Islam_Atayew
13.06.2024 00:01
Ginnesiñ rekordlar kitabyndan parçalark(dowamy)

📌 IŃ ÝAŞ ÝAZYJY
Dört ýaşly Doroti Steýt ýaşy boýunça iň ýaş ýazyjy hasaplanylýar. Onuň «Parahatçylyk nähili başlandy?» atly romany 1962-nji ýylda Nýu-Ýorkyň «Panteon-Buks» neşirýatynda çapdan çykaryldy.

📌KÖP ÇAGALY AÝAL
Iň köp çaga dogurmak boýunça rekord Moskwa guberniýasynda ýaşap geçen daýhan aýaly Fedora Wasileta degişli. Ol XIX asyryň ortalarynda 69 çagany dünýä inderipdir. Olaryň 4 sanysy dördem, 7-si üçem, 16-sy ekiz bolupdyr. Bu hormatly hyzmaty üçin ony Aleksandr Il ýörite öz kabulhanasynda kabul edipdir.

📌KAKALARYŃN ŞASY
Kakalaryň arasyndaky rekord Marokkonyň imperatory Ganojak ady bilen tanalýan Mulaý lsmaila (1672-27) degişli onuň çagalarynyň sany 888-e yetipdir:548
oglan, 340 gyz. Ýöne olary näçe aýalyň dograndygy barada maglumat berilmändir.

📌IŇ AGYR BEÝNI KIMIŃKIKÄ?
Iň agyr beýni I.S.Turgenewiň beýnisi hasaplanýar. Adaty uly adamlaryň beýnisiniň agramy 1470 grama
barabar bolýan bolsa, onuň beýnisiniň agramy 2011,676 grama deň ekeni.

📌KIMIÑ SAÇY UZYN
Saç ösdürmek boýunça hindi monastyrynyň ruhanysy Suamy Paizarasanadhinden öňe düşen tapylmasa
gerek. Onuň saçynyň uzynlygy 792,48 santimetr ekeni.

📌IŇ ÖNDÜMLI IŞLEÝÄN HUDOŽNIK
Iň öndümli işleýän hudožnik Pablo Pikasso
hasaplanylýar. Ol 78 ýylyň içinde 13500 kartinany we eskizi, 1000000 estampy we grawýurany, 340000 kitabyň suratyny, 300 skulptura we keramiki önümleri döredipdir. Onuň işleri 690000000 dollar möçberinde
bahalanypdyr.

📌13 MINUTLAP SUWUN AŞAGYNDA
Otuz iki ýaşly amerikaly Robert Foster özboluşly rekord goýmagyň hötdesinden geldi. Ol suwuň aşagynda 13 minut 42,5 sekuntlap dem alman durmagy başardy. Ýöne ol suwa girmezinden ozal 30
minutlap arassa howadan gowy dem almagy ýadyndan çykarmandyr.

dowamy bar.

kitapcy.ru
25
203
gonk
13 Iýun 2024
Malades dowamyna garasýas👍👍👍
ayymsha
13 Iýun 2024
@geldiyevna, 😊👍
ayymsha
13 Iýun 2024
@geldiyevna, sizin nace chaganyz bar
flowers_
13 Iýun 2024
@geldiyevna, Mulaý Ismaila(3njini oka) meñzaýmesin diýip gorkdym😂
ayymsha
13 Iýun 2024
@geldiyevna, Gowy, sizem gowumy
ayymsha
13 Iýun 2024
flowers_
13 Iýun 2024
@Islam_Atayew, aýdanyñ gelsin
Islam_Atayew
13 Iýun 2024
@flowers_, Huday yetirsin sizede
flowers_
13 Iýun 2024
@geldiyevna, mümkin
flowers_
13 Iýun 2024
@geldiyevna, biri zeyrenip otyr lagerde 20,30 seredip bilemok diyip, şuny okatdym şu wagt😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.