Islam_Atayew
08.06.2024 12:23
📌 «DOLLARA» ALDANANLAR
Gwetemalanyň Puerto-Borrios port şäheriniň adamdan hyryn-dykyn plýažyna motosikletli bir adam geldi. Ol märekäniň öňüne geçip, batly sesi bilen gygyrdy. Plýaždaky adamlar oňa sereden wagty, ol
sumkasyndan bir topbak kagyz çykaryp ýokaryk oklady. Olar 50 we 100 dollarlyk amerikan pullarydy. Ol bu hereketini birnäçe ýüz metr geçip ýene gaýtalady. Plýažda dynç alýanlaryň hemmesi onuň
yzyndan ylgap başladylar. Kynçylyksyz gazanylan pullary ýygnaýanlar haçanda öz dynç alyp oturan ýerlerine dolanyp gelenlerinde gymmat bahaly sagatlarynyň, magnitofonlarynyň, tranzistorlarynyň
ýokdugyny bilip galdylar, ýygnan pullary bolsa galp bolup çykdy.


📌KEPDERILERDEN GUTULMA ÝOK
Oklahoma-siti şäheriniň (ABŞ) okrug sudunyň jaýynyň üstüne sereden adam ol ýerde owsun atyşýan ýylanlary görüp biler. Ýöne şeýle bolsa-da şäherliler bu ýerden geçmäge gorkanoklar sebäbi ýylanlar
plastikadan ýasalan. Olar bu şäher üçin tüýs melamat bolan kepderilerden goranmak üçin garantga hökmünde hyzmat edýärler.

📌 KIM ÖKDE?
ABŞ-yň, Ispaniýanyň, Angliýanyň, Kanadanyň we Günorta Koreýanyň on üç ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen barlag işi, matematikadan hemmelerden gowy bilýänleriň
koreýalylardygyny, ýaramaz bilýänleriň hem
amerikanlardygyny belli etdi. Barlag işde olara özleriniň matematikany bilşine nähili baha berýändigi hem soraldy. Berlen jogaplardan çen tutsaň, amerikanlylaryň özlerine göwni ýetýän ekeni. Günorta
koreýalylar bolsa özleriniň matematikadan bilşine göwni ýetmeýän ekeni.

📌 PUL BILEN URUP ÝYKDY
Eli ýaragly talaňçy kassa golaýlaşyp, kassadaky pullaryň baryny bermegi talap etdi. Bu waka Amerikanyň Miçagan ştatynyň Daýmondeli şäherinde
bolup geçipdi. Kassir aýal Salli Daýmon içi pully on kilogramdan agyrrak haltany sowukganlylyk bilen alyp, talaňçylyk edýäniň depesinden eňterdi. Talaňçy
Özünden gidip ýykyldy. Wakanyň bolan ýerine gelen wraçlar talaňçynyň kellesinde şikesiň dörändigini we beýnisiniň sarsandygyny anykladylar.


dowamy bar.
26
76
Islam_Atayew
8 Iýun 2024
@mss9, post bölimden, yakynda goyarn
mss9
8 Iýun 2024
Dowamyny nireden okamaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.