Islam_Atayew
10.06.2024 21:56
GINNESSIÑ REKORDLAR KITABYNDAN PARÇALAR (1992ý)

Ginnessiň rekordlar kitabynyň ilkinji sany 1955-nji ýylyň başynda Ginnesiň neşirýatynyň direktory Hýu Biweriň (1890-1967-nji ýyllar) inisiatiwasy bilen
çapdan çykarylýar. Okyjylara ýaýrandan soň, bu kitap olaryň iň bir gyzyklanyp okalýan kitabyna öwrülýär. Haýran galdyryjy maglumatlara gaýry döwletdäki
okyjylar hem biperwaý garap bilmeýär. Birnäçe neşirler ondan göçürip özlerinde çap edýärler. Bu kitap häzir dünýä dilleriniň otuz altysynda çap edilýär. Şolaryň hatarynda, rus dilinde-de okyjylara
ýetirildi. Her bir okyjy ýaşyna, kärine, bilimine seretmezden bu kitapdan özüni gyzyklandyryp biläýjek zady tapyp bilýär.
Bizem bu kitapdan birnäçe parçalary sİziň dykgatyňyza hödürlemegi makul bildik.

📌IŃ UZYN ADAM
Iň uzyn adam 1918-1940-njy ýyllarda ýaşap geçen amerikaly Robert Uodlou hasaplanylýar. Onuň boýunyň uzynlygy 272,034 santimetre, agramy 222,7 kilograma, geýýän aýakgabynyň uzynlygy 46,99 santimetre barabar bolupdyr.

📌IŃ AGYR ADAM
Iň agyr adam bolan Robert Erl Hýuz (1926-1958-nji ýyllar) IlIlinoýs ştatda dünýä inýä. Ol semrän wagtynda agramy 484,89 kilograma ýetipdir. Boýunyňuzynlygy 184 75 santimetr ekeni.

📌IŃ INÇE BILLI
Fransuz aktrisasy mademuazel Poler bilen iňlis Etel Grenderiň goýan rekordy hem ýakyn wagtlarda üýtgemese gerek. Olar billerine 33,02 santimetr uzynlygyndaky kemeri dakynypdyrlar.

📌HER SÖZE 15 DOLLAR
Zähmetine iň köp möçberde pul tölenilýän ýazyjy E.Hemingueý hasaplanylýar. «Sports Illýustreýted» žurnaly onuň öküzleriň söweşi baradaky makalasynyň her bir sözüne 15 dollar töläpdir.

dowamy bar.

kitapcy.ru
21
95
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.