Gülhan
31.01.2022 23:05
Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.
Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden.
Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,
Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym "oýnajak däl! diýerdim.

Kerim Hally
12
45
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
1 Fewral 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻😑😑😑ýadan wagtym "oýnajak däl" diýerdim
Papatya...
1 Fewral 2022
Gowja gosgy eken cyndanam
MissBoss♕
1 Fewral 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
N.T.
1 Fewral 2022
Kaka uly bolmak añsat däl eken😔😔😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.