Alma-gyzjagaz.
Gyzjagazyň elinde iki alma bardy. Ejesi emaý bilen ýylgyrypjyk, gyzyna:
— Jana-jan gyzym. Sende iki alma bar eken. Belki birini maňa berersiň. — diýen mahaly, gyzjagaz ejesine seredip, pikirlendide, birdenem çaltlyk bilen bir almany, soňra beýleki almany dişledi. Gyzjagazynyň bu edenine gynanan ejäniň ýüzünden mähirli ýylgyryşy aýrylyp, gamlanmaga başlady hem gynananyny gyzyna bildirmejek bolup beýlesine öwrüldi. Eje, gyzynyň özüne dözenine kemsindi. Birdenem ýaňky gyzjagaz, dişlän almasynyň birini ejesine uzadyp:
— Ejem, ine şuny alaý. Bu has beter süýji-alma eken. — diýip ýylgyrdy.
Biz näçe uly, aňly-düşünjeli hem bolsak, başgalar barada netije çykarmaga howlukmaň. Başgalara düşündirmäge wagt berjek boluň. Düşünjek boluň. Hatda görýänzatlarymyz hem aldap biler. Biz wakanyň ählisini bilmän uly ýalňyşlyklar edip bilers.
Awtory: Halk Arasyndan.