Argentinanyň şäherini totuguşlar aljyradýar.
Argentinanyň Ilario-Askasubi şäherinde totuguşlar hakyky başagaýlyk döretdiler, ornitologlaryň hasaplamalaryna görä, ülkede her adam başyna 10 totuguş düşýär, bu bolsa ýaşaýjylar üçin hakyky ejir diýip, olar aýdýarlar.
Totuguş sürüleri simgeçirijileri ýolýarlar, gykylyklaşýarlar hem-de Ilario-Askasubi şäherini hapalaýarlar. Olary hatda lazerleriň kömegi bilen hem kowmak başartmaýar.
Ýerli «TaxiFm» radioýaýlymynyň direktory Ramon Alwares sebitiň bu guşlaryň gijelerine ýüregedüşgünç gykylyklaryndan hem bütin şäheri hapalaýan tezeklerinden ejir çekýändigini gürrüň berýär. Bu bolsa, öz gezeginde ilatyň saglygy babatda kynçylyklara getirip biler. «Men radioýaýlymyzyň kadaly işlemegi üçin simleri her aýda çalyşmaly bolýaryn» diýip, ol zeýrenýär.
Ählisiniň sebäbi şäheriň töweregindäki baýyrlyklarda tokaýlaryň çapylmagydyr, netijede, guşlar iýmit, suw we höwürtge gözleginde şähere uçup geldiler. Oba hojalyk ekinlerine hem howp abanýar, totuguşlar olary ýok edýärler, daýhanlar hasylsyz galýarlar.
Şäheriň häkimligi guşlary ürküzmek üçin gijelerine partlamalary ýatladýan ses, yşyk we lazer enjamlary ulanýar. Emma wagtyň geçmegi bilen, düşbi guşlar olara hem öwrenişdi. Mundan agyr çäreleri ulanmak mümkin däl, sebäbi bu bihaýa totuguşlar ýitip ýok bolup barýan görnüş diýlip ykrar edilendir.
Bu barada «rg.ru» ýazýar.