" Garaşmak diýen zat erbet zat däldir".
K. Gurbannepesow.
Çagalyk diýen zat erbet zat däldir,
Gülersiň, oýnarsyň, dünýäni bilmän.
Dünýäniň işine soň düşünersiň,
Ýöne dünýä seni bilendir eýýäm.
Jahyllyk diýen zat erbet zat däldir,
Söýersiň, ýaýnarsyň, ömrüňden kemmän.
Hem-ä sen hemmäni tanajak borsuň,
Hemem sen gözünde duransyň hemmäň.
Kämillik diýen zat erbet zat däldir,
Oňa çen, elbetde, geçilen ýol bar.
Kämilmi ýa dälmi zerur çagyňda,
Şol ýola baglydyr bu günki dünýäň.
Garrylyk diýen zat erbet zar däldir,
Eger-de birneme janyň sag bolsa.
Allaň beren güni özüňden geçse,
Daşyňda-da agtyklaryň wag bolsa.
Ýaşamak diýen zat erbet zat däldir,
Başyň aladaly, işiň kän bolsa.
Hem rysgalyň bolsa günüň aýlara,
Hemem bir çümmüjek mertebäň bolsa...
Akmyrat Hojanyýazow