Imissyou
17.12.2023 15:20
Degişme goşgy

Seni görüp, boldum yşgyñ dälisi,
Men guraýyn, biraz akyl çöññedä,
Şol garaşyp gyzgyn çeýnek elimde,
-Bol, aýt baryn, indi beri dymmada.

Garaşýaryn, günde seniñ aýdarña,
Bu gün seni yhlas bilen diñlejek.
Bol aýt! bar yhlasym köýdürme,
Sowan çaýam gaytadandan demlejek.

Agzybirlik bilen saña garaşyp,
Seniñ üçin bar işimi goýdumam,
Mazaly nerwimem boldy bulaşyk,
Sen diýip, içim bagrym köýdüren...

Elimi bişirip gyzgyn çeýnegi,
atdym welin,
ýeñläp gitdi derdimem.
Çökerdiñ...,
kül boldy, telewizorym,
Içça bilen Tapasýaly Kördügüm...

Remezan MÄMWTGURBANOW.
29
108
Imissyou
17.12.2023 12:29
Okuwçy döwrümde ilkinji söýgilime Söýgi hatyny ýazamda gelen jogap😄😄😄😄🤣🤣🤣


Men:

Salam haty,
Görme gaty,
Görseň gaty,
Otlaryn gaýraňyzdaky oty.

Gyzdan gelen jogap;🤣😄🤣😄

Salam haty,
Göremok gaty,
Otlasaň oty,
Boşadaryn iti.
52
328
Imissyou
16.12.2023 21:16
Aýdyşyk Goşgy (Duet)

Eýesi boldyň!

Umman deý kalbymyň eýesi bolduň,
Hiç bir gaýyk milt etmändi ýüzmäne.
Sen ýüzmäne milti nireden aldyň?
Ýa rugsat berdimmi saňa ýüzmäne?

Asman deý giň köňlüň eýesi bolduň,
Ganatsyz uçmandy hiç kim köňlüme.
Sen bolsa köňlümde ganatsyz uçduň,
Ýa rugsat berdimmi saňa uçmana?

Çaga deý göwnümiň eýesi bolduň,
Nädip girip bildiň meniň dünýäme?
Şadyýan göwnümi nireden tapdyň?
Ýa rugsat berdimmi saňa girmäne?

Sen gaýyksyz ýüzip girdiň kalbyma,
Ýa ganatsyz uçduň meniň köňlümde.
Başardyň çaga deý göwnümi alyp,
Başardyň dünýämiň eýesi bolup.

Awtory:
@Gulia_Maksatmyradowna


Eýesi boldym!

Ummandeý kalbyňyň eýesi boldym,
Hiç bir gaýyk milit etmesede ýüzmäne.
Men ýüzmäne milti özüňden aldym,
Özüň rugsat berdiň maňa ýüzmäne.

Asmandeý giň köňliň eýesi boldym,
Hem-de orun tapdym seniň köňliňde,
Men bolsa köňliňde ganatsyz uçdym,
Özüň rugsat berdiň maňa uçmana.

Çaga deý köňliňiň eýesi boldym,
Başardym girmäni seniň dünýäňe,
Saňa duşup bagtymy bir sende tapdym,
Özüň rugsat berdiň maňa girmäne.

Men gaýyksyz ýüzüp girdim kalbyňa,
Hem ganatsyz uçdym seniň köňliňde,
Başardym çaga deý göwniňi alyp,
Bagtly men seň dünýäň eýesi bolup.


Awtor: @Imissyou
42
445
Imissyou
16.12.2023 17:48
Ýurdumyzyň ýaşlary Hytaýa we Wengriýa okuwa iberiler.

2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýaşlaryny Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ibermek göz öňünde tutulýar. Bu barada 15-nji dekabrda, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi.

Döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýaşlarymyzyň müňlerçesi daşary ýurtlaryň abraýly  ýokary bilim edaralarynda bilim alýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlary, matematika we tebigy ylymlary ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda bilim ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýurdumyzyň mynasyp ýaşlaryny ibermegiň wajypdygyny nygtady.
30
37
Imissyou
16.12.2023 13:04
Kitap okamagy halamaýan adam az bolsa gerek. Ýöne kitap okamak diýlende hökman gyzykly romanlardyr gijelerine ukyňy basym getirmäge kömek edýän güýmenje kitaplar däl, öwrediji kitaplary okamak zerurlygy ähli ýaşda ýüze çykyp bilýär. Okaýan kitabymyzyň ýadymyzda galmagy üçin bolsa käbir ýönekeýje zatlaryň bize diýseň uly kömegi degip biler.

Ilki bilen kitap okalanda aşa aç ýa bolmasa dok bolmazlyga çalyşyň. Sebäbi adam iýmitleneninde beýnimiziň işjeňligi biraz peselip organizmimiziň ähli “ünsi” aşgazana tarap gönügýär. Aç wagtymyz bolsa surnukdyryjy ýagdaýa düşüp, has köp tagamlar hakynda pikirlenip başlarys.

Ýatyp okamagyň beýnimize zyýanlydygyny eýýäm ençe barlaglar subut etdi. Şeýle-de sesli okamak köp ynsanlaryň ýadyna oňaýly täsir edýär. Mundan başga-da kitap okaýan wagtymyz çaý içmek hem beýnimiziň işjeňligine oňaýly täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Çaý melhem hem ylham” atly kitabynda çaýyň peýdalary hakynda giňişleýin aýdylyp geçilýär.

Sessizlik hem kitap okamak üçin möhüm şertleriň biridir. Kitaphanalarda sessizligiň berk talap edilýändigi hem şonuň üçindir. Tebigat goýnunda, seýilgählerde kitap okasaňyz beýniňiz durlanyp okaýan zatlaryňyzyň ýatda galyjylygy ýokarlanar.

Iň esasy zat, kitap okamagy endik edinmek. Sebäbi danalaryň biri “Nämedir bir zat okaýan adam hiç zat okamaýandan gowudyr” diýip belleýär. Kitaplar bilen dostlugyňyzy berkidiň. Olar size durmuşyň her öwrüminde iň wepaly dostdugyny unutmaň.
30
93
Imissyou
16.12.2023 10:14
Aýdylyşyna görä, Aýazbaba IV asyrda ýaşan şahs bolupdyr. Bir gezek ol bir garybyň öýüniň deňinden geçip barýarka, mätäçlikden kösenýän garry öý eýesiniň zeýrenip durandygyny eşidýär. Şonda ýüregi rehim-şepagatdan doly ýaňky adam bulara kömek etmegi ýüregine düwýär we peçiň turbasyndan öýe pul oklaýar. Pul turbadan aşak gaçyp peçiň ýanynda guratmak üçin goýlan gyzyň köwşüniň içine düşýär. Halk ýagşylyga ömrüni bagyş edeni üçin ony Aýazbabanyň keşbiniň üsti bilen aňladypdyrlar.

Häzirki döwürde Russiýada, Finlandiýada, Belarusda we başga-da birnäçe ýerlerde Aýazbabanyň anyk salgyly mekany bar. Olaryň adyna günde dünýäniň çar künjünden ýüzlerçe hat barýar. Ol hatlaryň ählisine-de jogap ýazylýar.

Ýazuwly edebiýatda Aýazbaba baradaky ýazgylara Odoýewskiniň ertekilerinde duş gelmek bolýar. Ýazyjynyň ertekisindäki Aýazbaba täze ýyldaky wakalar bilen bagly däl, ol ýaz paslyndaky wakalary suratlandyrýar. Ertekidäki babanyň ak saçlary seçelenip dur. Ol buz ýaly sowuk ýurtda ýaşaýar. Eserde Aýazbaba çagalaryň oňat işleri üçin olara sowgat-sylaglar berýär, rehimli we adalatly edilip suratlandyrylýar. Odoýewskiniň ertekisinde göwni päk gyza Aýazbaba gymmat bahaly monjuk sowgat berýär, öweý enäniň gyzyna bolsa, Gün çykanda ereýän buzdan monjuk sowgat berýär.
28
63
Imissyou
16.12.2023 06:41
Üzärligiň düzüminde adamyň bedenine peýdaly täsirini ýetirýän dürli maddalar, ýagny garmalol, garmin, peganin ýaly alkaloidler, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler, marganes, alýuminiý, nikel ýaly mikroelementler saklanýar. Bu ösümlik merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde, bogunlardaky guragyryda, dürli ýokançlarda, deri örtüginiň kesellerinde we soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdaly. Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň we ýylanlaryň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar. Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda üzärligiň şekili ýerleşdirilendir. Bu tötänden däl. Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) «Tebipçiligiň ýan kitaby» we Muhammet Hüseýniň «Melhemler hazynasy» diýen eserlerinde duş gelýär. Üzärlik halk lukmançylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir. Irki wagtlardan onuň tohumyny göz kesellerinde, derlediji, soguljanlaryň garşysyna serişde, umumy gyjyndyryjy serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Üzärligi halkymyz iki maksat üçin – dermanlyk hem boýag ösümligi hökmünde peýdalanýar. Ol çişlerde, garnyň ýellenmeginde, damaryň çekmesinde we merezýelde derman hökmünde ulanylýar. Merezýelde üzärligiň bişen tohumy ulanylýar, ýagny çilim edip çekilýär. Bu bejerginiň dowamlylygy – 3 4 aý. Şunda näsag berk berhiz saklamaly (turşy iýmitleri iýmek we spirtli içgileri içmek düýbünden gadagandyr). Dişiň agyranda üzärligiň tohumy bilen gara üzümi garyşdyryp we soňra agyryly dişiňe ýapmaly. Muhammet Hüseýn Gündogar halk lukmançylygynda bu ösümligiň ulanylyşy barada şeýle ýazýar: «Üzärlik – näzik serişde, çyglygyň netijesinde dörän kükrek kesellerini bejerýär, ysy hem içegedäki ýeli aýyrýar; aşgazandaky we içegelerdäki ereýän hem-de goýy, iriňli massalary aýyrýar». Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadylyp taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamada, gyzzyrma keselinde ulanylýar. Oty gaýnadylan suw bilen syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyry, gijilewük we beýleki deri keselleri bejerilýär. Merkezi Aziýanyň halklary bu ösümlikden taýýarlanan jöwheri diş eti agyranda agzy çaýkamak arkaly peýdalanýarlar. Owganystanda üzärligiň tüssesi ysmaz kesellerini bejermekde peýdalanylýar. Üzärligiň tohumyndan taýýarlanan melhem demgysmada we böwrek kesellerinde peýdaly. Lukmançylykda gidrohlorid peganin (gerdejik we ampula görnüşinde) miopatiýada hem miasteniýada, şeýle hem iç gatamada, içegäniň atoniýasyna iç sürüji serişde hökmünde ulanylýar. Garmini epideminli episefamitde, sandyrawukly ysmazda we Parakson keselinde peýdalanmak maslahat berilýär. 
24
21
Imissyou
15.12.2023 20:56
Yşgyňda men.

Göwnüm küýsäp tapman karar,
Gezip ýörün yşgyňda men.
Saňa bolan söýgim dowam,
Ölmez baky yşgyňda men.

Sensiň meniň göwünşadym,
Ilki söýgim perizadym,
Sen gözeli bagtym saýdym,
Ýanyp ýörün yşgyňda men.

Seniň yşgyňda

Guwanýan seretýän synlaýan daşdan,
Bu söýgi döräpdi nowjuwan ýaşdan,
Gözel görkiň aklymy alypdyr başdan,
Däli men diwana Seniň yşgyňda.

Gaşlaryň ýaýdanmy kirpigiň okdan,
Dişleriň dürdenmi, lebleriň baldan,
Ýylgyrşyň zyýada açylan gülden,
Intizar men läläm seniň yşgyňda.

Bilbiller saýraşar jemalyň görüp,
Çökeýin dyzyma huzuryňa baryp,
Ýaşamak kyn sensiz bilmerin oňup,
Bikarar men läläm seniň yşgyňda.

Gijeler oturýan aýa seredip,
Pikirim sen hakda goşgy döredip,
Adyň tutup oýanýan başym säm edip,
Mežnundeý däli men seniň yşgyňda.

📌Bellik:Gulia-nyň goşgysyndan ylham alyp düzülen goşgy😄😅
26
186
Imissyou
15.12.2023 16:23
3\Hemme zat görnüşi ýaly däldir.Bu gün bize ýaşaýyş beren suw,ertir bizi gark edip öldürip biler...
26
23
Imissyou
15.12.2023 12:17
"Hemme zat gowy" diýeniñ gowydyr, agyr halyñy dushündirip otyranyñdan.
31
44