Imissyou
15.10.2024 14:14
Ag­şam­lyk na­ha­ry.

Bir og­lan ag­şam­lyk na­ha­ry­ny edin­mek üçin gar­ta­şan ka­ka­sy bi­len gar­ba­nyş­ha­na gir­ýär. Olar na­har edi­nip otyr­ka­lar, ka­ka­sy atan­lyk­da üst-ba­şy­na na­har dök­ýär. Og­ly der­rew ýe­rin­den tu­rup, des­mal bi­len gar­ry ka­ka­sy­nyň üst-ba­şy­ny aras­sa­la­ma­ga dur­ýar, soň­ra el-ýüz ýu­wul­ýan ota­ga el­tip, eşi­gi­ne de­gen na­ha­ryň teg­mil­le­ri­ni ýuw­ýar. Olar ýe­ne öň­kü­le­ri ýa­ly sto­luň ba­şy­na ge­çip, ag­şam­lyk na­ha­ry­ny edin­ýär­ler, soň­ra çaý ba­şyn­da söh­bet ed­ýär­ler. Og­la­nyň he­re­ket­le­ri­ne bu ýer­de otu­ran­la­ryň sy­ny otur­ýar.
Garbanyş­ha­na­dan çy­kan­soň­lar ka­ka­sy:
– Og­lum, içer­de hiç zat go­ýup gaýt­ma­dyň­my? – di­ýip so­ra­ýar. Og­lan bi­raz oý­lan­ýar-da:
– Aý, ýok-la, ka­ka, hiç za­dym-a gal­ma­dy – di­ýip jo­gap ber­ýär. Şon­da ka­ka­sy:
– Ýok, og­lum, sen içer­de og­lan­la­ra gö­rel­de, ka­ka­la­ry­na bol­sa sen ýa­ly asyl­ly og­ly ke­ma­la ge­tir­mek ha­kyn­da ar­zuw go­ýup gaýt­dyň – di­ýip, buý­sanç bi­len jo­gap ber­ýär.
14
95
okyyjy
15 Oktýabr 2024
Ine, saňa motiwasiýa
Karaleva_
15 Oktýabr 2024
🤍 👌🏻
alma___
15 Oktýabr 2024
Hemmäde ýetirsin şeýle ogul
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.