Imissyou
16.12.2023 13:04
Kitap okamagy halamaýan adam az bolsa gerek. Ýöne kitap okamak diýlende hökman gyzykly romanlardyr gijelerine ukyňy basym getirmäge kömek edýän güýmenje kitaplar däl, öwrediji kitaplary okamak zerurlygy ähli ýaşda ýüze çykyp bilýär. Okaýan kitabymyzyň ýadymyzda galmagy üçin bolsa käbir ýönekeýje zatlaryň bize diýseň uly kömegi degip biler.

Ilki bilen kitap okalanda aşa aç ýa bolmasa dok bolmazlyga çalyşyň. Sebäbi adam iýmitleneninde beýnimiziň işjeňligi biraz peselip organizmimiziň ähli “ünsi” aşgazana tarap gönügýär. Aç wagtymyz bolsa surnukdyryjy ýagdaýa düşüp, has köp tagamlar hakynda pikirlenip başlarys.

Ýatyp okamagyň beýnimize zyýanlydygyny eýýäm ençe barlaglar subut etdi. Şeýle-de sesli okamak köp ynsanlaryň ýadyna oňaýly täsir edýär. Mundan başga-da kitap okaýan wagtymyz çaý içmek hem beýnimiziň işjeňligine oňaýly täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Çaý melhem hem ylham” atly kitabynda çaýyň peýdalary hakynda giňişleýin aýdylyp geçilýär.

Sessizlik hem kitap okamak üçin möhüm şertleriň biridir. Kitaphanalarda sessizligiň berk talap edilýändigi hem şonuň üçindir. Tebigat goýnunda, seýilgählerde kitap okasaňyz beýniňiz durlanyp okaýan zatlaryňyzyň ýatda galyjylygy ýokarlanar.

Iň esasy zat, kitap okamagy endik edinmek. Sebäbi danalaryň biri “Nämedir bir zat okaýan adam hiç zat okamaýandan gowudyr” diýip belleýär. Kitaplar bilen dostlugyňyzy berkidiň. Olar size durmuşyň her öwrüminde iň wepaly dostdugyny unutmaň.
30
93
sazsoft
17 Dekabr 2023
@okayjy, 👍
okayjy
16 Dekabr 2023
- Kitap okaýañyzmy jenap Anderson ?

- Ýok okamok. Kemliginem duýamok.

- Ýöne biz duýýarys...

👍
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@king_turkmen_006, kitapdan zyýan gördüm diýen barmy?
king_turkmen_006
16 Dekabr 2023
@billygenius98, kitaplardan näme zyýan gördiñ?
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
@king_turkmen_006, Näme boldy?
king_turkmen_006
16 Dekabr 2023
Kenno_Tabi
16 Dekabr 2023
Kitaplary ýakyp ýok etmeli! (#sarkazm)
aloevera
16 Dekabr 2023
Seýilgähde zatda arkaýyn kitap okap bilemok. Kimdir biri maňa seredyan ýaly duýýan. Öňler kän okardym. Indi okasam ukym tutýa. Gülkünjem bolsa, şeýle
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.