Çağa arzy.
Ykbal çökeripdir iki omzumy,
Has kiçikäm ak-garany bilerden.
Meniň üçin şol gün-günleň ýowuzy,
Myhmanlar gelýärdi gaýra-illerden,
Girýädiler otagyna kakamyň,
Näme bolýar?!
Ağlaýan bar, gülýän ýok,?
Çağa soraglarma jogap tapmadym!
Göýä näme bolýanyny bilýän ýok..
Onýança-da ýüklediler kakamy,
Agaçdan ýasalan näbelli zada.
"Kakam nirä barýar?!" diýip soradym,
"Uzaklara işe!" diýdi bir adam..
Kakam öwredipdi sagbollaşmagy,
"Ýuwaşja ýylgyrda eliň salga!" diýip.
Kakamyň hem märekäniň yzyndan,
Ýylgyrdym-da iki elim galgadyp,
yzyma dolandym ....
Hakyt şol güni,
Boşadan ekenler, ýüregmiň törün,
A men üç ýaşymdan şu güne çenli,
Kakamyň gelerne garaşyp ýörün..
Meni çağa saýyp aldan ekenler,
Ömrüm-başdan, ýalan bilen ýapyrlan,
İndi bilýän,
Kakam siňip gidipdir,
Arasyna,.melemetik topurlaň ....
"Ağaç zat" diýýänim tabyt ekeni,
"İşe gidilýän ýer" - gabyr ekeni.
Kakaň soňky ýola ugraýan wagty,
Ýylgyrmak,
Düşünseň agyr ekeni .... (