Imissyou
16.10.2024 09:53
Jeb­ran Ha­lil Jeb­ran, arap-ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy.

Tan­kyt­çy­lar.

Uzak ýo­la dü­şen bir eşek­li ga­raň­ky dü­şen­li­gi üçin ker­wen­sa­raý­da düş­le­me­li bo­lup­dyr. Ol adam­la­ra, ga­ly­ber­se-de, ga­raň­ky­ly­ga bil bag­lap, beý­le­ki­le­riň edi­şi ýa­ly, eşe­gi­ni gi­rel­gä­niň ag­zyn­da­ky aga­ja bag­lap, ker­wen­sa­ra­ýa gi­rip­dir.
Ýa­ry­gi­je­de, hem­me­ler uka gi­den­de, og­ry ge­lip, sy­ýa­hat­çy­nyň eşe­gi­ne mü­nüp, ol ýer­den ga­ra­sy­ny saý­lap­dyr. Ol ir­den oýa­nan­da eşe­gi­niň ýe­rin­de ýok­du­gy­ny gö­rüp, çuň­ňur gus­sa ba­typ­dyr. Bu ýer­dä­ki­ler onuň da­şy­na üý­şüp, gür­rü­ňe baş­lap­dyr­lar:
– Sen nä­hi­li sam­syk­ly­ga ýol be­rip­siň, heý-de, eşe­gi der­we­zä­niň ag­zyn­da da­ňar­lar­my?! – di­ýip, ola­ryň bi­ri dil­le­nip­dir.
– Iň bol­ma­nda, ony kös­sek­läp bir goý­ma­ly eke­niň-dä? – di­ýip, ýe­ne bi­ri üs­tü­ni ýe­ti­rip­dir.
– Uzak ýo­la eşekde git­me­giň özi hem ba­ryp­ýa­tan sam­syk­lyk ahy­ryn – diýip, üçün­ji bi­ri ga­tyr­ga­nyp­dyr.
– Di­ňe ýal­ta, ýö­rä­si gel­me­ýän­ler eşek mün­ýär­ler – di­ýip, dör­dün­ji­si aý­dyp­dyr.
Bu aý­dy­lan­la­ra geň ga­lan sy­ýa­hat­çy hem­le bi­len şeý­le di­ýen:
– Dost­lar, meň eşe­gi­m-ä ýi­ti­rim et­di­ler, ýö­ne siz biri-bi­ri­ňiz­den öňür­dip, me­niň ha­ta­la­ry­my, ýet­mez­çi­lik­le­ri­mi aýt­ma­ga baş­la­dy­ňyz. Iň geň gal­dyr­ýan ýe­rem, bi­ri­ňi­zem eşe­gi­mi ogur­la­na bir sö­zem aýt­ma­dy­ňyz!
9
43
ideallider
16 Oktýabr 2024
Ogry öz işini ederdä. Ýogsada hakykat gözi köwlär. Örenmäge zady köp eken, ol bolmaşyna hemleli😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.