Imissyou
30.09.2024 12:41
Dana kişi:

― Günäler üç sanydyr ― diýipdir.

Onuň töweregindäki adamlaryň gowry ýatypdyr.

― Birinji günä ― içigaralyk. Eger-de goňşyň sygry öläýse, bu şatlanmak üçin sebäp däldir. Men siz oňa nämedir bir zatda kömek etmeli diýjek bolamok-da, özgäniň hasratyna begenmeli däl diýmekçi bolýaryn. Siziň goňşyňyz hem adam. Oňa ýamanlyk islemeli däl.

Köpçülik bu sözleri makullama bilen kabul etdi. Dana kişi olaryň gowry ýatýança garaşdy, soňra sözüni dowam etdi:

― Ikinji günä sussupeslikdir. Eger seniň ýekeje sygryň bolup, ol hem garry we keselli, süýdi az berýän bolsa-da, ruhdan düşmeli däl. Ýaşaýyşdan lezzet almaly, şatlanmaly. Hawa, seniň malyň keselli, ýöne ol sygyr. Emma käbirlerinde şolam ýok ahyryn.

Märeke ýene makullama bilen seslendi. Dana adam şowhun ýatýança garaşdy. Şonda ol biriniň:

― Eger men sussupeslik etmän, özümde sygrym bolup, beýleki birinde ol ýok bolsa, kimdir biriniň menden pes ýaşaýandygyna begenýän bolsam, diýmek, bu eýýäm içigaralyk bolýar ahyryn ― diýýän sözlerini eşitdi.

Märeke ýene dymdy. Öňki aýdanlary barada oýlanan dana öz sözlerini şeýle jemledi:

― Üçünji günä ― bu iňňirjeňlik.
11
95
yekejelai
30 Sentýabr 2024
Sag boluñ millet gijaniz rahat.bolsun 👋🏻🌙🌒
Adyl_G
30 Sentýabr 2024
@flowers_, cyndanam name diymek, bilemok ynanay? 🤔
flowers_
30 Sentýabr 2024
@Adyl_G, şo zatlara uşak diyyaniñ üçin eýeçilik edýandirle
Adyl_G
30 Sentýabr 2024
@flowers_, uşak zatlary soranyna degyami ondan. 😂
flowers_
30 Sentýabr 2024
@Adyl_G, ýolbarsdan sora
Adyl_G
30 Sentýabr 2024
İňňirjeňlik- name diymek? 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.