Greenleaf
07.11.2020 21:32
Öňem bir akyladardan sorapdyrlar:
- Eý akyldar söýmek bilen gowy görmegiň arasynda nähili tapawut bar?- diýip.
Akyldar hem jogap beripdir:
- Eger sen bir güli gowy görseň, sen ony ýolýaň.
Eger sen şol güli söýseň, onda sen ony suwarýaň.
8
199
Greenleaf
06.11.2020 14:45
Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýtit keseri,
Lokga daşyň ähli artyk bölegni
Ýonup döredýärler ajap eseri.

Artykmaçlyk duşmanydyr sungatyň.
Tygşytly bolanda belentdir nama.
Men pikirmi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýerde üç sözüň geregi näme!

Tälim alamaň dagdan inen sillerden,
Tälim alyň Wolgalardan, Nillerden.
Kemlik adamyny bezänok welin,
Artykmajam boljak bolmaň illerden.

Gyz öňünde artyk söze daýanma,
Söýgä söz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme Watanyňy gursagňa urup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam


Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz- özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.
7
135
Greenleaf
05.11.2020 13:30
Dowamy
Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp,
Siz näme üçin beýle hala düşdüňiz.
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik,
Meniň halys ýüregime düşdüňiz.

Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňis bu dünýäniň ahyny.
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter,
Siz bir entek azar berňmäň ahyry.

Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy,
Gözelleriň ýelden ýeňil öýmesin.
Ýat ediň ölümi, çyn berbatlygy,
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin.

Eger, walla erkim bolsa özümde,
Taşlap şu kärimi allaowarra,
Ýaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde,
Guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra.

Meň baran ýerimde ýatýar şagalaň,
Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar.
Eger adam bolsa Allatagalaň
Meni beýle jeza etmezdi duçar.

Birden onuň gözlerine ýaş gelip,
Bolşy meniň jigerimi daglady.
Hasratdan müzzerip,
Bir gysym bolup,
Titräpler ykbalyndan aglady.

Dözmedim men ol pahyryň halyna,
Kärini unutdym bu şum apatyň.
Emaý bilen baryp onuň ýanyna,
Onuň bedibagt başyn sypadym.

Diýdim:- Besdir, bozulma sen, ýaşuly,
Men-ä halys höwrügäýdim seň bilen!
Köne ülpetler deý, köne dostlar deý,
Onuň bilen hümürdeşdik daňa çen.

- Äý- diýdi bolsa-da aralarmyz daş,
Içimi bir dökeýin diýip gaýtdym.
- Bir gören tanyş bor, iki - garyndaş,
Kyn günüňde geläýgin- diýip aýtdym.

- Ýamanlyga duşmaweri ylaýym.
Derdim egsiläýdi diýen sözüňden.
Siz bir işli adam .
Zyýan bermäýin.
Işläň!- diýip,
Sumat boldy gözümden.

Soňy
4
134
Greenleaf
04.11.2020 16:19
Tümüň ýary penjirämiz kakyldy.
- Salam!
- Salam. Kim borsuňyz, eý daýy?
Myhman jogap berdi örän akylly:
- Menmi? Ajal.
Has dogrusy- Ezraýyl.

- Gaty oňat.
Geliň, geçiň, oturyň.
Size haýsy gerek: kofemi ýa çaý?
- Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.
Ol seniň janyňy saklar örän jaý.

- Bagyşlaň.
Siz ýalňyşýana dälsiňiz.
Meniň keselim ýok. Özümem juwan.
Belki jaý nomerim ýalňyşansyňyz,
Men-ä, walla hiç düşünip bilmeýän.

Ýok, jaý nomerin ýalňyşamok, ýok,
Men geldimmi- boş gitmäni halammok.
- Bilýän, ýöne meň ölesim gelenok,
Janym sagat, durmuşymdan nalamok.

- Sen ilkä aglama, soňam aldama,
Aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar.
Onsoňam bilip goý, her bir adama
Meniň saýlap-seçen bir perişdäm bar.

Ine seniň diýen sözleň barada,
Seredip gör, şunça Fakt gowuşdy.
- Niçik?- diçip sorajakdym, şobada
Bir kitap gütüläp öňüme düşdi.

Kitaby agyz däl, göz bilen iýýän,
Düşünýän arada bir ullakan syr:
Ýokarsynda meniň adym, familýam,
Iň aşakda bolsa " Ezraýylneşir".

Ýüregimde zat galmady hemleden,
Şol pursat ajalym ýakyn göründi.
Bu iş meniň bir kitaba jemlenen
Ölüm hakyndaky goşgularymdy.


- Ine, indi bildiň gerek, ýaş ýigit,
Neçün gelenimi tünüň ýarynda
Seniň ahy-nalaň ýüregim iýip,
Ýer tapmadym tünegimiň töründe...

Gurbannazar Ezizow.

dowamy bar
9
277
Greenleaf
03.11.2020 05:47
Sen maňa bir gije düýşümde sataş,
Ynandyr şol pursat ýalan söýgüňe.
Hut çyn sözläp, meň yşkmda ýanýan dek
Haýran galdyr dilden çykan öwgüňe.

Baglarda aýlansak, gülleri ýolsak,
Ynandyr meň üçin ýaşaýanyňa.
Şeýlebir ajaýyp hoş sözler aýdyp,
Ynandyr bu ýola başlaýanyňa!

Ynandyr, döwrümiz üýtgeýär diýip,
Dörär entek aşyklaryň şäheri,
Biz şonda elbetde bagtly bolarys
Söýgi bilen garşy alýas säheri.


Sen meni ynandyr yşkyň şähriniň
Bazarynda söýgi satyljagyna!
Agajynda söýgi miwesi bişip,
Kim geçse başyna atyljagyna.

Sen meni ynandyr, "Yşkyň şährinde
Men melike, sen şa bolarsyň"diýip!
"Dünýäň gam-gussasy ýok ol şäherde
Yşkdan joşup bagtly bolarsyň" diýip.

Şeýdip aldanmaga men mydam taýyn,
Seret, muňa razylyk berdimem.
... Eger spýülmedik adam bar bolsa,
Elbetde, düşünip biler derdime.

Annamyrat Annamyradow
4
114
Greenleaf
02.11.2020 18:36
" Garaşmak diýen zat erbet zat däldir".

K. Gurbannepesow.

Çagalyk diýen zat erbet zat däldir,
Gülersiň, oýnarsyň, dünýäni bilmän.
Dünýäniň işine soň düşünersiň,
Ýöne dünýä seni bilendir eýýäm.

Jahyllyk diýen zat erbet zat däldir,
Söýersiň, ýaýnarsyň, ömrüňden kemmän.
Hem-ä sen hemmäni tanajak borsuň,
Hemem sen gözünde duransyň hemmäň.

Kämillik diýen zat erbet zat däldir,
Oňa çen, elbetde, geçilen ýol bar.
Kämilmi ýa dälmi zerur çagyňda,
Şol ýola baglydyr bu günki dünýäň.

Garrylyk diýen zat erbet zar däldir,
Eger-de birneme janyň sag bolsa.
Allaň beren güni özüňden geçse,
Daşyňda-da agtyklaryň wag bolsa.

Ýaşamak diýen zat erbet zat däldir,
Başyň aladaly, işiň kän bolsa.
Hem rysgalyň bolsa günüň aýlara,
Hemem bir çümmüjek mertebäň bolsa...

Akmyrat Hojanyýazow
8
162
Greenleaf
31.10.2020 08:31
Sözüň agramyny ölçemez tonna,
Ölçemez güýjüni million kilowat,
Söz-ýalaňaç pikire gyrmyzy dondur.
Söz bar-kime şapbat,
Söz bar-kime bagt.

Dünýede iň beýik şypa şolaňky,
Şatlygmyzy siňdirýäris şolara.
Dünýede iň beýik jepa şolaňky,
Hasratymyz siňdirýäris şolara.

Söz- bu gazap bilen çakan ýyldyrym.
Söz- bu gyz näzidir, dürleň- dürüdir.
Başarmasaň- ol öçügsi ýyldyzyň,
Başarsaňam- lowlap duran Günüňdir.

Gurbannazar Ezizow
6
120
Greenleaf
30.10.2020 08:47
Iki zat erklidir ýeriň ýüzünde,
Olara erk eden bolmandyr heniz,
Birisi şaý-sepe beslenen gije,
Biri haýyr-şere beslenen gündiz.

Ýene bir iki zat erklidir juda,
Şolar bilen ýetýäs sapaly güne,
Birisi dünýäniň görki söýgüdir,
Biri bu dünýäniň gymmaty ene.

Ýene iki zadyň güýçlidir erki,
Olar gapy kakman geler her mahal,
Biri seniň üçin baş goýjak dostuň,
Beýlekisi başyň aljak şum ajal.

Gurbannazar Ezizow
8
214
Greenleaf
29.10.2020 07:53
Lukmanlara köpüräjik boş wagt,
Aşyklara köpüräjik hoş wagt.

Topragymyz ýarylmasyn, tozmasyn,
Sagat ne-hä ozsun, ne-de ozmasyn.

Goý delfinler gürläp bilse gürlesin,
Ýöne gürläp, dosta hile gurmasyn.

Jübüniň agramy manysyz bolsun,
Her kesiň päliniň wysaly bolsun.

Bagtyň paýlanşygy bolan wagtynda,
Artyk almaweri laýyk bagtyňdan.

Öýüňüzden myhman bary çykmasyn,
Gelinlerňiz gaşlaryny çytmasyn.

Azyrajyk bolsun çörek nobaty,
Köpüräjik bolsun kitap nobaty.

Gözüňiz jübüt bolsun, ýüzüňiz ýeke,
Bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter

Iň soňam bähbide bolmaňlar ýesir,
Penjire gaoysyz bir jaýa getir.

Ah, şu bolsadylaň bolan pursady,
Şahyram bir käse şerap içsedi.
4
165
Greenleaf
28.10.2020 19:17
Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:
Diriler ölüpdir. Diriler ölýä.
Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
Başga biri bolup inýär bu dünýä.

Beýle bolsa, kimkä meniň geçmişim?
Şahyrmykan? Aşykmykan? Ýa daýhan?
Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan
Hem gorkusu üçin çyn söze duşman?

Eger şahyr bolsa, meniň şygrymy
Özüm bolup menden gizlin okýandyr.
Ejez şygrym üçin saçlaryn ýolup,
Menligine ajy gözýaş dökýändir.

Eger aşyk bolsa, söýmediklerme
Söýýän diýenime ýanyp-bişýändir.
Ol meniň ruhumyň kazysy ýaly,
Öz päkligi bilen maňa duşmandyr.

Eger daýhan bolsa, toprakdan alyp,
Oňa bermeýänme tutýandyr için,
Hem onuň bir oňat dilegi bardyr
Topraga bir tohum atarym üçin

Indi bu ýaşlygym ötüşip barýa,
Etsemim bar bolsa, boldy bir çeni.
Gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan
Depämden seredip goýmaýar meni.

Dünýede çyn sözüň sarpasyn saklap,
Çyn söz üçin özüm ederin gurban.
Ýazsryn, söýerin, tohum seperin,
Razy bolar Şahyr, Aşyk hem Daýhan.

Ölsem, dogry sözüň şol duşmanyny
Inkär eden- meni öper bu ýerim,
Müň ýyl ötüp, ýene döräp, şol şahyr
Aşyk, daýhan bolup dowam ederin.

Yzyma seretsem, bir giden umman,
Pňüme seretsem, bir giden umman.
Geçmişiň öňünde uly bergim bar.
Geljegiň öňünde uly bergim bar.
5
231