Gülişime güleýin 9.
81. Toýda biri beýlekisine:
- Herhili toýa bardymweli beýle bedroý gelinligi ömrümde görmedimaý...
+ Eeee häzir kelläňi goparýan, bu meň gyzym.
- Bagşlaň agam bilmändirin...
+ Men oň ejesi blä innä toçna goparýan!!!
82. Iki sany esger uruşda ýerde süýrenýärler, turup ylgasalar ok degjek. Olaň biri eli bilen tezegi basypdyr. Beýlekisi gülüpdür. Eli bilen tezek basan:
- Ýuwaş, eşitseler atarlar! - diýip ol güleniň agzyny ýapypdyr.
83. Bir işdeşim 98 kilo. Başgalar soranynda bolsa 96 diýýä. Sorag. Hany LOGIKA???
84. Aýaly bilen äri užasly kino görýäler. Birden bir užas çykýaweli aýaly gorkup:
- Waý eje...
+ Tanadyňaý...
85. Öňki geçen günleri küýseýän, gyzylja operasiýalar, morgda gökje ýatanlar, agşam hiçkim ýok wagtam takyrdylar. Wah şo günler dolanyp gelse başga armanymýok.
86. - Eje, ejeee. Zawarka atymçaý nirdaý???
+ Wah sen meň emelsizjämä, gyzyl-gök öwsýän tumbuçkaň, çep gapysynyň, ýokarky çekeriniň, içindäki ak-karobkaň içindäki apteçkaň içindäki "Duz" ýazgyly gabyň içinde.
87. Bäş ýaşly jigimiň doglan gününe normalny telefon aldym. Oýun etmek üçin karobkaň içine daş salyp berdim. Karobkany açyp "Mmm düşnükli, karobka täze, ştrih kod puzulmandyr, znaçit içiniň telefony sende bolmaly. Çykar telefony" diýdi weli elimdäl gulagym çapak-çaldy.
88. Ýolbars çukura gaçypdyr. Muny şahada synlapduran maýmyn:
- Hä haram pişijek, inni seňki gutardy. Tepbediňi okaber. Dişleriňi-dyrnagyňy suwenir ederin, deriňi kowrik ederin, kelläňi stenadan asaryn, saňa geregem şol!!! - diýip gülende otyran şahajygy döwülip olam ýolbarsyň ýanyna çukura gaçypdyr. Şonda maýmyn:
- Eeee ýolbarsa aga ynanmarsyň, hudaý kessin ötünç soramak üçin ýörüte ýanyňa düşdümdä!!!
89. Bir oglan öýüne üç sany gyzy getirip, ejesine:
- Eje, bildä, haýsysy meň gelinligim???
+ Hana hol gyraky!
- Bäh nädip bildiňaý?
+ Gördüm ýigrendimä!
90. Dostlar! Meň erbet habarym bar. Buratino gark boldy, kökejik bolsa özüni asdy.
91. Gedaýa bir laýk sadaka beriň.
Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER.