Imissyou
13.12.2023 14:19
ELIŇDEDIR

Şükürüm kän, keremiňe, eý, Allam,
ykbala nur çaýýan ýaz eliňdedir.
Ömür günler bilen atyp ýör hallan,
emma, soňra galjak yz eliňdedir.

Bilmän galýan niçik duşumdan geçdi,
günler bir-birine şeýle bir gysby,
gursaga guýupsyň egsilmez yşgy,
körügin köretjek köz eliňdedir.

Aýdyň,
nirde yşkdan ýüzün sowan bar?!
Mähre – ýatlar ýakyn,
dostlar dogan bo:r.
Köp atsaň şor,
az atsaňam ýuwan bo:r,
ömre tagam berjek duz eliňdedir.

Öwütdir şü,
görelde şü pederden,
gahryn ýuwdan – iň ullakan edermen.
Haýsy ýana sürseň, şoňa gidermen,
ykbalyň jylawy ÖZ eliňdedir.

Aşyrmat GARLY.
26
33
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.