Men seni görmedim, ýogsa ýyllaryň,
Agyr sallançagy ýatyr arada.
Ýöne men seň gözlerini ogşadym,
Hyýalda kän sözledim, sen barada.
Men seni görmedim,
Ataş sowady.
Ýogsa garaşypdym, duşjakdygmyza....
Ýene ýyllar aýralyga äkider,
Duşarysmy, duşmarysmy, kim bilýär?!
Men bir zady bilyan: Söygiň şalygna
Öňýeten aşyklar girip bilmeýär.
Söýgi bilen girip bolýar behişde,
Topraga, ahwala, yşk derýasyna.
Söýgi bilen girip bolýan gapyny,
Aýdaýyn söygülim, sen sanasan-a...
Belki onuň bilen girip bolýandyr,
Aşyklygyň gursagyna bakylyk.
Onuň bilen girseň, kitap gatyna,
Kyssa, goşga gerek däldir çakylyk.
Söýgi bilen girip bolýar ýaşlyga,
Ol asyrdan-asyrlara sygýandyr.
Ol kuýaşa siňip, girse daglara,
Ýene bir gün daş astyndan çogýandyr.
Söýgi bilen wagtyň gözünde galyp,
Ýyllaň depesinde täç boluň, ýeňiň!
Söýgi bilen bir-biregiň ýüregne,
Kalbyna, sesine, sözlerine siňiň!..