Gülhan
Gülhan
03.02.2022 06:56
Men seni görmedim, ýogsa ýyllaryň, Agyr sallançagy ýatyr arada. Ýöne men seň gözlerini ogşadym, Hyýalda kän sözledim, sen barada. Men seni görmedim, Ataş sowady. Ýogsa garaşypdym, duşjakdygmyza....
Gülhan
02.02.2022 21:50
Bir adam diýdi "Eý Hudaý gürleş meniň bilen". Bir guş jykyrdady agaçda. Emma adam duýmady.
Soňra adam gygyrdy: "Taňrym gürleş meniň bilen". We asmanda ýyldyrym çakdy. Emma adam diňlemedi ony. Töweregne seredip "Allahym seni görmegme ýol ber" diýdi. Bir ýyldyz parlady şowagt gök ýüzünde. Emma adam parh etmedi.  
We gaty ses bilen gygyrdyy "Allahym maňa bir gudrat görkez!!" Bir bäbek dünya indi bir ýerlerde. Yöne adam muny hem bilmedi. 
Ahyry çäresizlik içinde galyp, dillendi ýene-de.. "Gel ýanyma Taňrym, bu ýerdeligňi duýdur maňa, ýalbarýan!"  Şowagt adamyň egnine bir kelebek gondy, ýöne adam kebelegi eliniň tersi bilen uzaklaşdyrdy... (İçindäki ullakan gizlin many kime nähili bolup duyuldy?)

Beyhan.Budak.
13
84
Gülhan
Gülhan
02.02.2022 07:54
Içgysgynç birmeňzeş günler, Tanyş hem nätanyş ýüzler, Men ýene nätjegim bilmän, Otyryn... Aýak sesler, tanyş sesler, Tutupdyr aňymda mesgen, Wah, işlemem kän-le etsem, Otyryn... Wagtlaýyn bu
Gülhan
01.02.2022 23:14
"Ussatlar Otagy" (durmuşda üstünligiň syrlary)

Zähmet we göreş bilen sarp edilen ömür biderek sarp edilen ömürdir. Bu özleşdirilmedi. Hukuk berilmedi. Durmuş tejribesinde gymmatly zat zähmet we göreş däl, hereketdir. Hakyky ussat ömrüni göreş bilen geçirmeýär, hemme zady akly bilen dolandyrýar. Ussatlyk aň derejesidir. Durmuşy has ýokary derejede ýaşamak isleseňiz, munuň diňe ussatlyk bilen mümkindigini kabul etmelisiňiz. Baý, sagdyn we hilli durmuş üçin tälim bermeli ilkinji we ýeke-täk ugur, aň derejäňizdir. Hakyky ussat duýgularyň ussadydyr, olar duýgularny dolandyrmagy başarýalar. Olar duýgularyna ýeňilmez . Hiç hili emosional kynçylyklar çekmez. Ol başdan geçirenleri bilen duýgudan duýga geçmeýär. Hakyky ussat pul gazanmaga synanyşmaýar, baýlygy dolandyrýar. Hakyky ussat saglygyny bejermek üçin göreşmeýär, sagdyn ýaşamagy bilýär. Hakyky ussat söýgini ýitirmeýär. Bu kitap, aňy özleşdirmek isleýänler üçin täsirli we ökde başlangyçdyr. Näme etmelidigiň we ussatlyga barýan ýoluň esasy ýörelgelerini öz içine alýan “MASTERS KLASS” köpçülik üçin däl-de, taýyn adamlar (düşünýänler) üçin niýetlenen kitapdyr.
12
46
Gülhan
Gülhan
01.02.2022 00:08
Üç aýlar...🌼
Gülhan
Gülhan
31.01.2022 23:05
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken, Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet. Indi iýjek bolup bir döwüm çörek, Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet Kaka uly bolmak aňsat däl eken, Durmuşyň agramy asylýar çepden.
Gülhan
31.01.2022 22:46
Syýahat etmäne mertlik duýgyň barmydyr?

Niräkä bu syýahat?! We nämüçin mertlik?

Durmuşyňy düzýän ähli zatlary bir otağ hökmünde göz önüňe getirmegňi isleýärin. Bu otağ seniň durmuşyň nä derejede tertiplidigini anyklayar.
Bu gurşawdaky gereksiz zatlar, seniň bu ýerde hereketiňi çäklendirýär. Sağa çepe hereket etmek isleýärsiň, emma hereket eder ýaly ýer hiç galmandyr, her ýer zatdan doly. Öz özüňe sorag berýärsiň "näwagt alyp ýetişdimkä munça zady?!" diýp.

İne aslynda bu zatlar! Seniň durmuşyňdan çykarylmaly zatlar! Aslynda bu zatlar saňa zyýan berýän endikleri, düşünjeleri, hereketleri we hatda gatnaşyklarňy öz içine alýar(aňladýar). Ýyllar boýunça şeýlebir köp dürli zat toplapsyň welin, bugün durmuşyňy aňladýan bu Otağ "zibil" ýerine öwrülen ýagdaýda, saňa hereket etmäne hiç hili mümkinçilik berenok.

Durmuşyň garym-gatym artykmaçlyklardan doly ýagdaýda dur. İne meniň maksadym hem şul. Bu otagy arassalamak, tertibe salmak! Saňa gudratlardan söz açjak däl, men diňeje öňden bilýän zadyňy, ýöne durmuş ýollarynyň bir ýerlerinde unudan zadyňy ýatlatmaga çalyşjak. İlkinji ädim: bu artykmaçlyklardan doly otagyňdaky saňa zyýan berýän zatlara üns berip synla. Seni düýbe çekýän zatlary synladykça bugüne çenli nämüçin huzura gowuşmandygyň we hakyky potensialyň yüze çykarmandygyň parhyna bararsyň. Käwagt derman hökmünde durmuşňa kabul eden zatlaryň seni nähili zäherländigni görersiň. Bulardan soňra oçur saňa ýeter. Ýagny bu zatlaň baryny durmuşyňa geçirden saňa! İne şundan soň hakyky "üýtgemäni" duýarsyň. Ýagny özüňi üýtgetmäni!

Eğer taýýar bolsaň ýaşaýan "Otagyňy" (durmuşyňy) syýahat etmäne gidelimi?! :)

Beyhan Budak "Kendine iyi davran güzel insan"
14
44
Gülhan
31.01.2022 07:55
İr sagat 7:00, şowly duşenbe,
Sämän serim säher ýaly durlanan.
Daş işikde sazyn çalýar daň şemal,
Radioda-da "Durnalar"....

Guşlaryň däl, işe sary haýdaşýan,
Gulaga hoş ýakýar adamlaň sesi.
Edil şu ahwalda, edil şu günde,
Säherler döredýär ertä höwesi...

Täze güne gadan basan dünýäni,
Görmeseňde duýmak juda lezzetli.
(Meğer, sähel zada beğenmek üçn,
Durmuş meni -
Polýannanyň ykbalyna meňzetdi ...)

Başujuňda Kakaň otyr. Güneşem,
Gözlerine öz nuruny çaýypdyr.
(Şugün ol özüni iň bagtly kaka,
Menem iň bagtly Perzent saýypdym.)

Günlerime gözün dikýän täleýim,
Nazaryňy uzaklarda egläber..
Ýogsa-da gel.
Ýöne entek kakamyň,
Şu günki deý säherlerne degmäwer..
11
27
Gülhan
30.01.2022 21:38
Okaýan döwürlem iň uly lezzetlemden biri, özüme boş bir skameýka tapyp geçip gidýän ynsanlara tomaşa etmekdi ;). Dürli dürli ynsan geçýädi öňümden. Meselem: Bir-birine gas-gaty gujaklaşyp geçýän jübütler, ýüzünde durmuşa degişli hiç hili ýylgyryş bolmadyk ylgap-ylgap hemişe birzada ýetişmek üçin wagt harçlaýanlar, gussaly gamgyn şekilde ýalňyz gezýänler, gözleri parlap duran gülen ynsanlar... Özümçe bir oýun oýnaýadym. İçlerinden birisini saýlap, geýniş şekline, ýüzüne, edýän hereketlerne seretmek arkaly ol ynsanyň näme pikir edýänini, nirä gidýändigi hakda pikirler ýörederdim. Meniň üçin ynsanlary beýle dereje gözden geçirmek ynanylmyz lezzetlidi. Soňra öz islegim bilen hatda maşgalama hem garşy çykyp psiholog boldym. Öňden hobbi hökmünde edýän zadym indi çyndan kesbime öwrülipdi. ... Soňra psiholog hökmünde ynsanlary gözden geçirmäne başladm. Bir ynsanyň başyna gelip biljek iň uly kynçylykda, olara ýoldaşlyk etdim. Diňlänimde haýran galaýjak birnäçe hekaýalara şaýat boldym. Kimisi çagalygynda, kimisi ýetginjekliginde ýaşan bütin trawmalaryndan, bütin psihologik meselelerinden, gamgyn ruh halyndan halas bolmak isleýä. Köplenç ynsanlaň beýle ýagdaýa düşmegne başga bir adamlar sebäp bolýandyrlar. Beýle köp ynsanlar bilen işleşenden soňra şuny anyk aýdyp bilýärin "Ynsanyň iň uly goragçysy özüdir!". Beyhan Budak "Kendine iyi davran güzel insan"
19
115
Gülhan
Gülhan
30.01.2022 08:03
Hut şu güne çenli, henize çenli, Syndyrmandyň meniň umyt- ynamym. Ýeri, päk söýgime nobat gelende, Tükendimi täleý ýazýan galamyň?! Ýa-da halys ýakyn saýyp özüňe, Meni söýgüden-de gabandyňmy ýa? Gara