Imissyou
16.12.2023 10:14
Aýdylyşyna görä, Aýazbaba IV asyrda ýaşan şahs bolupdyr. Bir gezek ol bir garybyň öýüniň deňinden geçip barýarka, mätäçlikden kösenýän garry öý eýesiniň zeýrenip durandygyny eşidýär. Şonda ýüregi rehim-şepagatdan doly ýaňky adam bulara kömek etmegi ýüregine düwýär we peçiň turbasyndan öýe pul oklaýar. Pul turbadan aşak gaçyp peçiň ýanynda guratmak üçin goýlan gyzyň köwşüniň içine düşýär. Halk ýagşylyga ömrüni bagyş edeni üçin ony Aýazbabanyň keşbiniň üsti bilen aňladypdyrlar.

Häzirki döwürde Russiýada, Finlandiýada, Belarusda we başga-da birnäçe ýerlerde Aýazbabanyň anyk salgyly mekany bar. Olaryň adyna günde dünýäniň çar künjünden ýüzlerçe hat barýar. Ol hatlaryň ählisine-de jogap ýazylýar.

Ýazuwly edebiýatda Aýazbaba baradaky ýazgylara Odoýewskiniň ertekilerinde duş gelmek bolýar. Ýazyjynyň ertekisindäki Aýazbaba täze ýyldaky wakalar bilen bagly däl, ol ýaz paslyndaky wakalary suratlandyrýar. Ertekidäki babanyň ak saçlary seçelenip dur. Ol buz ýaly sowuk ýurtda ýaşaýar. Eserde Aýazbaba çagalaryň oňat işleri üçin olara sowgat-sylaglar berýär, rehimli we adalatly edilip suratlandyrylýar. Odoýewskiniň ertekisinde göwni päk gyza Aýazbaba gymmat bahaly monjuk sowgat berýär, öweý enäniň gyzyna bolsa, Gün çykanda ereýän buzdan monjuk sowgat berýär.
28
63
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@medik_, Babay olarda Ata, Baba manysynda...
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@medik_, Tatarlar Allaha Allah Babay diýýä 🤦‍♂️
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
Sant Claus diýmek Sent Nicolas (Keramatly Nikolýa) diýmek.
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
Ýewropa we ABŞ ýurtlarynyň Aýaz Baba diýýäni Aýaz Baba däl. Ol hristiýan dininiň ruhanysy Keramatly Nikolýa.
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
Ayaz Ata (Uzbek: Ayoz Bobo, Kyrgyz: Аяз ата, Kazakh: Аяз Ата, Turkmen: Aýaz Baba, Tatar: Кыш бабай) is a winter god in Tengriism. (Wikipediýa)
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
Aýazbaba Sent Nikolas däldir. Aýazbaba bu gadymy ata babalarmyzyň gyş taňrysy Aýaz Ata-dyr.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.