Peýdaly maglumatlar
Aýtmasy yerine ýetirilenden has aňsat bolsa-da, özüni ynamly adam hökmünde görkezmek, garşyňyzdaky adamy sizi hormatlamaga mejbur eder. Sebäbi Adamlar ynamdar adamlary halaýarlar, sebäbi olary has ygtybarly, dogruçyl we özüne çekiji hasaplaýarlar.
1. Göz arkaly gürleşmekden çekinmäň!
Sosial aragatnaşygyň esasy düzgünlerinden biri göz bilen gürleşmekdir. Gözüň bn garşyňsaky adamy tâsirlemek ukyby psiholigiýada ginden ýaýrandyr. Sanalgy konutlar boyuça o kışın göz reňklerine üns bn seredin gaty içgin. Ýöne muny köp wagtlap etmekden saklanmalysyňyz. Çünki bu ýagdaýyň dyngysyz edilmesi öňüňizdäki adamda rahatsyzlyga sebäp bolup biler.
2. Beden diliňizi gowy ulanyň.
Garşyňyzdaky adamyň beden dilini gowy analiz ediň we zerur ýerlerde onuňka meňzeş hereketleri etmäge synanyşyň. Mysal üçin, öňüňizde dik duran adamyň gapdalynda gaty rahat oturmak, beýleki adamyň size çynlakaý garamagyny kynlaşdyrar.
3. Täze tanyşan adamlaryňyzyň atlaryny ýatdan çykarmazlyga we söhbetdeşlik wagtynda ulanmaga synanyşyň. Sebäbi köp ynsanlaryň bu durmuşda iň köp duýmak islän sözi hem öz atlarydyr.
Köpümiz ýaňy tanyşan adamlaryň atlaryny ýatdan çykarýarys we gaýta-gaýta soramaly bolýarys, bu täsirli aragatnaşyk üçin hakykatdanam ýalňyş. Gepleşigiň dowamynda wagtal-wagtal gürleşýän adamyňyzyň adyny ulansaňyz, ol adama özüni has möhüm ýaly duýdurarsyňz we olara gaty oňyn täsir eder.
4./. Gepleşýän wagtyňyz başga birine päsgel bermäň.
Başga bir adam siziň beren soragyňyza entek doly jogap bermedik bolsa, çykyşyny tamamlamazdan ozal ony kesmäň. Ine, şeýdip, oňa onuň pikirleriniň hem möhümdigini duýdurarsyňyz.
5. Kiçijik kömek soraň.
Geň galdyrýan ýaly, başga birinden sagat wagtyny soramak ýa-da başgada kiçijik kömekler sizi beýnisinde oňyn ýerde goýar.
6..Eger Aljyraňňy bolsaňyz, sakgyç çeýnemek peýdaly bolar.
Bir zat iýenimizde beýnimiz özüni howpsuz duýýar. Aljyraňňy bolsaňyz, sakgyjyňyzy çeynände has ynamly duýarsyňyz. Mundan başga-da, diňe gürleşmek däl-de, tanyşýan adamyňyz bilen agşamlyk naharyna çyksaňyz, olary has rahat duýup bilersiňiz.
7. Adamlar makullanmagy we muny garşyndaky birinden eşitmegi gowy görýärler. Garşyňyzdaky adamyň aýdanlaryny jemläň we munuň dogrudygyny tassyklaýjy sözler bilen ulanmaga synanyşyň. Bu, onuň aýdýanlaryna düşünýändigiňizi, alada edýändigiňizi we üns berýändigiňizi görkezýär.
8.Jemgyýetde bolsaňyz, adamlaryň gülýän zatlaryna düşünmäge synanyşmak, olary derňemegiň iň täsirli usuly bolar.
Jemgyýetdäki adamlar köplenç iň ýakyn adamlara gülýärler we reaksiýa bildirýärler. Şeýlelik bilen, kime has ýakyn we kimiň has uzakdadygyna düşünip bilersiňiz.
9. Makullamak üçin başyňyzy atyň.
Beden dili, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, adamlara gaty gowy täsir edýär. Gepleşýän wagtyňyz, beýleki adam bilen razy bolsaňyz baş atyň. Bu hereketi edeniňden soň, öňüňdäki adam muny özi bilmän gaýtalap eder.
10. Ilkinji ýa-da iň soňky gürlän boluň.
Esasanam iş söhbetdeşliklerinde hemmämiz ýatda galyjy (tasirli) bolmak isleýäris. Gözleglere görä, sözüň başynda ýa-da soňunda gürleýän adamlar iň ýatda saklanýan adamlar diýlip bilindi.
11. Başga adamyň size päsgel bermegine ýol bermäň.
Başga bir adam size gaty ses edip başlasa we size päsgel berse, sesiňizi çykarman gürlemegi dowam etdiriň. Şeýdip, ol geň zat edenine düşüner we özüni alyp barşyny düzeder.
12. Sorag beriň.
İlki tanyşan biriniň sizi halamagyny isleýärsiňizmi? Oňa özi hakda sorag beriň. Adamlar özleri hakda gürleşmegi gowy görýärler.
13. Ýok diýmekden gorkmaň.
Kimdir biri senden etmejek zadyňy sorasa, jogabyň ''ýok 'ýa-da' "Bagyşlaň" ýaly açyk bolmaly(olaryň sizden peydalanmazlygy üçn). Şeýle hem, 'ýok' sözüde bir jümledir. Onam ulanyp duruň