Imissyou
15.12.2023 06:42
Ýadymda henizem şol geçen günler
Agamyň toýunda göripdim seni 
Gözel jemalyňy uzakdan synlap 
Bagtyňa bendiwan edipdiň meni

Şol gün elme alyp seň telefonňy
 Görenimde seniň suratlaryňy
 Içgin-içgin bakyp seredip çykyp
 Dörenimde seniň suratlaryňy

Gözim düşdi bir nätanyş oglana
Köşge şol suraty görmesedim hiç 
Şol gün çyn söýgimi aýtjakdym saňa Indi bary giç

Klasdaşlaň bilen uçurym güni
 Durdyň sen bir ýigdiň elinden tutup
Ýüregimde gaýnap joşan bu söýgim 
Indi ýüregimde galypdy ýatyp
Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok
Müň dürli syr bardy gara göziňde 
Bilýärin bu ýerde seniň günäň ýok Günä özimde
Men saňa söýgimi aýdyp bilmedim
 Seni söýüp guwanardym daşyňdan
 Goý meniňki ýaly jogapsyz söýgi
Geçmäwersin hiç adamyň başyndan

Gerçeknazar Amannazarow
23
23
Imissyou
15.12.2023 01:23
Hrizantema gülleri öz taryhyny Uzak Gündogardan alyp gaýdýar we gadymy döwürlerden bäri adamzada mälimdir. Hytaýlylar ilkinji bolup 3 müň ýyl ozal küýzelerde hrizantema gülüni ösdürip ýetişdiripdirler. Ilki bilen nahar bişirmekde we lukmançylykda ulanylan, soň bolsa gözellik, bezeg üçin ösdürilip ýetişdiripdirler. Hrizantemalar şu güne çenli Hytaýlylar üçin gadymy ynançlaryň jadyly ösümligi, meşhur ysly we halaýan ýapyk we öý güli bolup galýar. Bu ajaýyp güller Ýewropa 1789-njy ýylda geldi we 1802-nji ýyla çenli ilkinji 10 görnüşi bu ýerde ösdürilip, köpeldildi.
Görnüşleri:

Häzirki zaman medenýetinde infloresensiýanyň görnüşine görä 13 topara bölünýän bag hrizantemalarynyň 650-den gowrak görnüşi bar. Gyrymsy hrizantemalar toparyna degişli gülleriň aşakdaky ýaly görnüşleri belli edildi.

Ýelek şekilli hrizantema – olarda goşa infloresensiýa bar, ýapraklar gülüň ortasyny doly gizläp durýar.

Düwürtikli ( tiken görnüşli) hrizantemalar pyntyklara meňzeýär, ýöne ýapraklary has inçe, käwagt egri we gülleriň özi çotga meňzeş.

Pompom hrizantemalary – adaty tegelek görnüşdäki kiçi, doly goşa infloresensiýa eýedir.

Anemon şekilli hrizantemalar – gülleriniň ortasy gök reňkli bolýar.

Çemçe şekilli hrizantemalar – ýapraklary ujuna gitdigi saýý ýognalýar, çemçäni ýada salýar.

Fantaziýa hrizantemalary – Ýaponiýadan Ýewropa täze getirilen görnüş hasaplanýar. Gülleri beýlekilerden has uly. Olar sowuga durnukly gülleriň şertli toparyny emele getirýär.
24
39
Imissyou
14.12.2023 20:26
Dünýäde deňi-taýy bolmadyk Kuh-i Nur göwheri 105 karatly. Pars dilinden terjime edilende, «ýagtylygyň dagy» diýmegi aňladýar. Bu daşyň gyzykly taryhy hem-de ol barada ençeme rowaýatlar bar.

Daşyň gelip çykyşy barada belli bir maglumat bolmasa-da, rowaýatlaryň birine görä, bu daş biziň eramyzdan ençeme müň ýyl ozal döräpdir. Hindi derýasynyň kenaryndan bir oglanjyk tapylypdyr. Onuň göwher daşy çatylan başörtügi bar eken. Pil sürüsini kowujylar oglany köşge getiripdirler. Ol Karna-Gün hudaýynyň ogly bolup çykypdyr. 1304-nji ýylda Kuh-i Nur göwheri resmi taýdan hasaba alnypdyr. Şondan bäri bu daş ençeme asyrlap patyşalara, soltanlara degişli bolupdyr. Bu göwhere eýe bolmak üçin söweşler alnyp barlypdyr.

Daş barada: «Kim Kuh-i Nur göwherine eýe bolsa, şol hem tutuş dünýä eýe bolar» diýen ýaly aýtgylar hem döräpdir. Gadymy hindi rajalaryndan peşgeş galan şol täsin göwher daşy beýik Mogollar imperiýasynyň şalary üçin nesilden-nesle geçýän mirasa öwrülipdir. Britan goşunlary Hindistany basyp alanlaryndan soň, bu göwher britan täjiniň bir bölegine öwrülip, häzirki güne çenli hem britan şazadasynyň maşgalasyna degişlidir. Umuman aýdanyňda, bu daş barada dürli rowaýatlar, dürli çaklamalar bar.
33
86
Imissyou
14.12.2023 17:30
Nar gadymy döwürlerden bäri köp hasyllylygyň simwoly hasaplanýar. Naryň suraty Müsür piramidalarynda-da duş gelýär. Tas ähli sökelliklere garşy peýdalanandygy sebäpli, ir döwürlerde köp halklarda nara «Behişt miwesi» diýlipdir.

Naryň dänesini owradyp iýmek kellagyryny aýyrýar, gan basyşyny peseldýär. Onuň dänesinden taýýarlanan ýag kosmetologiýada giňden ulanylýar. Naryň suwy böwrekdir bagyr üçin örän peýdalydyr. Onuň düzümindäki F we E ýokumlar ýag erediji häsiýete eýe bolansoň, deriniň juwanlaşmagyna we beden öýjükleriniň sazlaşykly täzelenip durmagyna ýardam edýär.

Naryň gabygy ir döwürlerden bäri halk lukmançylygynda peýdalanylyp gelnipdir. Ony owradyp, külke görnüşde ýara sepipdirler, sowuklamadyr soguljanyň garşysyna göreşmekde-de naryň gabygy gaýnadylan suwy beripdirler. Naryň gabygy gaýnadylan suwa çaýkamak arkaly agyz boşlugyndaky ýaralary hem bejeripdirler.
25
47
Imissyou
14.12.2023 14:19
Lukmançylyk ylmynyň tassyklamagyna görä, naryň miwesi ýokary bejerijilik häsiýete eýedir. Onuň himiki düzümi, görnüşine, ösýän ýeriniň topragyna, howa şertlerine bagly bolup, bu ýokumly we peýdaly iýmit bütin dünýäde bellidir. Naryň bişip ýetişmegi üçin yssy howanyň bolmaklygy hökmanydyr. Ol 9-12 derejä çenli sowuga çydap bilýär. Ol adamlara belli bolan iň gadymy ösümlikleriň biri hasaplanylyp, ilkibaşda, esasan hem Eýranda ösdürilip ýetişdirilipdir. Şeýlelikde nar miwe hökmünde ilki Aziýa ýurtlarynda ulanylyp başlanypdyr.
Nar agajynyň gabygy we köki dermanlyk häsiýete eýedir. Onuň ýapraklaryndan şypa beriji çaýy demleýärler. Şeýle hem nardan miwe suwy taýýarlanylyp, ol damarlaryň işleýşini gowulandyrýar. Lukmançylykda süýji naryň suwy böwregagyrylaryny bejermekde, turşumtyk naryň suwy bolsa böwrekdäki daşlary aýyrmakda we öthaltany arassalamakda peýdalanylýar. Başga-da, bagyr, öýken, dalak, galkan görnüşli we peşew mäzleriniň gowy işlemegine naryň suwunyň täsiri uludyr. Ony aşgazanasty mäz we düwnük kesellerinde, ganazlykda, ýokanç keselleri bejermekde hem umumy bejergi hökmünde ulanypdyrlar. Mundan başga-da, bu täsin miwäniň sesiňi arassalamakda, dümew, üsgülewük, gijilewük kesellerini bejermekde, bedeniň gyzgynyny kadalaşdyrmakda peýdasy uludyr.
Halk lukmançylygynda ata-babalarymyz naryň gülüni aşgazan we içege näsazlyklarynda, diş etiniň ganamagynda ulanypdyrlar. Naryň miwesi buşukdyryjy, ýara bitiriji we diş etlerini berkidiji serişde hökmünde belli bolsa, ondan taýýarlanan şire ganazlykda we sarygetirmede örän peýdalydyr. Naryň gabygy içgeçme keselinde gaýnadylyp ulanylýar.
18
25
Imissyou
14.12.2023 09:16
Gadym döwürlerden bäri adamlar suwy gaýnadyp, oňa dürli ösümlikleriň ýapraklaryny, baldaklaryny ýa-da miwelerini goşup, olary melhem hökmünde ulanyp gelipdirler. Bu ösümlikleriň köpüsi özüniň dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanypdyrlar. Şeýle ösümlikleriň iň esasylarynyň biri hem keýik otudyr. Oňa il arasynda käkilik oty hem diýýärler.
Keýik otunyň watany Ortaýer deňziniň sebitleri we Türkiýe döwleti hasaplanýar. Bu otuň hoşboý ysy bar, ony dürli hili naharlaryň tagamyny süýjetmek üçin ulanýarlar. Käkilik otunyň ynsan saglygyny bejermekde dermanlyk aýratynlyklary bolup, aşgazan, öýken we içege kesellerini bejermekde halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar. Ondan başga-da bu ösümligi üsgülewüge, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyna garşy çaý hökmünde içýärler. Ol adamyň gan akymyny kadalaşdyrýar, gandaky glýukozanyň mukdaryny sazlaýar.
Keýik otuny köp ýurtlarda şowlulyk getirýän ösümlik hökmünde hem ulanýan ekenler. Şeýle ýurtlardan biri hem Gadymy Gresiýa hem-de Müsürdir. Olar bu ösümligi ybadathanalarda we öýlerinde tütedipdirler. Türgenler we esgerler bolsa melhem hökmünde ulanypdyrlar. Olar bu ösümligiň ýagyny çykaryp, ony bedenlerine çalypdyrlar. Şeýtmek olara güýç berýär diýip hasaplapdyrlar.
Gadymy grek lukmanlary bolan Pedaniý Dioskorid we Pliniý keýik otunyň dermanlyk häsiýetleri barada öz ylmy işlerinde ýazyp geçipdirler. Russiýada ony ,,Ylahy ot’’ diýip atlandyrypdyrlar. Ony,, Bagt getirýär’’ diýen düşünje bilen toýlarda, ýörişe, awa ýa-da balyk tutmaga ugranlarynda tütedipdirler.
Keýik otunyň dermanlyk häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyzyň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri’’, ,, Çaý melhem hem ylham’’ atly ylmy-ensiklopedik işlerinde hem giňden agzalyp geçilýär. Bu ösümlikden taýýarlanylan çaýy kakadylan miweler bilen kabul etmek boýunça maslahatlar berjaý edilende bedendäki mikroelementleriň deňagramlylygynyň üpjün edilmegine oňaýly täsir edýär.
24
17
Imissyou
14.12.2023 05:13
Garda ýörelende çykýan sesler basylanda gar kristallarynyň döwülmesinden emele gelýär.

Gar kristallarynyň bäş müňden gowrak görnüşiniň bardygy hasaba alnandyr.

Örän köpsanlydygyna garamazdan, olaryň hiç biri beýlekisine meňzemeýär.

Ýere gaçýan gar parçasynyň tizligi sagatda bir kilometre golaý.

Gar parçalarynyň 95 göterimi howadan ybarat.

Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň ýarysyndan gowragy ömründe hiç hili hakyky gary görmedik.

19-njy ýanwar Bütindünýä gar güni.

Mikroskopda garyň ilkinji fotosuratyny 1885-nji ýylda alypdyrlar.

Amerikaly fotograf Uilson Bentli ony anyk düşürmek üçin 46 ýylyny sarp edipdir.

Gar kristallaryny ilkinji bolup dürli toparlara bölen ýaponiýaly alym Nakaýa Ukiçirodyr.

Şol sebäpli Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynda ýerleşýän dünýädäki ýeke-täk gar muzeýine onuň ady berlipdir.

Häzirki wagtda adamlar diňe bir tebigy däl, eýsem, emeli garlardan hem peýdalanyp bilýärler.

1961-nji ýylda ilkinji emeli gar enjamy ulanyşa girizilýär.

1975-nji ýylda bolsa, ABŞ-nyň Winkonsin uniwersitetiniň talyby suwda buz kristallarynyň döremegine kömek edýän biologiki garyndylar bilen işleýän enjamy ýasaýar.

2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynda şeýle enjamlaryň 500-si ulanylypdyr.
28
63
Imissyou
13.12.2023 19:17
...Adam

Ýazjaklarny ýazyp bilmän,
tokgalap,
Mynçgap taşlan kagyzy deý kimsäniñ.
Ýürek dar gursakda barha ýygrylýa,
Gasyn-gasyn bolup günbe-gün saýyn.

Gasyn tutan lybas ýaly onuñ-da,
Bolaýsady ýygyrtlarny ütükläp.
Ütük bolmasa-da, onuñ ýygyrdyn,
Ýazar ýaly dil ujunda nutuk kän.

Ýöne, onuñ kalbyn ýazyp okara,
Bu günki gün hemme şermende "A"-dan.
Diýmek, özge kalplañ gapysyn açman,
Gaflatda galypdyr, bu gapyl Adam.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
30
44
Imissyou
13.12.2023 14:19
ELIŇDEDIR

Şükürüm kän, keremiňe, eý, Allam,
ykbala nur çaýýan ýaz eliňdedir.
Ömür günler bilen atyp ýör hallan,
emma, soňra galjak yz eliňdedir.

Bilmän galýan niçik duşumdan geçdi,
günler bir-birine şeýle bir gysby,
gursaga guýupsyň egsilmez yşgy,
körügin köretjek köz eliňdedir.

Aýdyň,
nirde yşkdan ýüzün sowan bar?!
Mähre – ýatlar ýakyn,
dostlar dogan bo:r.
Köp atsaň şor,
az atsaňam ýuwan bo:r,
ömre tagam berjek duz eliňdedir.

Öwütdir şü,
görelde şü pederden,
gahryn ýuwdan – iň ullakan edermen.
Haýsy ýana sürseň, şoňa gidermen,
ykbalyň jylawy ÖZ eliňdedir.

Aşyrmat GARLY.
26
33
Imissyou
13.12.2023 10:29
"Bir zenan bilen men dynman öpüşdim..."

• Wladimir Solouhin hakda

Wladimir Alekseýewiç Solouhin 1924-nji ýylda eneden boldy. Ilkinji kitaby "Sähradaky ýagyş" ady bilen 1953-nji ýylda çap edildi.
"Огонёк" žurnalynyň redaksiýasynda işlän döwründe ol ýurdumyzyň köp ýerlerinde bolup gördi. 1954-nji ýylda Gazagystana gelip, ol tarp ýer epopeýasynyň başlangyjynyň şaýady boldy. Baý materiallar esasynda dörän "Zernogradyň dogluşy", "Mawy deňziň aňyrsynda", "Altyn düýp" ýaly oçerkler we goşgular ýygyndysy ýaş ýazyja şöhrat getirdi.
W.Solouhin şahyrmy ýa kyssaçy? Şeýle soraga birbada jogap bermek kyn. Sebäbi, onuň goşgular ýygyndylary bilen bir hatarda prozanyň ajaýyp nusgalary bolan "Wladimiriň ýollary", "Çyg damjasy" atly liriki powestleri bar. Şu powestleri okanyňdan soň, W.Solouhiniň öz ülkesine aşyk, sözüň iň bir inçe äheňlerine düşünýän şahyrdygyna göz ýetirýärsiň.
Şahyryň goşgularyny hem-de prozasyny okap, biz içki dünýäsi baý, adama aşyk adamy görýäris.

* * *

Bir zenan bilen men dynman öpüşdim,
Uzak gün öpüşdim,
Mährim ganmady.
Gün geçdikçe welin gussa ýetişdim.
Iç gysyo,
Bir meňzeş bulutly göge
Her näçe baksam-da,
Gussam galmady.
haňlap,
Weýran boldy köňlüm saraýy.
Ömürylla öpüşmedik ýaly men.
Duzsuz posalardan tapman haraýy,
derdim ýeňletmeli boldum
Meý bilen.

* * *

Bir zenan bilen men tokaýda gezdim,
Dalaşmadym
Boýnuna gol ýetirip
Öpüşjek bolmadym -
Özüme dözdüm.
Diňe ýapdan geçirdim men
Göterip.
Göni görejime ol gamly bakyp,
Jany-teni bilen gysmyljyrady.
Çabran gyzgyn demi
Ýüzümi ýakyp,
Ganym bilen damarymda ýöredi.
Gün geçdikçe giňäp
Köňlüm saraýy,
Birzarba içen dek
Bir çüýşe meýi,
Yşkyň humaryndan başym aýlanýar.
Onuň gyzgyn demi
Aýrylman şindem
Çabraýar,
Howrundan çekgelem ýanýar
Ol howur göterlip ýitäýer öýdüp,
Ýüzüme el degrip bilmeýän indem,
Aýal söýgüsiniň boluşyn hemdem!

Terjime eden Ýagmyr PIRGULYÝEW.
28
68