Gülhan
16.01.2022 08:17
JAÑ ET MAÑA KÄTE, ÝALÑYŞAN BOL-DA..."

Jaň et maňa käte, ýalňyşan bol-da,
Öňüňden çykaýyn käte tötänden.
Bir pursadam bolsa, bagtly bolaly,
Geçeni kötekläp, ömri örtänden.

Özüň jinnek ýaly günäli saýman,
Ýazgar meni, ha erksiz, ha ýöwsel diý.
Ýöne sen bagyşla, bagyşlap bilseň,
Başym aýlan bu owadan dünýäde
Diňe bagtly bolunýandyr öýdenmi.

Kakamyrat REJEBOW.
19
99
Myhman Myhman
30 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
gulshatayewa97
16 Yanwar 2022
Jaň et maňa! Sensiz galyp gitmänkäm... Gozüm ýumup bu dünýeden otmäkäm
ay_kiz_
16 Yanwar 2022
👌👌👌👌👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.