Tümüň ýary penjirämiz kakyldy.
- Salam!
- Salam. Kim borsuňyz, eý daýy?
Myhman jogap berdi örän akylly:
- Menmi? Ajal.
Has dogrusy- Ezraýyl.
- Gaty oňat.
Geliň, geçiň, oturyň.
Size haýsy gerek: kofemi ýa çaý?
- Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.
Ol seniň janyňy saklar örän jaý.
- Bagyşlaň.
Siz ýalňyşýana dälsiňiz.
Meniň keselim ýok. Özümem juwan.
Belki jaý nomerim ýalňyşansyňyz,
Men-ä, walla hiç düşünip bilmeýän.
Ýok, jaý nomerin ýalňyşamok, ýok,
Men geldimmi- boş gitmäni halammok.
- Bilýän, ýöne meň ölesim gelenok,
Janym sagat, durmuşymdan nalamok.
- Sen ilkä aglama, soňam aldama,
Aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar.
Onsoňam bilip goý, her bir adama
Meniň saýlap-seçen bir perişdäm bar.
Ine seniň diýen sözleň barada,
Seredip gör, şunça Fakt gowuşdy.
- Niçik?- diçip sorajakdym, şobada
Bir kitap gütüläp öňüme düşdi.
Kitaby agyz däl, göz bilen iýýän,
Düşünýän arada bir ullakan syr:
Ýokarsynda meniň adym, familýam,
Iň aşakda bolsa " Ezraýylneşir".
Ýüregimde zat galmady hemleden,
Şol pursat ajalym ýakyn göründi.
Bu iş meniň bir kitaba jemlenen
Ölüm hakyndaky goşgularymdy.
- Ine, indi bildiň gerek, ýaş ýigit,
Neçün gelenimi tünüň ýarynda
Seniň ahy-nalaň ýüregim iýip,
Ýer tapmadym tünegimiň töründe...
Gurbannazar Ezizow.
dowamy bar