatlary ýygy-ýygydan bolýanlygy sebäpli, şeýle karar kabul edilipdir.

Soñy.

Kitapcy.ru
29
92
Islam_Atayew
09.06.2024 08:05
Çagalykdan saýlan, çagañ bolmanka,
Agaçlary saýgar, bagban bolmankañ.
Başyñy goragyn, degmänkä daşa,
Öleñsoñ ömür ýok, ölmänkäñ ýaşa!

Kerim Hally
22
28
Islam_Atayew
08.06.2024 17:51
Goh bilen galmagal awgustyň içi,
"Bäşlikden gymmatly bu aýyñ "üçi".

Her kimiñ gözünde gorkudyr, höwes,
Baha dawamyz ýok, ýykmasalar bes.

Dünýäñ synagyndan üzülip huşlar,
Talyplyk synagna girişer ýaşlar.

Kimler gözi ýaşly, kim bagtyn buşlar,
Sentýabr geler, talyplyk başlar.

Başymyza düşendir şol talyplyk,
Jübüsi boş, gaýgysy bol talyplyk.

Bar barlyk kalbyńda, durmuşyñ ýoksul,
Pully, çykdaýjyly ýerlerde ýoksuñ...

Talyplyk gaty:ny bal dek iýdirer,
Gyşda palto ýerne penjek geýdirer.

Pullulañ ýanyna pulsuz bardyrar,
Söýgüliñ ýanyna gülsüz bardyrar.

Ilki gazanç hakda pikire gaplar,
Söýüp, ezizläp däl, ýepbekläp taplar.

Ukudakañ ukyñ zaryn çekdirer,
Şor mañlaýa, yhlas, ynam ekdirer.

lçinde zat ýokka garnyñ, beýniniñ,
Mežnuny bolarsyñ bir:ki Leýliniñ.

Döremejek ýaly welin şu ýerde,
Wah, söýgi şonda-da uçradýar derde.

Talyplardan dostam, doganam bolar,
Sy:panam tapylar, boganam bolar.

Goşulşyp iýilse, daýaw köp iýer,
Ejiz bende gap-gaç bilen gep iýer.

Goşulşyp geýilse, iñ çakgan geýer,
Galanlaryñ goşan manady köýer.

Institut müñ tüýsli adamly mekan,
Iñ ýakyn hossaryñ ynsaply dekan.

Bir-ä okana bar, birem dokana,
Ikisem bolmasa ýalbar dekana.

Synaglarda ýalbar, çärede ýalbar,
(Eger alýan bolsa, az-owlak pul ber)

Garaz şeýde-şeýde geçer talyplyk,
Birneme ganyñy içer talyplyk.

Asyl talyplygyñ, gyzygy açlyk,
Baryny egninde göterer ýaşlyk.

Soñ ýatlama bolup meñziñe geler,
Baryn gören gõzleñ keýp edip güler.

Iñ soñy eşretli dertdir talyplyk,
Ösüş yzlaýana şertdir talyplyk.

Kerim Hally
28
157
Islam_Atayew
08.06.2024 12:23
📌 «DOLLARA» ALDANANLAR
Gwetemalanyň Puerto-Borrios port şäheriniň adamdan hyryn-dykyn plýažyna motosikletli bir adam geldi. Ol märekäniň öňüne geçip, batly sesi bilen gygyrdy. Plýaždaky adamlar oňa sereden wagty, ol
sumkasyndan bir topbak kagyz çykaryp ýokaryk oklady. Olar 50 we 100 dollarlyk amerikan pullarydy. Ol bu hereketini birnäçe ýüz metr geçip ýene gaýtalady. Plýažda dynç alýanlaryň hemmesi onuň
yzyndan ylgap başladylar. Kynçylyksyz gazanylan pullary ýygnaýanlar haçanda öz dynç alyp oturan ýerlerine dolanyp gelenlerinde gymmat bahaly sagatlarynyň, magnitofonlarynyň, tranzistorlarynyň
ýokdugyny bilip galdylar, ýygnan pullary bolsa galp bolup çykdy.


📌KEPDERILERDEN GUTULMA ÝOK
Oklahoma-siti şäheriniň (ABŞ) okrug sudunyň jaýynyň üstüne sereden adam ol ýerde owsun atyşýan ýylanlary görüp biler. Ýöne şeýle bolsa-da şäherliler bu ýerden geçmäge gorkanoklar sebäbi ýylanlar
plastikadan ýasalan. Olar bu şäher üçin tüýs melamat bolan kepderilerden goranmak üçin garantga hökmünde hyzmat edýärler.

📌 KIM ÖKDE?
ABŞ-yň, Ispaniýanyň, Angliýanyň, Kanadanyň we Günorta Koreýanyň on üç ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen barlag işi, matematikadan hemmelerden gowy bilýänleriň
koreýalylardygyny, ýaramaz bilýänleriň hem
amerikanlardygyny belli etdi. Barlag işde olara özleriniň matematikany bilşine nähili baha berýändigi hem soraldy. Berlen jogaplardan çen tutsaň, amerikanlylaryň özlerine göwni ýetýän ekeni. Günorta
koreýalylar bolsa özleriniň matematikadan bilşine göwni ýetmeýän ekeni.

📌 PUL BILEN URUP ÝYKDY
Eli ýaragly talaňçy kassa golaýlaşyp, kassadaky pullaryň baryny bermegi talap etdi. Bu waka Amerikanyň Miçagan ştatynyň Daýmondeli şäherinde
bolup geçipdi. Kassir aýal Salli Daýmon içi pully on kilogramdan agyrrak haltany sowukganlylyk bilen alyp, talaňçylyk edýäniň depesinden eňterdi. Talaňçy
Özünden gidip ýykyldy. Wakanyň bolan ýerine gelen wraçlar talaňçynyň kellesinde şikesiň dörändigini we beýnisiniň sarsandygyny anykladylar.


dowamy bar.
26
76
Islam_Atayew
07.06.2024 15:15
Sabyr elimdedir, şükir dilimde
Bu dunyade artykmaç zat islamok
Ahyrýete gadam basyp gelemde
Iman yoldaş bolsun, baky gelen ýok.
22
47