Imissyou
15.12.2023 20:56
Yşgyňda men.

Göwnüm küýsäp tapman karar,
Gezip ýörün yşgyňda men.
Saňa bolan söýgim dowam,
Ölmez baky yşgyňda men.

Sensiň meniň göwünşadym,
Ilki söýgim perizadym,
Sen gözeli bagtym saýdym,
Ýanyp ýörün yşgyňda men.

Seniň yşgyňda

Guwanýan seretýän synlaýan daşdan,
Bu söýgi döräpdi nowjuwan ýaşdan,
Gözel görkiň aklymy alypdyr başdan,
Däli men diwana Seniň yşgyňda.

Gaşlaryň ýaýdanmy kirpigiň okdan,
Dişleriň dürdenmi, lebleriň baldan,
Ýylgyrşyň zyýada açylan gülden,
Intizar men läläm seniň yşgyňda.

Bilbiller saýraşar jemalyň görüp,
Çökeýin dyzyma huzuryňa baryp,
Ýaşamak kyn sensiz bilmerin oňup,
Bikarar men läläm seniň yşgyňda.

Gijeler oturýan aýa seredip,
Pikirim sen hakda goşgy döredip,
Adyň tutup oýanýan başym säm edip,
Mežnundeý däli men seniň yşgyňda.

📌Bellik:Gulia-nyň goşgysyndan ylham alyp düzülen goşgy😄😅
26
186
Dusia
15 Dekabr 2023
@ylham_gurbanaly, hawa şeýle bolsun
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@dusia_maksatmyradowna, esaay zat janyň sag bolsun. Başagaýlyk hiç.
Dusia
15 Dekabr 2023
@ylham_gurbanaly, olara jogap berip biljek däl, ýöne men şeýle durmuşy halaýanym üçin özümi başagaýlygyň içine atýan 🙂
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@dusia_maksatmyradowna, sen hemişe başagaýa. Ýa mediňkileriň hemmesindede barmy şu. Derrew zeýrenip başlama.
Dusia
15 Dekabr 2023
@ylham_gurbanaly, men başagaý durmuşymda özümi ýitirmesem razy )
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@dusia_maksatmyradowna, men "zloý" pamýatdyryn. Hemem mende hiç zat ýitmeýär.
Dusia
15 Dekabr 2023
@ylham_gurbanaly, 😂 da men ýitirdim ol goşgyny
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
2ýyl 2 aý öň okanyň
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@dusia_maksatmyradowna, mundan 2ýyl 2 aý öň "birje çümmüjegiň-ä" bardygyna bilýän.
Dusia
15 Dekabr 2023
@ylham_gurbanaly, seň kan goşgyň badyrlai
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.