Islam_Atayew
16.06.2024 12:42
📌UZYN BOÝLY ÄR-AÝAL
Iň uzyn boýly är-aýalyň kimdigini bilmeklik hem gyzykly. Olar Kingstonana Gallaly Naýdžel Uilks (200,6 santimetr) we Bewerli Rassel (219,3 santimetr) hasaplanylýar. 1984-nji ýylyň 30-njy iýunynda durmuş
toýlaryny tutanlarynda olaryň ikisi hem 21 ýaşynda ekeni. Olaryň ogly Daniel 1986-njy ýylyň 22-nji martynda dünýä inende, agramy 4,22 kilograma barabar bolupdyr.

📌GYSGANÇLYK GOWULYGYŃ ALAMATY DÄL
Gysgançlyk boýunça goýlan rekord hem köpler üçin gyzykly bolsa gerek. 95 million dollary bolan Genriýet ta Haulend Grin öz oglunyň aýagyny bejertmek üçin pul tölemäge «dözmän» mugtuna bejerilýän
keselhanalary bir näçe wagtlap gözläp, azara galypdyr. Keselhana tapyp ýerleşdirýänçäler oglunyň aýagynyň ýarasy beterleşip, aýagyndan jyda düşmeli bolupdyr.

📌47:0
Sport söýüjileriň hokkeýde iň köp gol geçirmek boýunça haýsy komandanyň rekord goýandygyny bilmek höwesi bar bolsa gerek. Bu oýun boýunça rekord L
Kanadalylara degişli. Olar 1947-nji ýylda
Daniýanyň komandasy bilen bolan oýunda 47:0 hasapda utuş gazanypdyrlar.

📌IŞSIZ REKORDSMEN
Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda ýaşaýan Maýkl Zelens rekordlar kitabyna düşmek maksady bilen 1974-nji ýylyň 22-nji aprelinden tä 19-njy iýunyna çenli
(57 gün, 20 sagat 53 minut) bagrýannik agajynyň üstünde oturypdy.

📌ÖZBOLUŞLY REKORD
Amerikaly Ronald Laýt hem özboluşly rekord goýupdyr. Ol 12 minudyň içinde 3 kilogram 629 gram morožnoýe iýipdir.

dowamy bar.

Ginnesiñ rekordlar kitabyndan parçalar.
24
108
Islam_Atayew
15.06.2024 14:07
Ýalan gepe gidip söýen gyzyndan juda düşen ýigidiñ agy-nalasy (Bolan waka).

Ykbal ýazdy bize betbagt namasyn,
Hol günlerde galdy ilkinji söýgim.
Iller diydi "onda başga barmyşyn"
Diýen gepler, meni,  allady söýgim!

Utanjañ, sadadyñ, alçak kemiñ ýok
Wah näme üçin, görmandirin wagtynda
Indi meni ýatlajak gümanyñ ýok
Ýitirdimle seni  juwan ýaşymda.

Utuldum söýgimde boýnuma alýan
Giç düşindim emma peýdasy näme?
Niçik iş  etsemde ýazykly saýýan,
Çöle cykyp däli bolamda näme?

Bilýän, dolanmarsyñ, gideñsoñ indi
Belki gaýdyp görmersiñem hiç wagt
Ýöne seni bagtly etjek ýigidi
Görsem diýäýjegim, "Gadryny bilgin!"

(Aýyp bolsa bolubersin, goý bilibersin
Emma ýene diýjegim "Gadryny bilgin!")


Awtor barada maglumat ýok.
22
57
Islam_Atayew
15.06.2024 01:02
📌GYMMAT BAHALY IT
Iti näçä satyn alyp alyp bolarka? It saklamak bilen meşgul bolýanlar gowy iti 300-400 (elbetde, öňki baha bilen) manada satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar. Ýöne 1972-nji ýylda bir iti 33 000 dollara sorapdyrlar. Ýöne, iki ýaşly itini onuň eýesi, britaniýaly Ýudit Terlou ony satmakdan düýpgöter ýüz öwrüpdir.

📌BIR ÇÜÝŞE ÇAKYRYŇ BAHASY NÄÇE?
Çakyrlaryň dürli sortunyň bardygy belli. Ýöne iň gymmatbahaly çakyr diýlip «Şato Oson» hasaplanylýar.1900-nji ýylda Sent Emilson auksionda bu çakyryň bir çüýşesini satyn almakçy bolanda, ol 7920 dollara düşüpdir.

📌"MEN KEÝPINE ÝAZMAGY GOWY GÖRÝÄN"
Maşinkada ýazmagyň ýeňil iş däldigini köpler bilýän bolsa gerek. Eýsem, bu hemmeler üçin şeýlemikä?! Bu pikir bilen ABŞ-ly Marwa Drýu asla ylalaşmaz. Sebäbi
ol 1968-nji ýyldan 1974-nji ýyla çenli, özüniň ýönekeý ýazuw maşinkasynda birden bir milliona çenli ähli sanlary ýazypdyr. Olary ýazmak üçin Marwa 2473
sahypa gerek bolupdyr. Näme üçin azap edip ony ýazandygyny soranlarynda ol, «Men maşinkada keýpine ýazmagy gowy görýärin» diýip jogap beripdir.

📌OGŞAMAGYŇ ŞASY
Amerikanyň Koliforniýa ştatynda ýaşaýan Rožer Gaý Ingliş «ogşamagyň şasy» hasaplanylýar. Ol sekiz sagadyň dowamynda 3000 gyzy ogşapdyr. Eýsem ol
Şunça ogşasy isläp ogşadymyka ýa-da halky haýran galdyrmak üçin. Ine, şu weli belli däl.

📌SPORTUŃN TÄZE GÖRNÜŞI
Iňlis Aleko Žier sportuň täze görnüşiniň başyny başlady. Ol 24 sagadyň dowamynda 93 kilometr aralygy yzlyn ýöräp geçdi. Bu waka 1974-nji ýylda bolup geçsede, onuň yzyny alyp göterenler bolmady.

dowamy bar.

Ginnesiñ rekordlar kitabyndan parçalar.
28
126
Islam_Atayew
14.06.2024 14:53
Meniñem özümçe haýranlarym:

Haýran galýan: näme üçin köp sütemlere,
aýralyklara, ölümlere döz gelen ýiürek
pahyr (“pahyr" diýenimi geñ görmäň,
ýürek ölen...) agramy 50 kg-ä ýetmeýän
gyzjagazyň öňünde ejizleýär?!


Haýran galýan: näme üçin ölüm çyn,
ýaşaýyş ýalan?!


Haýran galýan: näme üçin okaýan az?!


Haýran galýan: näme üçin iýmege
baglanyp bolanok, ýöne içmege, çekmege
baglanylýar?!


Haýran galýan: näme üçin elde ýazmak
(ручной) kyn, telefonda, kompýuterde ýazmak aňsat?! :)

islenen.ru
25
67
Islam_Atayew
14.06.2024 00:08
Kyn günleri geçirýän birini görenimde, elinden tutmak isleýän, çünki hiç kim meniñ elimden tutmandy.
24
91
Islam_Atayew
13.06.2024 07:42
Sen maňa «Meni unudaňok gerek?» diýýärsiň. Unutmak üçin seni ýatdan çykarmak gerek. Sen hemişe ýadymda. Seni ýatlaýarkam, özümi unudýaryn, seni weli asla...
22
69
Islam_Atayew
13.06.2024 00:01
Ginnesiñ rekordlar kitabyndan parçalark(dowamy)

📌 IŃ ÝAŞ ÝAZYJY
Dört ýaşly Doroti Steýt ýaşy boýunça iň ýaş ýazyjy hasaplanylýar. Onuň «Parahatçylyk nähili başlandy?» atly romany 1962-nji ýylda Nýu-Ýorkyň «Panteon-Buks» neşirýatynda çapdan çykaryldy.

📌KÖP ÇAGALY AÝAL
Iň köp çaga dogurmak boýunça rekord Moskwa guberniýasynda ýaşap geçen daýhan aýaly Fedora Wasileta degişli. Ol XIX asyryň ortalarynda 69 çagany dünýä inderipdir. Olaryň 4 sanysy dördem, 7-si üçem, 16-sy ekiz bolupdyr. Bu hormatly hyzmaty üçin ony Aleksandr Il ýörite öz kabulhanasynda kabul edipdir.

📌KAKALARYŃN ŞASY
Kakalaryň arasyndaky rekord Marokkonyň imperatory Ganojak ady bilen tanalýan Mulaý lsmaila (1672-27) degişli onuň çagalarynyň sany 888-e yetipdir:548
oglan, 340 gyz. Ýöne olary näçe aýalyň dograndygy barada maglumat berilmändir.

📌IŇ AGYR BEÝNI KIMIŃKIKÄ?
Iň agyr beýni I.S.Turgenewiň beýnisi hasaplanýar. Adaty uly adamlaryň beýnisiniň agramy 1470 grama
barabar bolýan bolsa, onuň beýnisiniň agramy 2011,676 grama deň ekeni.

📌KIMIÑ SAÇY UZYN
Saç ösdürmek boýunça hindi monastyrynyň ruhanysy Suamy Paizarasanadhinden öňe düşen tapylmasa
gerek. Onuň saçynyň uzynlygy 792,48 santimetr ekeni.

📌IŇ ÖNDÜMLI IŞLEÝÄN HUDOŽNIK
Iň öndümli işleýän hudožnik Pablo Pikasso
hasaplanylýar. Ol 78 ýylyň içinde 13500 kartinany we eskizi, 1000000 estampy we grawýurany, 340000 kitabyň suratyny, 300 skulptura we keramiki önümleri döredipdir. Onuň işleri 690000000 dollar möçberinde
bahalanypdyr.

📌13 MINUTLAP SUWUN AŞAGYNDA
Otuz iki ýaşly amerikaly Robert Foster özboluşly rekord goýmagyň hötdesinden geldi. Ol suwuň aşagynda 13 minut 42,5 sekuntlap dem alman durmagy başardy. Ýöne ol suwa girmezinden ozal 30
minutlap arassa howadan gowy dem almagy ýadyndan çykarmandyr.

dowamy bar.

kitapcy.ru
25
203
Islam_Atayew
12.06.2024 15:50
Soñky ýyllarda adamlaryň köpüsi artykmaç agramdan ejir çekýärler. Maglumatlara görä, amerikalylaryň takmynan 42 göterimi semiz bolsa, ýaponlaryň diňe 4,5 göterimi artykmaç agramdaky adamlar. Ýaponlar berhiz saklamaýan halk hasaplanýar. Munuň sebäbi ýurtda kanun boýunça her mekdepde iýmit hünärmeniniň bolmagy hem-de kiçilikden çagalara iýmitleniş düzgünleriniň öwredilmegi bilen düşündirilýär. lýmit hünärmeni mekdepdäki artykmaç agramdaky her bir çaga bilen iş geçirip, sagdyn agram saklamagyna ýardam edýär. Bilermenler ýaponlaryň bedeniniň çeýe hem syratly bolma-
gynyň syrlaryny öwrenip, şeýle netijä geldiler.

Tebigy gurşaw we genetik gurluş.

Ýaponlaryň kadaly agram saklamagynyň birinji syry tebigy gurşaw we ýaponlaryň genetik gurluşy bilen düşündirilýär. Ýaponlar beýleki halklar bilen deňeşdireniňde nahary has haýal iýýärler. Şeýle hem ýaponlar adatça köp et iýmeýärler. Ýapon aşhanasy dünýäniň beýleki aşhanalaryndan ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Ýapon aşhanasynda «agyr naharlaryň» deregine ýeňiljek çorbalar, gaýnadylan tüwi, buglanan balyk has köp iýilýär. Ýapon aşpezleri gaýnatmak, buglamak we közde bişirmek ýaly usullary ulanýarlar, emma hiç wagt nahary gowrup bişirmeýärler. Bu usullar naharyň ýokumlylygyny saklap, semremäge sebäp bolmaýar. Ýapon saçagynda panjara
balyklary, deňiz ösümlikleriniň dürli görnüşleri, gaýnadylan gök önümler, bir tabak tüwi, soýa, süýjülikleriň ornuny tutýan miweler, matça ýaşyl çaýy ýa-da gök çaý esasy orny eýeleýär.

Üçburçluk iýmitleniş ýörelgesi.

Ýaponlar üçburçluk iýmitleniş ýörelgesine eýerýärler. Olaryň günortanlygy ýa-da agşamlygy 5 nahardan geçmeýär. Köp halkyň naharlanyş medeniýetinde ilki bilen
çorba içilýär, soňra beýleki naharlar iýilýä. Emma ýaponlarda beýle däl. Ýaponlar üçburçluk görnüşinde: ilki bilen çorbanyň bir bölegini içip, soňra gaýnadylan tüwüden az-owlak iýýärler. Ondan soňra suşi ýa-da balykly tagamlardan dadyp, ýene-de çorba içip başlaýarlar. Naharlaryň gezekleşmegi
arkaly iýmitlenilýän bu usul sagdyn agram saklamaga kömek edýär. Ýaponlar saçakdaky ähli zatdan az-azdan dadyp görmek, sagdyn bolmaga ýardam edýär diýip düşünýärler. Ýaponlar çagalaryna
kiçilikden doýýança iýmegi ret edip, 80 göterim doýýançaň iýmegi öwredýärler. Bedeniň dynç almagy we özüňi ýeňil duýmak üçin az iýmegi maslahat
berýärler. Ýaponlarda 1920-nji ýyllardan soň ýeňil iýmitleniş medeniýeti ornaşdyrylýar. Şondan soňra balykdyr gök önümli naharlara has köp üns berlip
başlanýar.

Mekdeplerde iýmitleniş düzgüni.

Ýaponiýada kanun boýunça her mekdepde iýmit hünärmeni bolmaly. Ol çagalara berilýän naharlaryň sanawy we hili bilen tanyş bolup, düzgünlere laýyklykda çaga-
lara gözegçilik etmeli. Şeýle hem çagasy semiz ata-enelere maslahat berýär. Adatça ýapon mekdeplerinde nahar 5 kiçi bölekden durýar: ak balyk, gök önümler, süýt, gaýnadylan ak tüwi we süýjülik
pastasy. Mekdebe gatnaýan çagalara öýlerinden nahar getirmek, gaplanan önümleri iýmek gadagan edilýär. Naharlar mekdep müdiri tassyklandan soň çagala-
ra berilýär. Nahar iýlip başlanmazdan ozal mekdep okuwçylarynyň biri orta çykyp, şu günki nahar bilen tanyşdyrýar. Mekdepde nahar wagty 12:00 bolup, günortanlyk naharyndan soň düzgün boýunça bir
bulgur süýt içmeli. Ýaponlarda iýmit isrip edilmeýär. Şol sebäpli her bir çaga naharyny dolulygyna iýip gutarmaly.

Ýaponlaryñ uzak ýaşamagynyñ syry.

Her gün irden Ýaponiýanyň seýilgählerinde garry adamlar topar bolup bilelikde maşk edýärler. Bu bolsa uzak ýaşamaga itergi berýär. Ýaponlar beýleki halklardan has uzak ýaşaýandygy bilen tapawutlanýar.
Orta hasap bilen Ýaponiýada erkekler 81, zenanlar 88 ýyl ýaşaýar.

OGIMI- dünýäniñ iñ garry ilatly obasy.

Ýurduň günorta bölegindäki arhipelag bolan Okinawa uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerde dünýäniň iň garry adamlarynyň ýaşaýan obasy ýerleşýär. Ogimide 215 hojalyk bolup, tokaý bilen gurşalan dag etegindäki obada 90 ýaşdan ýokary 173 adam bar. Garrylar obasynyň ilaty işjeň ýagdaýda bolup, wagtly-wagtynda dynç almaga, iýmitleniş düzgünlerini berk saklamaga üns berýärler.

Zaman.Turkmenistan
18
75
Islam_Atayew
12.06.2024 12:35
Irden sagat sekizden soñ başlanar,
Edip ýören bar işleriñ taşlanar,
Sähel gymyldasañ derrew haşlanar,
Gradusy 50-ä ýetýä yssynyň.

1-litr suw içýärsiñ ogurtda,
Özün oñarýanlar ýaýnar kurortda,
Towuklaram berýär bişen ýumurtga,
Gradusy 50-ä ýetýä yssynyñ.

Awtobusa münseñ dürli aromat,
Wah bu yssy bolar başa melamat,
Kondisioneriñ işläp dursa keramat,
Gradusy 50-ä ýetýä yssynyñ.

Hajymyrat Goşaýew
(PeýKam)
22
77
Islam_Atayew
12.06.2024 00:10
Käbir adamlaryñ 2 görnüşi bar:

1-njisi "Настроение" göterýä
2-njisi "Давления" galdyrýa.
22
97