Islam_Atayew
09.06.2024 18:23
📌ÇAGA WAGŞYMY?
Nigeriýada birwagtlar ekiz çaga dogulsa bagtsyzlyk diýlip düşünilipdir. Ondan gutulmak üçin, jaýdan iýmiti, oduny, suwy çykarar ekenler. Ugandanyň käýerlerinde bu däp entegem saklanyp galypdyr. Olar ekiz bolan çagany betbagt saýyp, olardan
urşujylary taýýarlaýarlar. Amerikaly indeýler ekizlere hasam gazaply seredýärler. Eger olaryň biri gyz bolsa,
gyzy öldürýärler. Käwagtlar bolsa ekizler iki atadan bolan hasaplanyp, olary dünýä inderen ene biwepalykda aýyplanýar. Bu aýala hökman jeza bermeli diýen düşünje olaryň aňyna guýlupdyr. Emma kanopa taýpasynda bu däp ýok. Bu taýpanyň wekilleri ekiz çagalary beýleki çagalardan artyk göräýmeseler kem görenoklar.

📌 ADALAR SÜÝŞÝÄR
Ýuwaş okeandaky adalar, geologiki ölçegler boýunça, örän tizlik bilen Ýaponiýa tarap süýşýärler. Ýaponiýanyň poçta we telegraf ministrliginiň geçiren barlaglarynyň görkezişi ýaly diňe soňky bir ýylyň içinde Mikroneziýa adasy ýapon arhipelagyna 8
santimetr, Gawaý adalary bolsa 4 santimetr
ýakynlaşypdyr. Alymlar bu maglumatlary ýer şarynyň üst tarapynda ýerleşýän tektoniki plitalaryň hereket ediş teoriýasy tassyklaýar diýip hasaplaýarlar.

📌ÖZ ÖYÜŇI TAPÝARMYŇ?
Bu soragyň örän geň görünmegi hem mümkin. Ýöne panyda bolmaýan zat barmy diýsene! Hut şeýle zatlaryň bol ýanlygy sebäpli Norwegiýanyň Bergen şäheriniň häkimi täze bir karar kabul etdi. Ol kararda
aýdylyşy ýaly, täze gurlan raýonyň jaýlarynyň gapylarynda şol ýerde ýaşaýan öý eýeleriniň suratlary ýelmener.
Şeýle çäräniň görülmegi dörän ýagdaý bilen
baglanyşyklydyr. Kiçi ýaşly çagalaryň gezelençden ýa- da okuwdan gaýdyp gelenlerinde, ekiz taýy ýaly birmeňzeş jaýlaryň arasyndan öz öýlerini tapyp bilmän
azaşýan halatlary ýygy-ýygydan bolýanlygy sebäpli, şeýle karar kabul edilipdir.

Soñy.

Kitapcy.ru
29
92
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.