Islam_Atayew
12.06.2024 12:35
Irden sagat sekizden soñ başlanar,
Edip ýören bar işleriñ taşlanar,
Sähel gymyldasañ derrew haşlanar,
Gradusy 50-ä ýetýä yssynyň.

1-litr suw içýärsiñ ogurtda,
Özün oñarýanlar ýaýnar kurortda,
Towuklaram berýär bişen ýumurtga,
Gradusy 50-ä ýetýä yssynyñ.

Awtobusa münseñ dürli aromat,
Wah bu yssy bolar başa melamat,
Kondisioneriñ işläp dursa keramat,
Gradusy 50-ä ýetýä yssynyñ.

Hajymyrat Goşaýew
(PeýKam)
22
77
gulia_maksatmyradowna
12 Iýun 2024
@Serwi, biziňkem diňe akhan binä(arkadag şäheriň içindäkilerleý) çenli kansenerlija ondan aňaryk ýanyp bişmeli😂teke bazara çenli
gulia_maksatmyradowna
12 Iýun 2024
Biziň awtobuslammyza kondinsionerlija diýsem öwündigim bolaýarmyka🤭😁
flowers_
12 Iýun 2024
Dûrli aromat😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.