Gülhan
02.02.2022 21:50
Bir adam diýdi "Eý Hudaý gürleş meniň bilen". Bir guş jykyrdady agaçda. Emma adam duýmady.
Soňra adam gygyrdy: "Taňrym gürleş meniň bilen". We asmanda ýyldyrym çakdy. Emma adam diňlemedi ony. Töweregne seredip "Allahym seni görmegme ýol ber" diýdi. Bir ýyldyz parlady şowagt gök ýüzünde. Emma adam parh etmedi.  
We gaty ses bilen gygyrdyy "Allahym maňa bir gudrat görkez!!" Bir bäbek dünya indi bir ýerlerde. Yöne adam muny hem bilmedi. 
Ahyry çäresizlik içinde galyp, dillendi ýene-de.. "Gel ýanyma Taňrym, bu ýerdeligňi duýdur maňa, ýalbarýan!"  Şowagt adamyň egnine bir kelebek gondy, ýöne adam kebelegi eliniň tersi bilen uzaklaşdyrdy... (İçindäki ullakan gizlin many kime nähili bolup duyuldy?)

Beyhan.Budak.
13
84
Myhman Myhman
17 Fewral 2022
Psihologiÿa agam dogtarmy ya sen bagsymy
N.T.
2 Fewral 2022
Myrat2000(postyoka),howwa dogry aýdýañ
N.T.
2 Fewral 2022
asyl manysy IDEALLIDERiñki öýdýän men ýalñysh many çykarypdyryn🤦‍♀️
ideallider
2 Fewral 2022
Ol hemişe hemmeýerde biz bilen🤩👍
N.T.
2 Fewral 2022
Myrat2000(postyoka),postuñ manysynam sheylemika?
N.T.
2 Fewral 2022
Meñ pikirimçe meselem adam ýalñyz wagty,çäresiz wagty,işleri kynlaşan wagty , ýaman gununde Allany ýatlaýar ýa-da ondan kömek soraýar. Elbetde Alla her bir adamyñ dilegini esitýär we kabul edýär. Emma käbir adamlar shol dilegleriniñ hasyl bolmagyny Allanyñ saýasynda bolanyny görmeýärler(ynanmaýarlar diýsemem bolar),,özum etdm"diýen pikir döreýär. Manysy sheýlerakmika?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.