Islam_Atayew
16.06.2024 12:42
📌UZYN BOÝLY ÄR-AÝAL
Iň uzyn boýly är-aýalyň kimdigini bilmeklik hem gyzykly. Olar Kingstonana Gallaly Naýdžel Uilks (200,6 santimetr) we Bewerli Rassel (219,3 santimetr) hasaplanylýar. 1984-nji ýylyň 30-njy iýunynda durmuş
toýlaryny tutanlarynda olaryň ikisi hem 21 ýaşynda ekeni. Olaryň ogly Daniel 1986-njy ýylyň 22-nji martynda dünýä inende, agramy 4,22 kilograma barabar bolupdyr.

📌GYSGANÇLYK GOWULYGYŃ ALAMATY DÄL
Gysgançlyk boýunça goýlan rekord hem köpler üçin gyzykly bolsa gerek. 95 million dollary bolan Genriýet ta Haulend Grin öz oglunyň aýagyny bejertmek üçin pul tölemäge «dözmän» mugtuna bejerilýän
keselhanalary bir näçe wagtlap gözläp, azara galypdyr. Keselhana tapyp ýerleşdirýänçäler oglunyň aýagynyň ýarasy beterleşip, aýagyndan jyda düşmeli bolupdyr.

📌47:0
Sport söýüjileriň hokkeýde iň köp gol geçirmek boýunça haýsy komandanyň rekord goýandygyny bilmek höwesi bar bolsa gerek. Bu oýun boýunça rekord L
Kanadalylara degişli. Olar 1947-nji ýylda
Daniýanyň komandasy bilen bolan oýunda 47:0 hasapda utuş gazanypdyrlar.

📌IŞSIZ REKORDSMEN
Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda ýaşaýan Maýkl Zelens rekordlar kitabyna düşmek maksady bilen 1974-nji ýylyň 22-nji aprelinden tä 19-njy iýunyna çenli
(57 gün, 20 sagat 53 minut) bagrýannik agajynyň üstünde oturypdy.

📌ÖZBOLUŞLY REKORD
Amerikaly Ronald Laýt hem özboluşly rekord goýupdyr. Ol 12 minudyň içinde 3 kilogram 629 gram morožnoýe iýipdir.

dowamy bar.

Ginnesiñ rekordlar kitabyndan parçalar.
24
108
Perman__
16 Iýun 2024
@geldiyevna, болонно гора сыгырларада сагбол айдаймалыдын😁
Perman__
16 Iýun 2024
@geldiyevna, барлап горип сон айдай шу гепини
Perman__
16 Iýun 2024
@geldiyevna, гызыклы ерем шол вагт белленен 10минут
Perman__
16 Iýun 2024
@geldiyevna, икиси бир киле
Perman__
16 Iýun 2024
@geldiyevna, ийип билермикан инда менем гызыкландырдын 😁
Perman__
16 Iýun 2024
@geldiyevna, ийип билсен мугт+ пулам гойлан. Башармасанам терсине 😁
alma___
16 Iýun 2024
ÖZ Oglyña dözmän nåme etjek onça puly
Perman__
16 Iýun 2024
9минут 22секунтда 2машгала морожно (1кг) ийип горипдим😁
stella_🖤
16 Iýun 2024
Iň soňky kesseläp ýatandyr rekorda girmek üçin her hili zat etýärler🤦🏻‍♀️😅😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.