Dowamy
Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp,
Siz näme üçin beýle hala düşdüňiz.
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik,
Meniň halys ýüregime düşdüňiz.
Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňis bu dünýäniň ahyny.
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter,
Siz bir entek azar berňmäň ahyry.
Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy,
Gözelleriň ýelden ýeňil öýmesin.
Ýat ediň ölümi, çyn berbatlygy,
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin.
Eger, walla erkim bolsa özümde,
Taşlap şu kärimi allaowarra,
Ýaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde,
Guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra.
Meň baran ýerimde ýatýar şagalaň,
Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar.
Eger adam bolsa Allatagalaň
Meni beýle jeza etmezdi duçar.
Birden onuň gözlerine ýaş gelip,
Bolşy meniň jigerimi daglady.
Hasratdan müzzerip,
Bir gysym bolup,
Titräpler ykbalyndan aglady.
Dözmedim men ol pahyryň halyna,
Kärini unutdym bu şum apatyň.
Emaý bilen baryp onuň ýanyna,
Onuň bedibagt başyn sypadym.
Diýdim:- Besdir, bozulma sen, ýaşuly,
Men-ä halys höwrügäýdim seň bilen!
Köne ülpetler deý, köne dostlar deý,
Onuň bilen hümürdeşdik daňa çen.
- Äý- diýdi bolsa-da aralarmyz daş,
Içimi bir dökeýin diýip gaýtdym.
- Bir gören tanyş bor, iki - garyndaş,
Kyn günüňde geläýgin- diýip aýtdym.
- Ýamanlyga duşmaweri ylaýym.
Derdim egsiläýdi diýen sözüňden.
Siz bir işli adam .
Zyýan bermäýin.
Işläň!- diýip,
Sumat boldy gözümden.
Soňy