Imissyou
14.12.2023 20:26
Dünýäde deňi-taýy bolmadyk Kuh-i Nur göwheri 105 karatly. Pars dilinden terjime edilende, «ýagtylygyň dagy» diýmegi aňladýar. Bu daşyň gyzykly taryhy hem-de ol barada ençeme rowaýatlar bar.

Daşyň gelip çykyşy barada belli bir maglumat bolmasa-da, rowaýatlaryň birine görä, bu daş biziň eramyzdan ençeme müň ýyl ozal döräpdir. Hindi derýasynyň kenaryndan bir oglanjyk tapylypdyr. Onuň göwher daşy çatylan başörtügi bar eken. Pil sürüsini kowujylar oglany köşge getiripdirler. Ol Karna-Gün hudaýynyň ogly bolup çykypdyr. 1304-nji ýylda Kuh-i Nur göwheri resmi taýdan hasaba alnypdyr. Şondan bäri bu daş ençeme asyrlap patyşalara, soltanlara degişli bolupdyr. Bu göwhere eýe bolmak üçin söweşler alnyp barlypdyr.

Daş barada: «Kim Kuh-i Nur göwherine eýe bolsa, şol hem tutuş dünýä eýe bolar» diýen ýaly aýtgylar hem döräpdir. Gadymy hindi rajalaryndan peşgeş galan şol täsin göwher daşy beýik Mogollar imperiýasynyň şalary üçin nesilden-nesle geçýän mirasa öwrülipdir. Britan goşunlary Hindistany basyp alanlaryndan soň, bu göwher britan täjiniň bir bölegine öwrülip, häzirki güne çenli hem britan şazadasynyň maşgalasyna degişlidir. Umuman aýdanyňda, bu daş barada dürli rowaýatlar, dürli çaklamalar bar.
33
86
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.