Islam_Atayew
08.06.2024 17:51
Goh bilen galmagal awgustyň içi,
"Bäşlikden gymmatly bu aýyñ "üçi".

Her kimiñ gözünde gorkudyr, höwes,
Baha dawamyz ýok, ýykmasalar bes.

Dünýäñ synagyndan üzülip huşlar,
Talyplyk synagna girişer ýaşlar.

Kimler gözi ýaşly, kim bagtyn buşlar,
Sentýabr geler, talyplyk başlar.

Başymyza düşendir şol talyplyk,
Jübüsi boş, gaýgysy bol talyplyk.

Bar barlyk kalbyńda, durmuşyñ ýoksul,
Pully, çykdaýjyly ýerlerde ýoksuñ...

Talyplyk gaty:ny bal dek iýdirer,
Gyşda palto ýerne penjek geýdirer.

Pullulañ ýanyna pulsuz bardyrar,
Söýgüliñ ýanyna gülsüz bardyrar.

Ilki gazanç hakda pikire gaplar,
Söýüp, ezizläp däl, ýepbekläp taplar.

Ukudakañ ukyñ zaryn çekdirer,
Şor mañlaýa, yhlas, ynam ekdirer.

lçinde zat ýokka garnyñ, beýniniñ,
Mežnuny bolarsyñ bir:ki Leýliniñ.

Döremejek ýaly welin şu ýerde,
Wah, söýgi şonda-da uçradýar derde.

Talyplardan dostam, doganam bolar,
Sy:panam tapylar, boganam bolar.

Goşulşyp iýilse, daýaw köp iýer,
Ejiz bende gap-gaç bilen gep iýer.

Goşulşyp geýilse, iñ çakgan geýer,
Galanlaryñ goşan manady köýer.

Institut müñ tüýsli adamly mekan,
Iñ ýakyn hossaryñ ynsaply dekan.

Bir-ä okana bar, birem dokana,
Ikisem bolmasa ýalbar dekana.

Synaglarda ýalbar, çärede ýalbar,
(Eger alýan bolsa, az-owlak pul ber)

Garaz şeýde-şeýde geçer talyplyk,
Birneme ganyñy içer talyplyk.

Asyl talyplygyñ, gyzygy açlyk,
Baryny egninde göterer ýaşlyk.

Soñ ýatlama bolup meñziñe geler,
Baryn gören gõzleñ keýp edip güler.

Iñ soñy eşretli dertdir talyplyk,
Ösüş yzlaýana şertdir talyplyk.

Kerim Hally
28
157
soyg
9 Iýun 2024
😃😀😁👌👍
alma___
8 Iýun 2024
👍👍
kolinm
8 Iýun 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
Islam_Atayew
8 Iýun 2024
@garlawac, :-) olama bar welin seni guyma gursak hasaplayan
Islam_Atayew
8 Iýun 2024
@Islam_Atayew, umuman inni duşinensiñle name diyjek bolanmy?
Islam_Atayew
8 Iýun 2024
@garlawac, men bolsa señ ozin hakda aydypdym
manolya
8 Iýun 2024
@garlawac, hawa gyzykla )
manolya
8 Iýun 2024
@garlawac, 😁🤦
Islam_Atayew
8 Iýun 2024
@garlawac, 🤣 o kemlik hiçle
Islam_Atayew
8 Iýun 2024
@manolya, mundan gelip cykdy diysene, gic däldir hazirem
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.