Gülhan
10.01.2022 07:32
Sen hakda soňky gezek...

Sensiñ meni şahyr eden bu anyk,
Bu ukyby guýduñ ýeñil kelläme.
Kän ýazypdym seniñ yşkyñda ýanyp,
Ýangynsyz ýazmadym,
Peýdasy näme?!

Ýazjakdym sen hakda poema, roman,
Ýazdym.
Tragedýa öwrüldi bary.
“Seni söýýän” diýip eserde ýazman,
“Söýüpdim” diýlenniñ peýdasy barmy?!

Hawa ol peýdasyz, şonuñ üçinem,
Olaryñ ömüri bolmady uzak.
Ýazdym,
Ýyrtdym.
Ýazdym özüm üçinem,
Saklamak isledim ençeme gezek.

Urnuşlarym tamamlandy peýdasyz,
Öz içgi dünýäme ýetmedi güýjüm.
Indi ýaşatjak men ýüregmi sensiz,
Ol hem gezeginde görkezsin güýjün.

Sebäp ýadadym men soñsuz eserden,
Nesip,
Geljegi bar goşgular ýazjak.
Gutulyp bu agyr, elhenç keselden.
Indiki ömrümiñ rejesin düzjek

Bu gün ýüregimde iñ soñky günüñ,
Besdir oña parhsyz garap ýaşanyñ.
Oña saýlap, salyp, ajabyn gülüñ,
Söýen gezegimde söýlüp ýaşaryn.

Soñky gezek ýazýan sen hakda eser,
Sebäbi bu seniñ beren ukybyñ...
Dogry meniñ bolşum bu gün has ýeser,
Hoş gal!
Dowamyny etjek ukymyñ...
11
134
guli_
10 Yanwar 2022
👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏♥♥♥♥♥
Gülhan
10 Yanwar 2022
N.T.,YGurbanaly23, blmk 🤷🏻‍♀️

Zoluşka, hakyky (
ylham_gurbanaly
10 Yanwar 2022
Awtor?
zolushka
10 Yanwar 2022
Ýazmak isleýärsiň ýürek sözleriň. Ýöne olar setirlere sygmaýar. Ýüregiň od alyp ýanyşy deýin. Sözler düşündirip ýanyp bilmeýär😢😢 Gülhan ýöne şu goşguda duýgulary gowy beýan edilipdir brawo👏👏
N.T.
10 Yanwar 2022
👏👏👏👏👏👍👍👍👍awtory özüñmi?
gulshatayewa97
10 Yanwar 2022
ɮʊ ɢüռ ýüʀɛɢɨʍɖɛ ɨň sօňҡʏ ɢüռüň....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.