IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 8
81. Elektrigi iň gowy geçiriji metal kümüş. Iň gaty metal, wolfram. Ondan beter gatysy hrom. Iň ýumşagy sezin bolsa +28°-da ereýär.
82. Haýwanlar hem düýş görýärler.
83. Sarymsak-antibakterial we wiruslara garşy bolman eýsem çybynlary hem gorkuzýar.
84. Iň ýaş är-aýal 1910-njy ýylda hytaýda hasaba alynypdyr. Şonda äri 9 ýaşynda, aýaly bolsa 8 ýaşynda eken.
85. Pingwinler sowukda doňmazlyk üçin bir birlerine ýakyn-gujaklaşyp durýarlar. Şonda howa -30° bolanynda şol gujaklaşyp duran toparyň ortasy +20°-a ýetýär. Haýwanam bolsalar, başga pingwinlerem gyzyp ýylanarýaly ortadaky pingwinler toparyň gyrasyna çykýarlar, ýene orta girip ýene şeýdip aýlanyp durýarlar.
86. Towşanlar we kengurular, ädim-ädip ýöräp bilenoklar. Olar hatda azajyk ýöremek üçinem çalaja bökýärler.
87. Dünýäde ýeketäk böküp bilmeýän jandar diýilip şuwagda çenli piller tanalýardy. Emma täzelikde begemotlaryň we nasaroglaryňam böküp bilmeýänligi anyklanyldy.
88. Dubaýdaky "Burj al-Arab" oteliniň bir gijeki nomeri ortaça 18000$ dollar. Ýöne bu dünýädäki iň gymmat otel däl. "Roýal Penthouse Suite" Ženewadaky "Hotel President Wilson" oteliň bir nomeri, bir gijelik 65000$.
89. Gadym Wikingler söweşde, garnyndan ýaralanan ýoldaşlaryna sogan iýdirip az wagt garaşypdyrlar. Soňra ýaraly garyny ysgap görüpdürler. Eger ýaradan soganyň ysy gelse, diýmek aşgazan ýyrtylypdyr, onda ol ýaralynyň ýaşamajagy belli, ýaralanana aňsat ölüm bermek üçin onuň ýüreginden pyçak ýada gylyç sokup öldürüpdirler. Eger sogan ysy gelmese diňe şonda, hassany bejeripdirler.
90. Ortaça 17 trilliondan 1 adam 4 aýda 2 lotereý utup biler. Şeýle puryja Amerkanyň Nýu-Jersi ştatynyň ýaşaýjysy Ewelin Adams-a düşdi. Ol 1986-njy ýylda iki lotereýäni utan adam. Onuň utan pulunyň jemi 5,4 milion dollar. Gynansakda oňa iň şowly adam diýip bolmaz. Sebäbi ol şo pullary gaty bahym sowup gutarypdyr we inni treýler-öýde(wagonçikda) ýaşaýar. Ine şularýaly sebäpler üçin "Samsyga milion dollaram az" diýilen şygar çykýar.
91. Like ýada dislike.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.