ideallider
06.04.2024 10:12
Dünýäniň sudur-aýnasy Kalbyň aýnasy.

Bir gezek okuwçysy Ahununa sorag beripdir:
— Hormatly Ahunum. Bu dünýe bize duşmanmy, agyr-kynçylyklar getirse, ýa-da ýakyn-mähribanymyzmy köp ajaýyplyklar getirse!? — diýeninde, Ahun, göreçlerini bir nokada dikip:
— Men saňa bir tymsal gürrüň bereýin, özüň aňsat netije çykararsyň. — diýip hormatly Ahun gürrüňe başlapdyr.

"Geçmişde bir-patşa halkyna düşünje bermek üçin uly köşk gurdurypdyr. Ol köşgi her-dürli täsinliklerden doldurypdyr. Ol köşgüň içine gözellik goşýan ýene bir ajaýyplygy bar eken. Köşgüň içiniň ähli ýeri, ýokarsy, aşagy, gapdallary-tamlary hatda gapylary hem ýüz-görülýän aýnady. Ýene bir aýratynlygy, köşkde ses ýaňlanmagy. Köşkde "Kim sen" diýseň 40-50 adam saňa "Kim sen" diýip soraýanýalydy. Bu köşküň hijem gapysy gulplanmaz, açykdy. Günleriň birinde agşam bir it köşgüň içine giren. Ol girip doňanýaly bolup saklandy. Aýnalar itiň, aňyrky aýna ýene, bu aýna ähli aýna itiň suduryny görkezip başlan. Tas müňlerçe itler bu itiň töweregini gurşap aldylar. It-janawer munça itleri görüp, dişlerini görkezip hyrlady, başga itler hem şeýle etdi. It üýrdi, sesi ýaňlandy, ýene güýçliräk üýrdi, ýaňlar apy-tupana meňzedi. Muňa-oňa üýrüp topulup, gorkup, gaçyp, batyrlanyp ýene topulup bütün gijäni şeýdip geçiripdir. Irden adamlar köşge gelip görseler, ine birnäçe öli itiň arasynda jan-beren bir it ýatyr. Köşkde diňe şu itden başga janly-jemende ýok. It pahyr ahyry öz sudury bilen söweşip jan beren"

— Indi sen bildiňmi, köp adamlar bü dünýä ýagşylygam ýamanlygam getirenoklar. Köpler bolsa diňe ýagşylyklar ýa-da diňe ýamanlyklar getirýär. Bizi gurşap-alýan ähli töweregimizdäki zatlar biziň isleglerimiz, duýgularymyz, pikirlerimiz, hereketlerimiz we arzuwlarymyz. A bu dünýe bolsa bir uly aýna.

Awtor: Halk Arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.
23
69
ayymsha
6 Aprel 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.