Gülhan
16.01.2022 20:39
Gyzykly PsiHolOgiKi Test. (Nämelerden geçip bilerdiňiz?!)

Özüňizi, nämeden geçip biljekdigňizi hemde, iň gymmatly zadyňyzy bilmek üçin bäş minut wagtyňyzy bu bölüme sarplaň.
 Netijelere... bu gysga hekaýadaky soraglara tüýs ýürekden jogaplar bilen düşündirilende geň galarsyňyz. Ilki bilen, soraga jogap bereniňizden soň, soragyň jogaplarynyň nämäni aňladýandygyna göz aýlaň.

 Başlalyň..

Özüňizi çölde göz öňüne getiriň. Bu çölde syýahat edýärsiňiz. Emma bu çölüň içindäki syýahatyňyzda ýeke dälsiňiz. Ýanyňyzda bäş haýwan bar.

 Bu haýwanlar: At, Maýmyn, Sygyr, Goýun, Ýolbars.

 Siz we ýanyňyzdaky haýwanlar çölden geçip barýarkaňyz, şertleriňiz gaty kyn, şonuň üçin çölden gaçmak üçin haýwanlaryň birini goýbermeli bolýaňz. Syýahatyňyzy dowam etdireniňizde ilkinji taşlan haýwanyňyz haýsy bolardy? (Soraga jogap bereniňizde islän logikany we nukdaýnazary ulanyp bilersiňiz.)

  At
  Maýmyn
  Sygyr
  Goýun
 Ýolbars

 Çölde syýahatyňyzy dowam etdireniňizde, size ýoldaş bolmak üçin bary-ýogy 4 haýwan galdy. Çöl gyzgyn ot ýaly ýanýar! Birnäçe kilometrlere uzap gidýär. Hemme ýerde gum bar. Başga haýwany taşlamaly. Haýsyny goýup bilersiňiz?

  At
  Maýmyn
  Sygyr
  Goýun
 Ýolbars

 Indi 3 haýwan galdy. Şeýle-de bolsa, syýahat henizem dowam edýär. Ýörediňiz, ýörediňiz, kyn bolsa-da ýöräp gitdiňz. Yssy, yssy .. Iň agyr şertler doly betbagtlyk .. Gözleýän oazisiňiz gurady! We yene bir haýwany terk etmekden başga alajyňyz ýok. Haýsy haýwany goýbererdiňiz?

  At
  Maýmyn
  Sygyr
  Goýun
 Ýolbars
 
Ýanyňyzda diňe iki haýwan galdy. Çöl yssysynda hakykatdanam ýadaw we uzak ýöräniňizden soň, çölüň geljekde gutarýandygyny görüp bilersiňiz. Gynansagam, çölden diňe bir haýwan bilen çykyp bilersiňiz. Haýsyny taşlarsyňyz we haýsysyny ýanyňyz bilen alarsyňyz?

  At
  Maýmyn
  Sygyr
  Goýun
 Ýolbars

 Bellik: Çöl kynçylyklary aňladýar. Haýwanlaryň hersiniň öz aýry aňladýan manylary bar. 

At - sönmeýän umyt, bizada bolan aşa dowamly isleg. Hyjuw ýagdaýny alan islegler.
Maýmyn - çagalaryň we ýakynlarňy aňladýa.
Sygyr - esasy zerurlyklarmyzy aňladýa.
Goýun - dostlaryňy aňladýa.
Ýolbars - özüňe bolan aşa beýik derejedäki buýsanjy aňladýa.

 Gysgaça aýdanymyzda, durmuşda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, olaryň birini gurban edýäris. Iň soňky saýlan haýwanyňyz siz oňa tutunmak arkaly başga ähli zady ýitirmegi hem göze alandygňyzy aňladýar.
13
93
Muhammet2108
17 Yanwar 2022
Elbetde säginmän jogap berýän:Ýolbars
ay_kiz_
17 Yanwar 2022
Menä goýuny saýladym😃
TKM.
17 Yanwar 2022
TKM.,son dushundim
TKM.
17 Yanwar 2022
Banucıcek, sheylerak oytyan
TKM.
17 Yanwar 2022
Banucıcek, 🤦🏻‍♂️🤦🏻‍♂️ senem yolbarsy goydunmy sonuna
gulshatayewa97
17 Yanwar 2022
At galdy maňa...🤗
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
16 Yanwar 2022
Menem Ýolbarsy saýladym😁
guli_
16 Yanwar 2022
At👏👏👏👏👏👍👍
TKM.
16 Yanwar 2022
Yolbarsy saylapdym welin indi men dine ozimi bilyamikam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.