Men... Meniň ejemiň adyny üýtgedip "Rozaçka, Rozim" ýa şuňa meňzeş edip kilçerip tutsalar halamok. Kakamda hem şeýle "Bäşok, Bäşke" ýa şuňa meňzeşleri diýseler halamok.Ýada ýakynlarymyň adyny kiçi harp bilen ýazsalar ýigrenýärin. Dünýäde köp gudratly zatlar bar. Şeýle gudratlaryň biri hem SALAM. Bu "Salam" Iň Gudraty Güýçliniň "Owadan a:tlarynyň" biri. Haçanda onuň adyny herhili edip ýa "LAR" goşulmasyny goşup aýtsalar men gaharlanýan. Sebäbi bizde "Ejemler, Kakamlar" ýok ahyry. Gaharlanýan, ýigrenýärin emma Ol Ýeketäk üçin "Gahar we ýigrenjimi" içimde bogup saklap, oň ady sebäpli "Gahar-ýigrenjim" başgalara ýaýratmajak bolýaryn. Aýtjak bolýanym, Salam bu bary-ýogy 5 harp. Gysgaltmalyň, ýa goşulmalar goşmalyň. Ol Mukaddes ady kiçi harplar bilen ýazmalyň. Öň bilmezlikden eden bolsak, indi mundan soň "Bilgeşleýin" säwlik göýbermäliň. Haýşt, düşüneliň...