Imissyou
17.12.2023 15:20
Degişme goşgy

Seni görüp, boldum yşgyñ dälisi,
Men guraýyn, biraz akyl çöññedä,
Şol garaşyp gyzgyn çeýnek elimde,
-Bol, aýt baryn, indi beri dymmada.

Garaşýaryn, günde seniñ aýdarña,
Bu gün seni yhlas bilen diñlejek.
Bol aýt! bar yhlasym köýdürme,
Sowan çaýam gaytadandan demlejek.

Agzybirlik bilen saña garaşyp,
Seniñ üçin bar işimi goýdumam,
Mazaly nerwimem boldy bulaşyk,
Sen diýip, içim bagrym köýdüren...

Elimi bişirip gyzgyn çeýnegi,
atdym welin,
ýeñläp gitdi derdimem.
Çökerdiñ...,
kül boldy, telewizorym,
Içça bilen Tapasýaly Kördügüm...

Remezan MÄMWTGURBANOW.
29
108
nabat_
17 Dekabr 2023
😂😂😂
nuranow
17 Dekabr 2023
@flowers_, söýgi şeýdip taşlaýada 😄😄
nuranow
17 Dekabr 2023
Menem bärde 1 topbajyk degişme goşgyjyk ýazyp geçeýin,mekdep döwründen galan.Seni söýüp bollum maýryk,ýürejigim japba-jaýryk,aşgazanym wapşe çüýrük,şonda-da seni söýerin.🤦‍♂️😁
nuranow
17 Dekabr 2023
Görmäge gelse*😁
gunesh_
17 Dekabr 2023
@nuranow, 😂😂
nuranow
17 Dekabr 2023
@flowers_, howwa şolar ýaly çykardylar.Biri içça görup dur diýä hiç zatdan habarsyz,bar ünsi kinoda.Gije ogrularam gelip ýatagyndan malyny ogurlap gidipdirler diýä🤦‍♂️.Malyň eýesi eretsi gün malyny gelmäge görse ýerine hat goýup gidipdirler"iççaň jany sag bolsun" diýip🤦‍♂️😅😅😅
gunesh_
17 Dekabr 2023
Ol kino adamlarda gaty köp ýitgi galdyrdy çyndanam. Güldülermi, gynandylarmy Alla bilýä:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.