Imissyou
16.10.2024 09:53
Jebran Halil Jebran, arap-amerikan ýazyjysy.
Tankytçylar.
Uzak ýola düşen bir eşekli garaňky düşenligi üçin kerwensaraýda düşlemeli bolupdyr. Ol adamlara, galyberse-de, garaňkylyga bil baglap, beýlekileriň edişi ýaly, eşegini girelgäniň agzyndaky agaja baglap, kerwensaraýa giripdir.
Ýarygijede, hemmeler uka gidende, ogry gelip, syýahatçynyň eşegine münüp, ol ýerden garasyny saýlapdyr. Ol irden oýananda eşeginiň ýerinde ýokdugyny görüp, çuňňur gussa batypdyr. Bu ýerdäkiler onuň daşyna üýşüp, gürrüňe başlapdyrlar:
– Sen nähili samsyklyga ýol beripsiň, heý-de, eşegi derwezäniň agzynda daňarlarmy?! – diýip, olaryň biri dillenipdir.
– Iň bolmanda, ony kössekläp bir goýmaly ekeniň-dä? – diýip, ýene biri üstüni ýetiripdir.
– Uzak ýola eşekde gitmegiň özi hem barypýatan samsyklyk ahyryn – diýip, üçünji biri gatyrganypdyr.
– Diňe ýalta, ýöräsi gelmeýänler eşek münýärler – diýip, dördünjisi aýdypdyr.
Bu aýdylanlara geň galan syýahatçy hemle bilen şeýle diýen:
– Dostlar, meň eşegim-ä ýitirim etdiler, ýöne siz biri-biriňizden öňürdip, meniň hatalarymy, ýetmezçiliklerimi aýtmaga başladyňyz. Iň geň galdyrýan ýerem, biriňizem eşegimi ogurlana bir sözem aýtmadyňyz!
9
43
Imissyou
15.10.2024 14:14
Agşamlyk nahary.
Bir oglan agşamlyk naharyny edinmek üçin gartaşan kakasy bilen garbanyşhana girýär. Olar nahar edinip otyrkalar, kakasy atanlykda üst-başyna nahar dökýär. Ogly derrew ýerinden turup, desmal bilen garry kakasynyň üst-başyny arassalamaga durýar, soňra el-ýüz ýuwulýan otaga eltip, eşigine degen naharyň tegmillerini ýuwýar. Olar ýene öňküleri ýaly stoluň başyna geçip, agşamlyk naharyny edinýärler, soňra çaý başynda söhbet edýärler. Oglanyň hereketlerine bu ýerde oturanlaryň syny oturýar.
Garbanyşhanadan çykansoňlar kakasy:
– Oglum, içerde hiç zat goýup gaýtmadyňmy? – diýip soraýar. Oglan biraz oýlanýar-da:
– Aý, ýok-la, kaka, hiç zadym-a galmady – diýip jogap berýär. Şonda kakasy:
– Ýok, oglum, sen içerde oglanlara görelde, kakalaryna bolsa sen ýaly asylly ogly kemala getirmek hakynda arzuw goýup gaýtdyň – diýip, buýsanç bilen jogap berýär.
14
95
Imissyou
15.10.2024 07:04
Argentinanyň şäherini totuguşlar aljyradýar.
Argentinanyň Ilario-Askasubi şäherinde totuguşlar hakyky başagaýlyk döretdiler, ornitologlaryň hasaplamalaryna görä, ülkede her adam başyna 10 totuguş düşýär, bu bolsa ýaşaýjylar üçin hakyky ejir diýip, olar aýdýarlar.
Totuguş sürüleri simgeçirijileri ýolýarlar, gykylyklaşýarlar hem-de Ilario-Askasubi şäherini hapalaýarlar. Olary hatda lazerleriň kömegi bilen hem kowmak başartmaýar.
Ýerli «TaxiFm» radioýaýlymynyň direktory Ramon Alwares sebitiň bu guşlaryň gijelerine ýüregedüşgünç gykylyklaryndan hem bütin şäheri hapalaýan tezeklerinden ejir çekýändigini gürrüň berýär. Bu bolsa, öz gezeginde ilatyň saglygy babatda kynçylyklara getirip biler. «Men radioýaýlymyzyň kadaly işlemegi üçin simleri her aýda çalyşmaly bolýaryn» diýip, ol zeýrenýär.
Ählisiniň sebäbi şäheriň töweregindäki baýyrlyklarda tokaýlaryň çapylmagydyr, netijede, guşlar iýmit, suw we höwürtge gözleginde şähere uçup geldiler. Oba hojalyk ekinlerine hem howp abanýar, totuguşlar olary ýok edýärler, daýhanlar hasylsyz galýarlar.
Şäheriň häkimligi guşlary ürküzmek üçin gijelerine partlamalary ýatladýan ses, yşyk we lazer enjamlary ulanýar. Emma wagtyň geçmegi bilen, düşbi guşlar olara hem öwrenişdi. Mundan agyr çäreleri ulanmak mümkin däl, sebäbi bu bihaýa totuguşlar ýitip ýok bolup barýan görnüş diýlip ykrar edilendir.
Bu barada «rg.ru» ýazýar.
6
47
Imissyou
12.10.2024 10:10
Daýhan we alma agajy
Ir zamanlar tokaýa ýakyn obalaryň birinde bir daýhan ýaşaýan eken. Onuň dürli agaçlara, güllere bürenip oturan ullakan mülki bolupdyr. Daýhan çagalyk ýyllaryny bu ýerde ösüp oturan alma agajynyň töwereginde oýnap geçiren eken. Alma agajy oglanjyga ullakan hem süýji miwelerini jomartlyk bilen eçilipdir. Agaç şeýlebir äpet bolupdyr welin, dürli haýwanlar ony özüne mesgen edinip, agzybirlikde ýaşapdyrlar.
Aýlar-ýyllar geçip, alma agajy hem garrap, hasyl bermegini bes edensoň, daýhan ony bölekläp, dürli-dümen hojalyk esbaplaryny ýasamagy ýüregine düwýär.
Günleriň birinde ol özüniň ýalaw ýaly ýiti paltasyny getirip, agaja ýakynlaşypdyr welin, haýwanlar üýşüp, oňa ýalbarmaga başlapdyrlar:
– Bu agajy çapma, bu agaç biziň öýümiz, eger ýadyňda bolsa senem oglanjykkaň biziň bilen bile şu ýerde oýnaýardyň ahyry.
Emma daýhan olaryň ýalbar-ýakaryna gulak hem asman, işe girişmekçi bolýar. Şol barşyna birdenkä onuň gözleri agajyň ýüzündäki köwegiň içinde lowurdap duran sap-sary bala düşýär. Baldan dadyp görýär welin, biygtyýar çagalyk ýyllary ýadyna düşýär. Balyň datly tagamy oňa şeýle bir ýarapdyr welin, «Bäh, munuň süýjüdigini!» diýenini duýman galypdyr. Daýhanyň baldan lezzet alyp iýişini synlap duran balarylary: «Biz saňa näçe diýseň bal bereli, agaja degmeseň bolýar» diýşipdirler. Senjaplar bolsa: «Biz saňa hoz getirip bereli», guşjagazlar bolsa: «Biziň saýraýşymyzy diňläp, agajyň saýasynda dynjyňy al» diýişýärler.
Diňşirgenip duran daýhan akylyna aýlanyp, paltasyny bir gyra taşlaýar. Ol özüniň körpeje agtygynyň hem alma agajynyň töwereginde oýnap, wagtyny hoş geçirmegini isleýär. Daýhan öz ýanyndan hiç wagt bu agajy çapmajakdygyna äht edýär. Şeýlelikde, haýwanlar ýene-de bu agaçda bir maşgala ýaly bolup, agzybirlikde şady-horram ýaşamagyny dowam etdirýärler.
12
64
Imissyou
30.09.2024 12:41
Dana kişi:
― Günäler üç sanydyr ― diýipdir.
Onuň töweregindäki adamlaryň gowry ýatypdyr.
― Birinji günä ― içigaralyk. Eger-de goňşyň sygry öläýse, bu şatlanmak üçin sebäp däldir. Men siz oňa nämedir bir zatda kömek etmeli diýjek bolamok-da, özgäniň hasratyna begenmeli däl diýmekçi bolýaryn. Siziň goňşyňyz hem adam. Oňa ýamanlyk islemeli däl.
Köpçülik bu sözleri makullama bilen kabul etdi. Dana kişi olaryň gowry ýatýança garaşdy, soňra sözüni dowam etdi:
― Ikinji günä sussupeslikdir. Eger seniň ýekeje sygryň bolup, ol hem garry we keselli, süýdi az berýän bolsa-da, ruhdan düşmeli däl. Ýaşaýyşdan lezzet almaly, şatlanmaly. Hawa, seniň malyň keselli, ýöne ol sygyr. Emma käbirlerinde şolam ýok ahyryn.
Märeke ýene makullama bilen seslendi. Dana adam şowhun ýatýança garaşdy. Şonda ol biriniň:
― Eger men sussupeslik etmän, özümde sygrym bolup, beýleki birinde ol ýok bolsa, kimdir biriniň menden pes ýaşaýandygyna begenýän bolsam, diýmek, bu eýýäm içigaralyk bolýar ahyryn ― diýýän sözlerini eşitdi.
Märeke ýene dymdy. Öňki aýdanlary barada oýlanan dana öz sözlerini şeýle jemledi:
― Üçünji günä ― bu iňňirjeňlik.
11
95
Imissyou
26.09.2024 17:03
" Nàme ùçin gòripleriñ ýùzi şeýle gussaly hem çytyk" diýip Aristotelden soranlarynda, ol " sebàbi olara diñe òz gaharlary dàl-de, eýsem, başgalaryñ edýàn gowy işlerem ejir berýàr" diýip, jogap beripdir.
Anuşirwan adyl diýen patyşanyñ mazaryndaky daşa şeýle ýazylypdyr:" Òzùñe rowa gòrmedik zadyñy, ile-de rowa gòrme!"
Maňa haýsy kitaplary okanyňy aýt,men seniň kimdigiňi aýdaýyn.
N.Pirogow.
Bir mugallym hemişe şu şòzleri tekrarlaýar ekeni:"Men ylymda kòp zadyñ añyrsyna ýetip bilmedim. Oña-da òzùme elgarama adamlardan òwrenmegi namys bilmegim sebàp boldy. Eý, okuwçylarym, şonuñ ùçinem, òzùñizden peslerdenem òwrenmegi kiçilik bilmàñ! Diñe şeýtseñiz bilimde kàmillige ýetersiñiz!
Bir akyldar:" Adamyñ bedeniniñ òsmegi ùçin iýmitiñ gerek bolşy ýaly, ýùrekler hem paýhas bilen iýmitlenmelidir" diýipdir.
Özümdäki gowy häsiýetler üçin men kitaba minnetdar.
Maksim Gorkiý.
📚 Durmuş hakykatlary 📚
20
144
Imissyou
11.09.2024 14:53
Ejem gynanar
Känbir gürleşmesem, çuñ oÿa batyp,
Bir derdi bar diÿip, Ejem gynanar.
Kä bir gijelerde, bilmesem ÿatyp,
Bir derdi bar diÿip, Ejem gynanar.
Hiç kim ÿeke däldir, tapar taÿyny,
Gaÿgylarym çeker, okuñ ÿaÿyny.
Sowadyp içäÿsem, guÿan çaÿymy,
Bir derdi bar diÿip, Ejem gynanar.
Göz ÿaşyñy, gizleseñde bir bada,
Gynandyrmak, gelişmeÿär zürÿada.
Köpüräk ÿylgyrsam, sähelçe zada,
Bir derdi bar diÿip, Ejem gynanar.
Iñ bolman ÿanynda, ÿuwudaÿ derdiñ,
Kynçylyk hem saÿlar, söÿgüde merdin.
Diÿseñ Eje, çyn söÿgüni sen berdiñ,
Bir derdi bar diÿip, Ejem gynanar.
awtor:🤷🏻♂️
11
26