Islam_Atayew
15.06.2024 01:02
📌GYMMAT BAHALY IT
Iti näçä satyn alyp alyp bolarka? It saklamak bilen meşgul bolýanlar gowy iti 300-400 (elbetde, öňki baha bilen) manada satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar. Ýöne 1972-nji ýylda bir iti 33 000 dollara sorapdyrlar. Ýöne, iki ýaşly itini onuň eýesi, britaniýaly Ýudit Terlou ony satmakdan düýpgöter ýüz öwrüpdir.

📌BIR ÇÜÝŞE ÇAKYRYŇ BAHASY NÄÇE?
Çakyrlaryň dürli sortunyň bardygy belli. Ýöne iň gymmatbahaly çakyr diýlip «Şato Oson» hasaplanylýar.1900-nji ýylda Sent Emilson auksionda bu çakyryň bir çüýşesini satyn almakçy bolanda, ol 7920 dollara düşüpdir.

📌"MEN KEÝPINE ÝAZMAGY GOWY GÖRÝÄN"
Maşinkada ýazmagyň ýeňil iş däldigini köpler bilýän bolsa gerek. Eýsem, bu hemmeler üçin şeýlemikä?! Bu pikir bilen ABŞ-ly Marwa Drýu asla ylalaşmaz. Sebäbi
ol 1968-nji ýyldan 1974-nji ýyla çenli, özüniň ýönekeý ýazuw maşinkasynda birden bir milliona çenli ähli sanlary ýazypdyr. Olary ýazmak üçin Marwa 2473
sahypa gerek bolupdyr. Näme üçin azap edip ony ýazandygyny soranlarynda ol, «Men maşinkada keýpine ýazmagy gowy görýärin» diýip jogap beripdir.

📌OGŞAMAGYŇ ŞASY
Amerikanyň Koliforniýa ştatynda ýaşaýan Rožer Gaý Ingliş «ogşamagyň şasy» hasaplanylýar. Ol sekiz sagadyň dowamynda 3000 gyzy ogşapdyr. Eýsem ol
Şunça ogşasy isläp ogşadymyka ýa-da halky haýran galdyrmak üçin. Ine, şu weli belli däl.

📌SPORTUŃN TÄZE GÖRNÜŞI
Iňlis Aleko Žier sportuň täze görnüşiniň başyny başlady. Ol 24 sagadyň dowamynda 93 kilometr aralygy yzlyn ýöräp geçdi. Bu waka 1974-nji ýylda bolup geçsede, onuň yzyny alyp göterenler bolmady.

dowamy bar.

Ginnesiñ rekordlar kitabyndan parçalar.
28
126
ideallider
16 Iýun 2024
Yzlygyna ýöreýänlerä bar ekenlerweli, nämçün kellesi bilen ýöränoklarka😁👍
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Iýun 2024
yooopti🙄
Islam_Atayew
15 Iýun 2024
@garlawac, 😁
Akram_Beshimov
15 Iýun 2024
3000 sany bakteriýa 😷
flowers_
15 Iýun 2024
@smiling_, näçe gezek uruldyka😄
stella_🖤
15 Iýun 2024
Islam_Atayew
15 Iýun 2024
@stella_🖤, bolya, uns berip okanyn ün sagbol
stella_🖤
15 Iýun 2024
Dowamyna garasyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.